Döredijilik häsiýetnamasy. Ýazyjynyň Sankt-Peterburgda bolup, rus dilini öwrenmegi, rus ýazyjylarynyň eserlerini okamagy we çeper terjimedäki ilkinji synanyşyklary üçin amatly şert döredýär. Ýazyjy 1928-nji ýylda L.N.Tolstoýyň «Kawkaz ýesiri» atly hekaýasyny türkmen diline geçirýär. Hut şol döwürde ol hekaýa ýazmaga-da synanyşýar.
B.Kerbabaýew özüniň şol ýyllardaky döredijilik tejribesinde satira esli üns beripdi. Şol hili eserlerde awtor tankyt astyna alynýan obýektiň keşbini bermek üçin türkmen klassyky poeziýasynda ulanylan goşgy formalaryna, edebi tärlerine ýüzlenýär.
B.Kerbabaýewiň «Gyzlar dünýäsi» poemasy (1927) türkmen edebiýatynda sap şygyr bilen ýazylan ilkinji sýužetli eserdir. Poemada aýratyn häsiýetlendirilen gahrymanlar ýok. Awtor ady näbelli bir türkmen gyzynyň durmuşyny boýdan-başa beýan edýär. Emma eserde görkezilen gyzyň konkret atlandyrylmanlygy awtora öz gahrymanynyň içki dunýasini açyp görkezmäge we umuman poemanyň mazmunyny yzygiderli hem täsirli beýan etmäge päsgel bermändir. Şahyr köne jemgyýyetiň şertlerinde hasratly günleri başyndan geçiren türkmen aýal-gyzlarynyn aglabasyna mahsus bolan gözgyny ykbaly şol atsyz gahrymanyň obrazynda jemläpdir. Poemanyň gahrymanynda biz real durmuşdan alnan gyzlaryň häsiýetlerini jemleýän umumy bir türkmen gyzynyň obrazyny görýäris. Bu bolsa eseriň mazmunyna realistik häsiýet berýär.
B.Kerbabaýew bu ilkinji poemasyndan başga-da «Dakylma», «Ýaz möwsüminde bir gözel», «Kepän dodak», «Amyderýa» ýaly ençeme poemalary döredýär. Şol poemalaryň arasynda «Amyderýa» poemasy hasam möhüm ähmiýete eýedir. Poemada türkmen halkynyň Amyderýanyň bol suwuny teşnesirap ýatan Garaguma akdyrmak, mele suwuň gudraty bilen çöli janlandyrmak, ekerançylygy ösdürmek baradaky asyrlyk arzuwlary şahyrana teswirlenipdir.
Şahyr 1930-njy ýylda sähel salymdan has kämil masynlar dörär, onsoň Amyderýa bilen bas dalaşmak mümkin bolar diýlen pikirden ugur alyp, «Amyderýa» poemasyny ýazmaga başlaýar. Eseriň ýazylan zamanynda şeýle uly desganyň gurlusygyna baslamak mümkin bolmandyr. Ol geljegiň işi. Türkmen halkynyň, Türkmenistanyň suwa juda mätäçdigini, eger suw bilen üpjün edip bolsa, topragymyzyň altyn öndürip biljekdigini, durmuş ýagdaýynyň oňatlaşjakdygyny ýokary edaralara, täze jemgyýetçilige ýetirmek gerekdi. Berdi Kerbabaýewiň derwaýyslyga wagtynda düsünip, wagtynda şu eserini döretmegi onuň öňdengörüjiliginiň hakykata bap gelendigini aňladýar.
Bilşimiz ýaly, geçen asyryň ellinji ýyllarynda türkmen kanalynyň gurluşygyna başlanýar. Bu meselede eseriň hem hyzmatyny belläp geçmelidiris.
B.Kerbabaýew 20-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda özünin ilkinji dramaturgiýa we proza eserlerini döredýär.1926-njy ýylda B.Kerbabaýew özünin ilkinji drama eseri bolan «Tirýekkeş hem tebipler» pýesasyny ýazýar.
Ýazyjy ýigriminji ýyllarda, esasan, poeziýa žanrynda çykyş eden bolsa, otuzynjy ýyllarda proza žanrynda ymykly işläp ugraýar. Onuň «Baýram» (1934), «Batyr» (1935) ýaly powestleri, «Müdir» (1934), «Kim ýeňdi» (1936), «Adat dälmi?» (1936), «Nepes» (1935) ýaly hekaýalary otuzynjy ýyllaryň önümidir. «Aýgytly ädim» romanynyň birinji kitaby (1940) hem şol döwürde çapdan çykýar.
B.Kerbabaýew çeper tejime bilen hem ýakyndan meşgullanyp, L.N.Tolstoýyň «Hajymyrat», M.Gorkiniň «Ene», M.Şolohowyň «Göterilen tarp», E.L.Woýniçiň «Gögeýin» romanlaryny türkmen diline terjime edýär.
B.Kerbabaýewiň döredijillk gözýetimiiiň ösmegine SSSR Ýazyjylar birleşiginiň birinji gurultaýy, Türkmenistanda Ýazyjylar birleşiginiň döredilmegi we onuň birinji gurultaýynyň geçirilmegi hem uly goltgy berdi.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda B.Kerbabaýew «Arslan» (1941) hekaýasyny, «Watan gyzlaryna» (1942), «Komissar Geldiýew» (1942) ýaly oçerklerini, «Ak pamygym-ak altyn» (1942), «Fronta hat» (1942), «Sonanyň» (1943), «Moskwanyň ýalkymy» (1944) ýaly goşgularyny döretdi.
«Aýlar» poemasyny, «Gurban Durdy» powestini, «Öte eşiden öý ýykar» (1941), «Halk şahyry» (1941), «Kim kimi söýýär?» (1942) ýaly dramalaryny hem B.Kerbabaýew şu döwürde döredýär.
«Aýlar» poemasynda hem «Gurban Durdy» powestindäki ýaly waka iki planda berilýär. Ilki oba durmuşy, şoňundan bolsa front ýagdaýlary. Türkmen halkynyň, şol sanda türkmen gyzynyň-da Watany goramaga çykyşy barada täsirli gürrüň berýän ―Aýlar‖ poemasy realistik häsiýetiniň pesdigine garamazdan uruş ýyllarynda döredilen iri eserleriň biri hökmünde edebiýat taryhyna girdi.
Uruşdan soň B.Kerbabaýewiň edebi döredijiligi has-da kämilleşdi. B.Kerbabaýew «Aýgytly ädim» romany üçin 1947-nji ýylda, «Aýsoltan» powesti uçin 1950-nji ýylda Döwlet baýragy bilen sylaglanýar.
B.Kerbabaýew daşary ýurtlaryň ençemesinde bolup, şol ýurtlar hakynda ýol ýazgylaryny hem ýazdy. Bolan ýurtlarynda halklaryň durmuşy we gün-güzerany bilen gyzyklandy.
B.Kerbabaýew «Göterim», «Hüýrlukga-Hemra», «Watan ogly», «Magtymguly» ýaly birnäçe pýesalary döretmek bilen, türkmen dramaturgiýasynyň ösüşine hem goşandyny goşdy.
Ýazyjynyň «Aýgytly ädim» romany türkmen edebiýatynda ilkinji uly göwrümli eserdir. Eserde Oktýabr rewolýusiýasy we raýatlyk urşy döwründe türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen özgerişler suratlandyrylýar. Roman türkmen dilinde dört gezek neşir edildi. Ol SSSR halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilip, çapdan çykdy. Roman daşary ýurt dilleriniň hem ýigrimisine terjime edildi. Türkmen edebiýatynyn dünýä arenasyna çykmagynda romanyň ähmiýeti örän uly boldy.
B.Kerbabaýew «Aýgytly ädim» romanynyň üstünde uzak ýyllar irginsiz zähmet çekýär. Turkmenistanda Oktýabr rewolýusiýasy, raýatlyk urşy döwründe bolup geçen taryhy wakalary, halkyň durmuşyny, arhiw materiallaryny, beýleki çeşmeleri çuňdan öwrenýär. Ýazyjy romany ýazmaklyga ýigriminji ýyllaryň ahyrynda girişýär. Ondan käbir bölekler 1935-nji ýylda «Aýna we Artyk» diýen at bilen «Söwet edebiýaty» žurnalynda çap edilýär. Roman tutuşlygyna 1949-njy ýylda çap edilýär. Romanyň täzeden işlenen doly nusgasy 1955-nji ýylda neşir edilýär.
Bütewiligine alnanda romanyň täzeden işlenmegi onuň peýdasyna bolmandyr. Partiýanyň buýruk beriji görkezmeleri boýunça ýazyjy özüniň ynsabynyň garşysyna gidip, käbir meselelerde nädogry, syýasatlaşdyrylan garaýyşlary öňe sürmeli bolupdyr. Eziz hana hem-de onuň bilen bagly wakalara degişli düzedişleri ýazyjy öz erk-islegine tabynlykda etmändir. Seýlelikde, ýazyjy ýokardan berlen görkezmelere laýyk etjek bolup, Eziz hanyň hem onuň bilen bagly wakalaryň hakykata laýyklyk derejesini gowşatmaga, synpylaşdyrmaga kaýyl bolupdyr.
Dörediliş taryhynda şunuň ýaly nädogry çemeleşmeleriň bolandygyna seretmezden «Aýgytly ädim» romany uly edebi hadysa bolup, türkmen edebiýatynyň taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Ol diňe ýazyjynyň özüniň ussatlygyna açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem bütin türkmen edebiýatyny-da uly belentlige çykardy.
Ýazyjy gymmatly eseriniň dili barada çynlakaý aladalanyp, onuň häzirkizaman türkmen edebi diliniň kämil nusgasynda beýan edilmegini gazanypdyr. Eseri okanyňda onuň diliniň örän baýdygy hem kämildigi, halkymyzyň dil baýlygynyň ähli öwüşgünlerini özüne jemleýändigi, tutuşlygyna romanyň ýokary çeperçilikde ýazylandygy okyjyny çynlakaý özüne çekýär.
Romanyň birinji kitabynda türkmen obasynyň Oktýabr rewolýusiýasynyň öň ýanyndaky ýagdaýlary, 1916-njy ýylda Tejende bolan gozgalaň hem onuň şowsuz gutaryşy baradaky wakalar özüniň çeper beýanyny tapypdyr.
Ýazyjy romanyň birinji kitabynda rewolýusiýanyň öň ýanyndaky türkmen obasynyň keşbini, dürli gatlaklaryň, toparlaryň pikir-hyýallaryny, isleg-arzuwlaryny, garşylyklaryny janly wakalaryň, çeper obrazlaryň üsti bilen suratlandyrmagy başarypdyr.
Romanyň ikinji kitabynda 1917-nji ýylyň fewral buržuaz rewolýusiýasy netijesinde ak patyşanyň synmagy, Oktýabr rewolýusiýasynyň ýeňşi hem Sowet hökümetiniň gurluşy baradaky sýužet liniýasy alnyp gidilýän bolsa, üçünji kitapda raýatlyk urşunyň wakalary çeper teswirlenipdir.