T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Nargylyç Hojageldiýewiň ömri we döredijiligi



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə38/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Nargylyç Hojageldiýewiň ömri we döredijiligi.
(1936-2002)
Şahyr hem edebiýatçy Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň makalasy esasynda taýýarlandy.
Ýazyjy 1936-njy ýylda dogulýar. 1958-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetmiň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Ýazyjynyň zähmet ýoly «Edebiýat we sungat» gazetinde edebi işgärlikden başlaýar.
N.Hojageldiýew gazet işiniň daşyndan çeper döredijilik bilen ymykly meşgullanyp, birnäçe çuňňur mazmunly powestleri, gyzykly hekaýalary döredýär. Ol «Söýgi hesreti», «Meniň bagtym», «Gökdepe mukamy» ýaly ençeme hekaýalary, «Göreşe siňen ömür», «Tejen düzlerinde», «Yürege ýapyşmaga ýürek gerek» atly oçerkleri okyjylara hödürleýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, akademik Aman Kekilowyň belleýşi yaly, döredijilik ýolunyň ilkinji günlerinden başlap döredijiligi üçin häsiýetli zat, onuň hemişe gözlegdeligi bilen baglanyşykly häsiýet ýüze çykyp ugraýar. Yhlasly gözlegler we agtaryşlar onuň «Ahmyr», «Söýgi hesreti» ýaly powestleriniň, «Gökdepe mukamy», «Ýok, bu Sapa däl», «Ýürek owazy», «Meniň bagtym», «Sazanda» ýaly onlarça hekaýalarynyň döremegine getirýär. Ýazyjynyň onlarça oçerklerinde döwrüň in wajyp meselelerinden söhbet açylýar.
Nargylyç Hojageldiýew edebi tankytçy hökmünde-de birnäçe ýokary derejeli makalaryň awtorydyr.Ol munuň daşyndanam meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ömürleri, döredijilikleri barada edebi makalalaryň giden tapgyryny döretdi.
Dürli döwürde ýazylan çeper eserlere baha bermekde ýazyjy-şahyrlaryň ömürlerini, döredijiliklerini öwrenmekde ýazyjynyň Şaly Kekilow, Hajy Ysmaýylow, Ata Nyýazow hakda «Uruş gahrymanlary, edebiýat pälwanlary», Nurmyrat Saryhanow hakda «Edebiýat pälwanlary», Berdi Kerbabaýew hakda «Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy», Hydyr Derýaýew hakda «Mugallymlarymyz», Beki Seýtäkow hakda «Zähmete ýugrulan zehin», «Ussat», Ata Gowşudow hakda «Köpgyraňly zehin», «Ata Gowşudowyň sapaklary», „Çeper prozanyň ussady― ýaly onlarça makalalary edebiýaty öwreniş ylmyna uly goşant boldy.
Nargylyç Hojageldiýew döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryň metbugatda çap edilýän eserlerine, neşir edilen kitaplaryna ilkinjileriň biri bolup seslenerdi. Nargylyç aganyň Mämmet Seýidowyň «Goşgular» kitabyna ýazan «Yörelmedik ýoda bilen», «Meniň hazynam» goşgular ýygyndysy barada ýazan, «Şahyr hazynasy, il hazynasy», Ata Atajanowyň «Men size barýan» goşgular kitaby barada ýazan «Poemanyň sarpasy», Ogultäç Orazberdiýewanyň «Omrümiň säheri» atly powesti barada ýazan «Çagalygyň röwşen beýany», Ýylgaý Durdyýewiň «Ýaşyl yşyklar― powesti barada ýazan «Göwünleriň uçguny» atly onlarça edebi makalalary ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine okyjylar köpçüligmiň ünsüni çekmekde, olaryň döredijiliginiň kämilleşmeginde örän gymmatly bolupdy.
Ýazyjynyň «Meniň bagtym» hekaýasynda adamsy Batyry uruşda ýitirip, yzynda galyp, ýanýoldaşynyň ojagyny saklap oturan Dünýäniň ruhy dünýäsi açylyp görkezilýär.
Ýazyjy bu hekaýasynda, bir tarapdan, elhenç uruş ýyllarynyň adamlarynyň mertligini, edermenligmi açyp görkezse, ikinji tarapdan, şol nägehan urşuň görkezen güzaplaryny, çekdiren jebirlermi çeper teswirleýär, okyjylaryň kalplarynda urşa ýigrenç, parahatçylyga söýgi duýgularyny oýary'ar.
Ýazyjynyň «Gülle degen sünbüller» romanyndaky gahrymanlaryň ählisi agyr döwrüň keşigini çeken adamlar.
Obadaşlaryna ýagşylyk etmek, topragyň hasyllylygyny, bereketliligmi artdyrmak, ýaşlara hat-sowat öwretmek üçin ömrüniň aýny wagty janyny pida etmekden hem çekinmedik Orazgylyç, obadaşlary için malyny gaýgyrmaýan, paýhasly, gujur-gaýratly Gulgeldi, öz adamsyna wepaly, çagalaryna mähir, söýgi berip ýaşan, agyr urşuň güzaplaryny erkekler bilen bir hatarda asylly zähmeti bilen deň çekişen Soltan, zähmetsöýerlikde, kynçylyklary il-gün bilen deň çekişmekde hiç kimden pes bolmadyk, aýap saklan ähli serişdelerini fronta kömek üçm ugratmagy başaran Gylmyl han, çagalygyny garagollukda geçirse-de elmydama aň-düşünjeliligi, mertligi, gaýratlylygy, ile-güne ýaranlygy bilen tapawutlanýan, öz mähriban ýaryndan aýra düşüp, fronta gidip, gahrymanlarça wepat bolan Gylyç, syratly, edep-ekramly, işeňňir, mähriban ýaryna soňky demine çenli wepaly bolup aradan çykan gözel gyz Saçly, oýnamaly-gülmeli çagalygy urşuň gazaply ýyllaryna gabat gelip, ulular bilen bir hatarda dişdyrnak bolup tylda işlän kiçijik Daýanç, obanyň guwanjyna öwrülen, edil mert ýigit kimin urşa ugradylan, aldymly-berdimli söweşleriň birinde heläk bolan Gylyjyň algyr bedewi Kiçigyr bu romanyň özenini düzýän, täsirli hekaýatlary öz töwereklermde jemleýän, mertlikde, edermenlikde nusgawy gahrymanlar bolup hemişelik ýadyňda galýarlar.
Ýazyjynyň «Ene» romanynnda beýan edilýän hadysalaryň durmuşdan alnandygy, wakalaryň ýazyja tanyşdygy romanyň gyzykly, täsirli çykmagyna getiripdir. Eserde hereket edýän Aýnuram, Gulgeldem, Soltanam, Daýanjam, beýleki gahrymanlaryň käbirleri «Gülle degen sünbüller» romanynda-da duş gelýärler.
Ýazyjynyň «Ene» romanyny okap başlanyňdan, Watançylyk urşunyň elhenç ýyllaryna dolanyp, ejirli günleri gerdenlerinde çeken adamlar bilen ýüzbe-ýüz bolan ýaly bolýarsyň, urşuň görkezen agyr hupbatlaryny ýüregiň bilen syzýarsyň.
―Ene» romany diňe Aýnuruň däl, eýsem şonuň ýaly urşuň derdeserini çeken şeýle eneleriň ýüzlerçesiniň gören horluklarynyň, çeken bagyr awularynyň, muňa garamazdan, ýeňşe ynanyp görkezen mertliklermiň, gujurgaýratlarynyň çeper beýanydyr.
Nargylyç Hojageldiýewiň gündelik ýazgylarynyň esasynda döredilen «Bagyşla, ýarym» romanynda Daýanç Gulgeldiýewiň ýöredýän gündeligi romanda çeper beýana öwrülýär. Eserde iň kiçijik ýalňyşlygyň hem uly kynçylyga, hatda betbagtçylyga-da eitip biljekdigi hakdaky pikir romanyň mazmunyndan gelip çykýar. Mähriban ýary Bahary başyna deňeýän Daýanjyň öz päk söýgüsini goramak üçin alyp barýan göreşleri romanyň dartgynly wakalara baý bolmagyna, täsirli, şüweleňli okalmagyna itergi berýär.
1990-njy ýyldan başlap tä ömrüniň ahyryna çenli Nargylyç Hojageldiýew «Gökdepe» romanynyň üstünde işledi.
«Gökdepe» romany üç kitapdan ybaratdy. Şeýle uly taryhy romany çeper dilde ýazmak hem aňsat däldir welin, bu esere degişli taryhy maglumatlary toplamagyň hem özüne ýetesi azaby bardyr. Nargylyç aga ýurdumyzdaky kitaphanalarda, şeýle hem Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň kitaphanalarynda birnäçe ýyllap işläp, ençeme kitaplary okady, ýüzlerçe golýazmalary öwrendi. Ýazyjy «Gökdepe» romanynyň özenini düzýän «Gara Batyryň ejesi», «Garador», «Dykma serdar», «Dykma serdar göwünlik berýär», «Lebiz», „Ganojak», «Ahal-tekede», «Çopan batyrly», «Gijeki gözel» ýaly onlarça hekaýalary ýazdy hem-de ol eserler dürli ýyllarda metbugatda çap edildi.
Heniz dolulygyna neşir edilmedik «Gökdepe» romany diňe bir özüniň çeperçiligi, gyzyklylygy, özüne çekijiligi bilen tapawutlanman, eýsem sowet ýyllarynda gizlenilip gelnen, Gökdepe galasynyň başdan geçiren taryhy wakalary, türkmen halkynyň edermenligi, merdanalygy, baý taryhly geçmişi hakdaky hakykaty açyp görkezýändigi bilen hem örän ähmiýetli eser bolup, ol geljekde ylmy esasda çuňňur öwrénilmäge mynasypdyr.
Nargylyç aganyň XX asyr türkmen edebiýatynyň meşhur ýazyjysy Ata Gowşudowyň iki kitapdan ybarat, kyrk ýylyň dowamynda neşir edilmän saklanan «Perman» romanynyň üstünde işläp, bu eseriň çap bolup çykmagyna ömrüniň birnäçe ýylyny sarp etmegi-de, belli ýazyja sýlag-sarpasy bilen birlikde, onuň mukaddes Göklepe galasyna bolan çäksiz söýgüsi bilen hem baglanyşyklydyr. Bu meşhur «Perman» romany Nargylyç aganyň zähmeti, aladasy, yhlasy bilen 1988-nji ýylda neşir edilipdi.
Döredijilikde halypalyga ýeten Nargylyç aga ýaşlar hakdaky aladany öz döredijiligi bilen des-deň derejede goýýardy hem-de bu işi borjy hasaplaýardy.
Nargylyç Hojageldiýew watansöýüji ýazyjydy. Onuň her bir eserinden Watana bolan söýgüsi eriş-argaç bolup geçýärdi.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin