T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə14/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Döredijilik häsiýetnamasy. A.Gowşudowyň edebi-döredijilik işi, esasan, ýigriminji ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlanýar. Onuň eserleriniň içinde azat söýgä degişli şygyrlar-da, peýzaž lirikasy-da, tankydy häsiýetdäki goşgular-da bardy.
Ata Gowşudow 1930-njy ýyldan soň proza eserlerini ýazmaga girişýär. Ol „Ýolumy düzetdim―(1934), „Azaşan yzyny tapýdy―(1935), „Watan ogly―(1939), „Gaýgyrylmajak jan―(1941), „Göroglyny çagalygy―, „Güni goltukda gizläp bolmaz―, „gandym awçynyň maşgalasy―, „Garrynyň rowaýatlary―, „Toý üstüne toý―, „Ýelli Ödäniň öýlenişi― ýaly hekaýalaryny ýazdy. Urşuň öň ýanynda bolsa „Juma― dramasyny döretdi.
1940-njy ýyla çenli ýazyjy onlarça felýeton, hekaýa, oçerk hem «Watan ogly» powestini ýazýar. Otuzynjy ýyllaryň başyndan uly epik eser ýazmaga — roman döretmäge girişýär. Ol 1941-nji ýylyň başlaryna çenli «Perman» atly taryhy romanynyň üstünde işleýär.
Beýik Watançylyk urşynyn başlanmagy bileň A.Gowşudow ikinji bir duýpli eserini «Mähri-Wepa» romanyny urşuň ýagdaýlaryna laýyk edip ýazmaga gönükdirýär.
Bu döwürde ol hakyky watançylyk ruhuna ýugrulan köp saply oçerkleri, hekaýalary, täsirli felýetonlary döredýär.
A. Gowşudow «Frontçy türkmen gyzy» (1945) oçerkinde ýokary bilimli lukman Saçly Dursunowanyň uruş ýyllarynyň frontlarynda bitiren asylly işlerini wasp edýär.
Ýazyjynyň «Gandym awçynyň maşgalasy» (1944) hekaýasy diňe ýazyjynyň döredijilik üstünligi bolman, uruş döwruniň türkmen edebiýa-tynda harby-watançylyk temasynda döredilen iň naýbaşy eserleriň biri boldy.
Hekaýada uruş döwrüniň iň agyr ýagdaýlarynda-da ruhubelentligi saklamagyň derwaýys zerurlygy baradaky mesele täsirli teswirlenilýär.
Gandym awçynyň urşa giden agtygy Myradyň dereksiz ýitendigi barada habar gelmegi bilen maşgalada galagopluk döreýär.
Myradyň ejesi Akjagül hasam özüni ýitirýär. Ol perzent dagyna çydam edip bilmeýär. Emma welin bu ýagdaý Gandym awçyny aljyratmaýar.
Ol gyssanman, özüni rastlandan soň näme wakanyň gopandygyny soraýar. Gandym awçynyň bu hili alňasamazlyk hereketlerinde türkmen ýaşulusynyň giňgöwrümlilik, parasatlylyk ýaly häsiýetleri mese-mälim duýulýar.
Gandym awçy eseriň dartgynly pursatynda merdana hem parasatly türkmen ýaşulysy hökmünde belent hyjuw bilen gürleýär:
«Duşmanlar üstüňe sürnüp, ýurduň bir ujundan alyp gelýän wagty... Şeýle ýakymsyz gopgun turuzmak aýyp dälmi? Utanç!...» Ýaşy segsene baran Gandym awçynyň çagyryşlary, edýän watançylyk hereketleri oba adamlaryna, ylaýta-da ýaşlara uly täsir edýär, olaryň watançylyk ruhuny göterýär.
Döwrüň talaby, Gandym awçynyň maslahatlary Akjagüli pugta oýlanmaga, ýagdaýdan degişli netije çykarmaga ugrukdyrýar.
A.Gowşudow «Mähri-Wepa» romanynyň esasyny 1939-njy ýylyň ahyrlarynda kesgitleýär we işläp düzýär hem-de onun birnäçe babyny urşuň öň ýanlarynda ýazyp gutarýar.
Urşuň başlanmagy bilen ýazyjy harby döwrüň talaplaryna laýyklykda, romanyn sýužet ýordumyny, şeýle hem ýazyp gutaran käbir bölümlerini üýtgedýär. Şeýlelik bilen ol «Mähri-Wepa» romanynda biziň halkymyzyň uruş ýyllarynda söweş meýdanlarynda we tylda görkezen gahrymançylygyny, sada adamlaryň mizemez agzybirligini, hakyky watançylyk duýgularyny suratlandyrmagy maksat edinýär.
Şeýlelikde, bu eser türkmen edebiýatynyň taryhyna häzirki zaman temasynda döredilep ilkinji realistik roman bolup girýär.
«Mähri-Wepa» romanynda front bilen tylyň bütewiligi, zähmet we front bilen bagly görkezilen gahrymançylyklar, edermenlikler öz beýanyny tapypdyr. Eserde baş gahryman Wepanyň çagalyk ýyllaryndan başlap Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezýän döwrüne çenli bolan möhüm wakalar barada söhbet açylýar.
Romanyň ilki başlaryndan başlap Mähri päk göwünli, ýoldaşlaryna mähriban okuwçy gyz hökmünde hereket edýär. Eseriň bütin dowamynda Mähriniň söýgä wepalylygy, päk söýgini belent tutmak häsiýeti juda çuňňurlyk bilen açylyp görkezilýär. Bu bolsa onuň keşbiniň terbiýeçilik ähmiýetini güýçlendirýär.
Ýazyjy «Dordepel» powestinde ganym duşmanlaryň garşysyna alnyp barlan ýiti göreşlerde türkmen halkynyň milli guwanjy bolan ahal-teke atlarynyň ýakyn ýardamyny, olaryň gözelligini hem ýyndamlygyny görkezmäge aýratyn üns beripdir.
Eserde wakalary başdan aýak gürrüň berýän Nyýazmyrat aganyň geçmiş baradaky täsin söhbeti arkaly türkmen bedewleriniň ajaýyp häsiýetleri açylyp görkezilýär. Talaňçy duşmanlardan goranmakda, olara berk gaýtawul bermekde türkmen bedewleriniň gerçek ýigitler üçin iň ýakyn ýoldaş bolandygy täsirli wakalaryň üsti bilen okyjynyň aňyna ýetirilýär.
Ýazyjy «Köpetdagyň eteginde» (1947-49) atly belli romanynda kolhoz obasynyň uruşdan soňky ýagdaýyny, zähmetsöýer oba adamlarynyň realistik obrazlaryny, olaryň belent ruhy sypatlaryny ussatlyk bilen açyp görkezmegi başardy.
Eseriň baş gahrymany Hoşgeldi watançylyk urşundan gelip, Moskwada oba hojalygy ugrundan ýokary bilim alýar we öz obasyna agronom bolup gelýär.
Hoşgeldi täzelikçi hökmünde ekerançylyga öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy, kolhoza guramaçylykly ýolbaşçylyk edilmegi, obanyň medeni derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda hereket edip başlaýar.
Eserde Hoşgeldiniň paýhaslylygy, maksada okgunlylygy, her hili adamlar bilen iş salyşmagy oňarýanlygy, sabyrlylygy, giň göwrümliligi okyjynyň göwnünden turýar. Söýgi meselesinde Hoşgeldi obadaş gyzy Bahary päk söýgüsi bilen çyn ýürekden söýýär.
Ýazyjy öz gahrymanlaryny dürli wakalaryň, garşylyklaryň jümmüşinde hereket etdirmek bilen olaryň häsiýetindäki güýçli hem-de asgyn taraplaryny gowy aýdyňlaşdyrýar.
A.Gowşudowyň «Perman» romany üstünden kyrk ýyl geçirilip, halka hödürlenendigine seretmezden, şu günüň okyjylaryny-da çuňňur gyzyklandyrmaga ukyply eserdir. Romanda türkmen halkynyň durmuşy, halk häsiýeti çuňňur hem dogruçyl, ýokary çeperçilikde öz beýanyny tapypdyr.
«Perman» romanynyň käbir bölümleri 1939-1940-njy ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilýär. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy romanyň üstünde işlemegini dowam etdirmän, başga eserlerini döretmegiň ugruna çykýar. Uruş tamamlanandan soň ýazyjy romanyny ýazyp gutarýar. Emma 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan aýylganç ýer titremesi zerarly romanyň bir kitabynyň golýazmasy ýitýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýew «Perman» romanynynyň ikinji kitabyny idäp tapyp, redaktirläp, onuň özbaşdak kitap bolup dünýä inmeginde öz zähmetini gaýgyrmaýar.
Eser tapylandan soň hem onuň mazmuny bilen doly tanyş bolmadyk adamlaryň nädogry çaklamalary zerarly roman uzak wagtlap, dolulygyna okyjylara ýetirilmedi. Ol tutuşlygyna «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1987-1988-nji ýyllardaky sanlarynda çykdy, 1989-njy ýylda bolsa kitap edilip neşir edildi.
Täsin ykbally «Perman» romanynyň üstünde ýazyjy uzak ýyllaryň dowamynda işleýär. Romany ýazmaga girişmezden ozal arhiw ýazgylaryny içgin öwrenýär, ýaşuly adamlaryň berýän gürrüňlerini diňleýär.
Iki kitapdan «Perman» romanynyň birinji kitaby Gökdepe urşunyň wakalary hakda söhbet açýar.
A.Gowşudowa çenli Gökdepe wakalary barada türkmen ýazyjysynyň ýazan zadyna gabat gelmek mümkm däldi. Bu ýagdaýlar Gökdepe wakalaryny, halkyň ol döwürdäki ruhy ahwalatyny aýdyň göz öňüne getirmäge päsgel berýärdi.
Ýazyjy «Perman» romanynda Gökdepe urşunyň wakarlaryna biçak seresaply, eserdeň çemeleşipdir. Ol öz garaýşyndan ugur alyp, aýylganç uruş parçalaryny, gandöküşikli wakalary ýanjap durmakdan saklanýar. Oňa derek dürli häsiýetli, dürli edim-gylymly, dürlüçe garaýyşly, dürli matlaply gahrymanlaryň özboluşly keşplerini açyp görkezmäge ýykgyn edýär. Wakalar gahrymanlaryň häsiýetlerini, psihologiýasyny açyp görkezmäge ýokary derejede hyzmat edýär.
Eserde Öwezmyrat batyr, Kany batyr, Garry batyr, Gara batyr, Perman, Gutlymyrat, Nepes, Ilmyrat, Stepan ýaly ýatda galýan obrazlaryň giden tpgyry hereket edýär. Eserde olaryň her biriniň özboluşly keşbi, ruhy dünýäsi juda beletlik bilen açylyp görkezilýär.
Romanyň baş gahrymany Öwezmyrat batyr halkyň sada wekili bolansoň, döwrüň hemme syýasy wakalaryndan dogry baş çykaryp bilenok. Ol Dykma serdaryň, Seýitmyrat begiň, Batyr hajynyň öz bähbidi üçin her zatdan gaýtmajagyny bilse-de, Hal Mollanyň kimdigini tanap bilenok. Onuň etmişini jan ýaly dosty Kany batyrdan görüp, onuň göwnüne degýär. Ýazyjy romanda halkara dostluk meselesine ünsi çekip, hiç mahal bir halk bilen beýleki bir halkyň arasynda duşmançylygyň bolmajakdygyny, olaryň päk ýürekli ogullarynyň her hili ýagdaýlarda-da umumy dil tapyp, ysnyşyp, dostlaşyp, ýakynlaşyp biljekdiklerini çyny bilen nygtap belleýär.
Milletleriň arasyndaky doganlyk-dostlugyň ajaýyp keşbini Öwezmyrat batyr bilen Stepanyň özara gatnaşyklarynda aýdyň görmek bolýar.
Romana ady dakylsa-da Öwezmyrat batyryň gyzyndan bolan agtygy Perman romanyň ikinji kitabynda hereket edip başlaýar. Ol ýaşlykdan ýetimligiň ejirini çekýär.
Perman romanyň bütin dowamynda juda parasatly, päk ýürekli, dogruçyl oglan hökmünde hereket edýär. Ol öz ýagdaýyna, özüniň kimdigine juda gowy düşünýär. Perman hiç kesi aldamaýar. Ol özüne meýil edýän gyzy – Jahany her näçe halasa-da, oňa bolan duýgusyny basyp ýatyrýar. Özüne erk etmegi başarýar. Gyzyň söýgüsine, teklibine parasatlylyk bilen garşy çykýar.
Perman ahyrynda gyzy alyp gaçmaga razy bolýar. Emma bularyň gaçmaga eden synanyşyklary duýlup, netije şowsuz bolýar.
Jahanyň öňki beren sözünde durup bilmezligi, hossarlarynyň gepine gidip, töhmet atmagy, hakykaty tersine öwrüp görkezmegi Permanyň işini has-da kynlaşdyrýar. Permanyň öweý kakasy Muhammetmyrat ahun bu ýagdaýdan soň hasam gylaw alýar.
Söýgülisini alyp gaçyşynyň şowsuz tamamlanmagy Muhammetmyrat ahuna Permany kemsitmek, iň soňunda-da öýünden kowmak üçin uly bahana bolýar.
Şowsuzlyga uçran Permanyň ruhy dünýäsinde ýüze çykýan gapma-garşylyklar, düsen kyn ýagdaýyndan çykalga agtaryşy, iň soňunda babasy Öwezmyrat batyrdan arka tapyşy täsirli beýan edilipdir.
Ýazyjy eserde orta atylan wakalary beýan edende, olary halk döredijiliginiň aňlatmalary, çeperçilik serişdeleri bilen berk utgaşdyrmagy ussatlyk bilen başarýar.
Çeper edebiýata jany-teni bilen berlen halypa ýazyjynyň zehin siňdirip döreden eserlerinde milli özboluşlyklar, ýiti çaknyşyklar we häsiýetler, türkmen durmuşynyň ajaýyp görnüşleri, halkymyzyň gahrymançylykly geçmişine bolan çäksiz guwanç ör boýuna galýar.
Ilkinjileriň hatarynda halkyň edebi mirasynyň öwrenilmeginde-de A.Gowşudowyň uly hyzmaty bardyr. Onuň işjeň gatnaşmagynda «Türkmen halk ertekileri», «Aýal-gyzlaryň aýdym we läleleri» ýaly dürli ýygyndylar çap edilip ýaýradylýar.
Ýazyjy türkmen halk döredijiliginiň we klassyky edebiýatymyzyň dürli meseleleri boýunça birnäçe makala bilen çykyş edýär.
Şol döwürde A.Gowşudowyň bitiren saldamly işleriniň biri-de, «Görogly» eposyny ilkinji gezek neşir edip çykarmagydyr.
Ata Gowşudow halkynyň gahrymançylykly geçmişini, milli gylyk-häsiýetlerini, däp-dessurlaryny, endiklerini, taryhyny, dilini, edebiýatyny, halk döredijiligini içgin bilýän ussat ýazyjydy. Ol düýpli eserler döredip, olarda halkymyzyň milli özboluşlylygyny, ajaýyp häsiýetlerini ussatlyk bilen janlandyrmagy başardy.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin