Nurmyrat Saryhanowyň ömri we döredijiligi (1906-1944) Terjimehal maglumatlar. Zehinli prozaçy Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ikinji Gökdepe obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär.
Nurmyrat ilki Aşgabat politehnikumyna okuwa girýär. Ol 1926-1928-nji ýyllarda «Türkmenistan» gazetinde ilki tejribeçi, soň edebi işgär bolup işleýär. N.Saryhanow Daşkentde žurnalistleri taýýarlaýan bir ýyllyk okuwy gutaryp, 1929-njy ýylda «Ýaş kommunist» gazetiniň redaktory bolup işe başlaýar.
Ol sekiz ýyllap goşun hatarynda gulluk edýär hem-de ―Gyzyl goşun‖ atly harby gazetde işleýär. N. Saryhanow ýedi ýyllap şu gazetiň işgäri, hem jogapkär kätibi bolýar. Ýazyjynyň dünýägaraýşynyň hem döredijilik stiliniň taplanmagynda onuň žurnalistlik işi uly ähmiýete eýedir.
Ýazyjy 1937-nji ýylda goşun gullugyndan gelenden soň Türkmen döwlet neşirýatynda redaktor, 1938-1941-nji ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynda edebi işgär, 1941-nji ýylda bolsa Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde maslahatçy bolup işleýär.
Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen ýazyjy gerçek ýigitlerimiz bilen bilelikde Watan goragyna çykýar. Ol 2-nji Ukrain frontunda söweşip, ukrain, moldawan topraklaryny faşistik basybalyjylardan halas etmeklige gatnaşýar.
N.Saryhanow birnäçe eserlerini dartgynly front ýagdaýynda döredýär. Ýazyjy döredijilik güýjüniň, zehininiň kämilleşen döwründe 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda frontda gahrymanlarça wepat bolýar. Ol Moldawiýanyň Bender etrabynyň Delakeu obasynda jaýlanýar.
Döredijilik häsiýetnamasy.N. Saryhanow «Gyzyl Goşun» gazetinde işlän döwründe goşun durmuşyndan «Atyjylyk üçin» (1933), «Iki ýyl» (1936) ýaly hekaýalaryny hem-de birnäçe çeper oçerkleri ýazýar.
Ilkinji ýyllarda ýazyjy «Arzuw», «Şirin» ýaly belli hekaýalaryny, «Soňky öý», «Giýew» ýaly hekaýalar toplumyny, «Gyrnak» powestini döredýär.
Watançylyk urşuna gitmezinden öň ýazyjy «Kitap», «Şükür bagşy» ýaly meşhur eserlerini döredýär. 1942-nji ýylda ýazyjynyň «Ýagtylyga çykanlar» powesti neşir edilýär.
N. Saryhanow birnäçe nowellalaryň hem awtorydyr. Ýazyjynyň «Arzuw», «Giýew», «Baýyň gahary» ýaly birtopar hekaýasy türkmen nowellasynyň ajaýyp nusgalarydyr.
Ýazyjynyň ―Şükür bagşy‖ powestidir ―Kitap‖ hekaýasy türkmen edebiýatyna uly abraý getirdi.
Elbetde, ýazyjynyň döreden eserleri, möçberi taýdan köp däl, ýöne çeperçilik gymmaty boýunça onuň döreden eserleri türkmen edebiýatynda ilkinji orunda durýar. Muny ýazyjynyň döwürdeşi ýazyjy Berdi Kerbabaýew hem tassyklaýar: ―Nurmyrat Saryhanow menden ýaşrakdy. Ilki batlarda ol maňa eýerjeň hökmünde ýazýardy. Soňra Saryhanowyň ýazan kitaby meniňkä garanda has güýçli bolup çykdy. Şol babatda men öz ýeňilenimi keýpihon boýun alýaryn. Käşgä şeýle ýeňişler köp bolaýsady!. . . ‖
«Kitap» hekaýasynda wakalar Welmyrat aganyň çeper keşbiniň üsti bilen ýaýbaňlanýar. Welmyrat aga gum içinde bir obada Magtymgulynyň goşgularyny agyr märekäniň uly höwes bilen diňläp, ondan lezzet alyp oturan pursadyna gabat gelýär. Ony özi-de diňläp, şahyryň öwüt-nesihatlaryna syny oturýar. Sol kitaby edinmegiň küýüne düşýär. Ahyrda-da ol maksadyna ýetýär. Bütin masgalasynyň eklenç üçin gözüni dikip oturan guba düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalyşýar.
Hekaýa gahrymanlarynyň gürrüň berýän ýürek gopdyryjy taryhy jemgyýetçilik hem-de milli ösüşiň taraplarynyň çylşyrymly suratyny açyp görkezýär. Milli häsiýetiň düýp mazmuny uly yhlas bilen, psihologik taýdan ynamly edilip, çuňňur açylyp görkezilýär.
Guba düýe berip, alan kitabyny gujagyna gysyp, öňe ýöräp barýan ýigit edil janly ýaly bolup okyjynyň göz öňüne gelýär. Ýaş ýigit Welmyrat sowatly däl, pukara, ýöne weli, ajaýyp şygryň gudraty onuň ýüregine jüňk bolýar.
Welmyrat aga sahyryň kitabynyň her sözüniň bir düýä degýändigini tekrarlap, söwdada bu ajaýyp kitaby elden giderenleriň utulandygyny ýürekden syzdyryp aýdýar.
Ýazyjy hekaýada beýan edýän wakasynyň okyjynyň aňyna bütin aýdyňlygy bilen ornaşmagy üçin, özboluşly gurluş tärini ulanypdyr.
Bu eseriň mazmuny hekaýa içinde hekaýa getirmek ýoly bilen beýan edilýär.
Welmyrat aga guba düýe berlip alnan kitabyň taryhyny aýdyp ugraýar. Eser şular ýaly yzygiderli hekaýa içinde hekaýa getirilip, ahyrda hem başdaky alymyň sözleri bilen jemlenýär.
Hekaýanyň dili halkyň gepleşigine ýakyn, ýönekeý hem sada dilde beýan edilýär. Onda gereginden artyk süýndürilen sözlemler ýok. Bu zatlaryň hemmesi hekaýanyň çeperçilik gymmatyny kesgitleýär.
«Kitap» hekaýasynda Welmyrat aganyň keşbi örän täsirli, dili özboluşly, janly bolup, öz häsiýetine laýyk gelýän dilde gürleýär. Baş gahrymanyň obrazynda türkmeniň çeper söze goýýan belent sarpasy jemlenendir.
Hekaýanyň ahyrynda şeýle setirler bar: ―Bu kitap – türkmen poeziýasynyň esasyny goýan Magtymgulynyň kitabydy…‖
Türkmen edebiýatynda kyssa žanrynyň düýbüni tutmakda, ony ösdürmekde uly iş bitiren ýazyjylaryň biri N.Saryhanowyň hekaýalary, powestleri türkmen edebiýatyny many-mazmun taýdan baýlaşdyrdy.
Ýazyjynyň döredijilik özboluşlylygyny häsiýetlendirýän iň esasy zat gahrymanlaryň içki dünýäsine çuň aralaşmagydyr. Ol durmuş wakalaryny gahrymanlaryň duýgusynyň üsti bílen beýan edýär.
«Şükür bagsy» powesti ýazyjynyň iň şowly eserleriniň biridir. Ýazyjy esasy gahrymanyň -Şükür bagşynyň oýlanmalaryny, hereketlermi beýan etmek esasynda sungat adamsynyň öz sungatyny watanyna, halkyna bolan çäksiz söýgüsi bilen baglylykda ýokary derejä göterip bilýändigini açyp görkezýär.
Eseriň many-mazmuny Şükür bagşynyň gowy häsiýetleri bilen berk baglylykda aýdyňlaşýar. Şükür bagşynyň halka ýakynlygy onuň saz sungatynyň-da halkylyk häsiýetiniň ýokary bolmagynyň, halka düşnükli hem-de täsirli bolmagynyň düýp çeşmesidir. Ýazyjy onuň sazynyň şeýle häsiýete eýedigini powestiň ençeme ýerinde nygtap görkezýär.
Eserde halkyň Şükür bagşa bolan çäksiz söýgüsi açylyp görkezilýär. Bu ýagdaý Şükür bagşynyň agasy eýran hanynyň eline ýesir düşende, ony boşatmak üçin üýşen oba adamlarynyň gep-sözünde, hereketinde has-da gowy ýüze çykýar.
Obadaşlarynyň ruhy ýardamy Şükür bagşynyň öz halkyna bolan söýgüsini, watançylyk duýgusyny has-da joşdurýar. Şükür bagşy öz sungatynyň güýjüne, gudratyna ynanýar. Ol eýran hanyna ýesir düşen doganyny öýüne üýşen obadaşlarynyň diýşi ýaly edip däl-de, özüniň saz sungaty arkaly gandöküşiksiz boşatmagy makul bilýär.
Bagşy Eýrana gidip barýarka, daglara syn edip, çuňur filosofik oýlanmalara berilýär. «Bagşy dagdan düşmekçi bolanda, ýurduna gaýtadan nazaryny aýlady. Gara baglar, obalar, süri-süri mallar, olaryň aňyrsynda görünýän Garagumuň depeleri... Nähili hezil! Nähili gözel!.. Bu ýurtdan çykyp, şu belent daglaryň üstünden aşyp, ýene-de ýurduna gaýdyp gelip bilýän ýigitler köpdür...»
Şükür bagşynyň öz ýurdunyň tebigyna bolan söýgüsi, öz halkyna bolan guwanç duýgusy bílen aýrylmaz baglylykda ýüze çykýar. Ol duýgular Şükür bagşynyň hut öz kalbynda sazlaşykly ösen. Ol zyndana düşen doganyny boşatmak üçin janyny-da gaýgyrmajak oba ýigitlerini neneň ýatlaman durup bilsin. Watanyň tebigy keşbi hem şol ýigitleriň keşbi bilen bilelikde Şükür bagşa has gözel bolup görünýär. Bu bolsa onuň watançylyk duýgusyny has-da galkyndyrýar.
Şükür bagşynyň ösen watançylyk duýgusy özüne we sazyna ýeňilmez güýç berýär. Hut şonuň üçin hem ol eýran hanynyň ýanyna baranda, özüni arkaýyn tutýar.
Şükür bagşy ýaryşda üstün çykýar. Watanyna, halkyna bolan çuňňur söýgüsi bilen ganatlanan belent ruhy onuň sazynyň hem Gulamyňkydan başga hili bolup, belent ýaňlanmagyna sebäp bolýar.
Şükür bagşynyň keşbi ajaýyp häsiýetleri özünde jemlän sungat adamsynyň türkmen edebiýatynda döredilen iň şowlularynyň biridir.
Eserde gahrymanlaryň gepleşikleri berlende, onuň bilen baglanyşykly olaryň owunjak hereketleri, ýüz keşbinde bolup geçýän özgerişleri-de suratlandyrylýar.
Hereket, duýgy, portret, peýzaž, dialog ýaly elementleriň bir-biri bilen şu hili berk baglylykda berilmegi eseriň many-mazmunynyň täsirli, kompozisiýasynyň çeýe bolmagyna ýardam edýär.
Gahrymanlaryň hereketleriniň suratlandyrylyş, sýužetiň beýan ediliş stilinde-de özboluşly häsiýetiň bardygyny bellemek gerek. Ýazyjy beýan edilýän pikiri has nygtamak üçin: «Sazanda saz çalýar. Başyny galdyrman çalýar. Dutaryň gapagyna zarp bilen urup, gahrymançylykly heňler çalýar...» diýen ýaly gysga sözlemleri yzly-yzyna getirip, eseriň içki dinamizmini güýçlendirip goýberýär.
N.Saryhanowyň 30-njy ýyllarda gudrat bolup dörän bu powesti türkmen edebiýatynda giň okyjylar köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazanan eserdir. Bu powest boýunça döredilen çeper kinofilm hem halkara kinofestiwalynda baýrakly orna mynasyp boldy.
N.Saryhanow aşa okumyş yazyjydy. Ol doganlyk halklaryň eserlerini ilki türkmençä terjime edilen görnüşinde okan bolsa, soň-soňlar rus dilini öwrenip, M.Gorkiniň, A.P.Çehowyň, A.S.Puşkiniň, L.N.Tolstoýyň eserlerini asyl nusgasynda okap başlaýar, olardan ýadawsyz öwrenýär. Käbirlerini türkmen diline terjime edýär. Çehowyň hekaýalaryny okap, N.Saryhanow bu yazyjyny ussatlyk mekdebi hasaplaýar.
Beýleki halklaryň edebiýatlaryndan öwrenmek bilen birlikde ýazyjy öz döredijiligini halk döredijiligi hem klassyk edebiýat bilen hem berk baglanyşdyrypdyr. Sýužetiň ýönekeýligi, halk dili, liriki mylaýymlyk ýazyjynyň halk döredijiliginden öwrenen sapaklarydyr.
N.Saryhanow aradan çykandan soň, eserleri ençeme gezek çap edilýär. Onuň eserleriniň birnäçesi Moskwada rus dilinde neşir edilip çykaryldy. N.Saryhanowyň eserleri ukrain, moldawan, azerbaýjan, gazak, latyş, täjik, ermeni, iňlis, bengal dillerinde hem çap edildi.
Görnükli ýazyjy N. Saryhanow bütin ömrüni, zehinini türkmen edebiýatyny ösdürmäge, baýlaşdyrmaga bagyşlady we hiç wagt könelmejek, kämil eserleri bilen türkmen edebiýatyny baýlaşdyrdy.