Berdi Kerbabaýewiň ömri we döredijiligi (1894-1974) Terjimehal maglumatlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, SSSR-iň Döwlet baýragynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Zähmet Gahrymany Berdi Kerbabaýew 1894-nji ýylyň 15-nji martynda Tejen etrabynyň Gowkuzereň obasynda orta daýhan maşgalasynda eneden bolýar.
B.Kerbabaýew dini kitaplary okamagy oba mollasyndan öwrenýär. Soňra ol Kaka, Tejen, Buhara medreselerinde birnäçe ýyl okaýar. B.Kerbabaýew arap we pars dillerini öwrenýär. Medresede geljekki ýazyjynyň Gündogaryň beýik şahyrlary Nowaýynyň, Fuzulynyň, Sagdynyň, Hafyzyn eserleri bilen tanyşmaklygy gözýetiminiň gidelmegine ýardam berýär, çeper edebiýat bilen gyzyklanmagyna höwes döredýär.
B.Kerbabaýew golýazma halynda eline düşen halk dessanlaryny, Magtymgulynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň eserlerini ürç edip okap başlaýar. Şeýle hem B.Kerbabaýew şol döwürde azerbaýjan, tatar dillerinde çykýan käbir gazet-žurnallaryň-da eline düşen sanlaryny okapdyr. Onuň şol gören-eşidenleriniň täsiri astynda özi hem uly bolmadyk şygyrlary düzmäge ilkinji sadaja synanyşyklary hem şu ýyllara degişlidir.
1919-njy ýylyň ahyrlarynda B.Kerbabaýew Zakaspi frontunyň syýasy bölüminde işleýän wagty Aşgabatda ilkinji mugallymçylyk kurslary açylypdyr. Geljekki ýazyjy syýasy bölümiň tabşyrygy boýunça Tejen, Kaka etraplarynyň obalaryna gidip, mugallymçylyk kurslarynda okamagyň peýdaly taraplaryny düşündirýär, öwüt-ündew işini geçirýär. Netijede B.Kerbabaýewiň tagallasy bilen kurslarda okamak üçin otuza golaý adam ýygnanypdyr.
Edara işinde gitdigiçe tejribesi artýan B.Kerbabaýewe administratiw wezipeleriň başga-da birnäçesini ynanypdyrlar. Ol etrabyň hem sebitiň bilim işleri boýunça ýörite wekili, Tejen wolost ispolkomynyň başlygy ýaly wezipeleri hem başarjaňlyk bilen ýerine ýetiripdir.
Aýaklanyp gelýän türkmen metbugatynyň ilkinji ädimleri hem B.Kerbabaýewiň zähmet ýoly bilen berk baglanyşykly. Ýazyjy 1924-nji ýylyň ahyrlaryndan başlap tä 1927-nji ýylyň sentýabryna çenli Aşgabatda täze açylan «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda zähmet çekýär. Gazetiň edebiýat bölüminiň müdiri wezipesinde işlemek bilen B.Kerbabaýew edebi döredijilik bilen ýakyndan meşgullanmaga, öz pikirdeşlerini tapmaga uly mümkinçilik gazanypdyr.
Gazet işine yhlasly ýapyşyp, barha kämilleşmegi B.Kerbabaýew üçin uly döredijilik mekdebine öwrülipdir. Ol türkmen metbugarynyň birnäçe neşirleriniň döredilmeginde hem uly işleri alyp barýar. «Türkmenistan» gazetinde işleýän döwründe ýazyjy «Tokmak» atly satiriki žurnaly neşir etmek işine yhlasly çemeleşýär we žurnalyň ilkinji redaktorlygyna bellenilýär. Ol «Türkmenistan» gazetinde, «Tokmak» žurnalynda işlemek bilen bir hatarda, «Daýhan» gazetiniň, «Pioner» žurnalynyň redaksiýalary bilen hem ysnyşykly aragatnaşyk saklaýar. B.Kerbabaýew bu ýyllarda ady agzalan gazet-žurnallaryň sahypalarynda tankydy häsiýetli goşgular, felýetonlar, uly bolmadyk hekaýalar bilen ýygy-ýygydan çykyş edip, döredijilikde barha kämilleşýär.
1927-nji ýylda B.Kerbabaýewiň Sankt-Peterburgyň (öňki ady Leningrad) Gündogary öwreniş institutyna okuwa girmegi ýazyjynyň bilimini, döredijilik tejribesini artdyrmak maksady bilen baglanyşykly. Ýöne saglyk ýagdaýy sebäpli okuwyny dowam etdirip bilmänsoň ýazyjy 1928-nji ýylda Aşgabada gaýdyp gelýär.
Soňky ýyllarda ýazyjy Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşigine onlarça ýyllap başlyklyk etdi.
Uly jemgyýetçilik ýşgäri, görnükli şahyr, prozaçy, dramaturg, terjimeçi hem publisist Berdi Kerbabaýew 1974-nji ýylda aradan çykdy.
Berdi Kerbabaýew türkmen edebiýatynyň taryhynda mynasyp orun alan, öwrenilmäge mynasyp söz ussadydyr.