Otur belgisi Otur belgisi şu aşakdaky ýerlerde goýulýar:
1. Giriş sözler we sözlemler otur bilen aýrylyp görkezilýär: "Diýmek, gowy adam bolmak özgä däl, öňi bilen, özüňize zerur" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama); "Elbetde, Ýaradan gudratlydyr" (şol ýerde); "Men ýeke çagym, köplenç, eziz käbämi ýatlaýaryn" (şol ýerde); "Men, ertekilerdäki goja kişi ýaly, ähli keselimden gutulýaryn" (şol ýerde).
2. Yüztutma sözler otur bilen tapawutlandyrylyp görkezilýär: "Eý, eziz ildeşim, mähriban halkym. buýsanjaň başyňyzy belent tutuň, ruhubelent boluň, gadamyňyzdan uçgun syçiadyp geziň, siziň ajaýyp döwletiňiz bar!" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama); "- Haý, gyzym, agzybirligi goýup, hanjak gideýin" (şol ýerde).
3. Jogap sözler otur arkaly aýratynlanyp görkezilýär: "- Hawa, men akyl-huşumy aldyryp, muňa üns bermändirin" (Turkmen gündogary. 29.12.2001);"- Ýok, ol beýle däl..."; "- Ýok. beýle zat bolup bilmez".
4. Ümlükler otur bilen aýrylýar: "Bay. sen-ä uly is bitiripsiň"
(A-Durdyýew. Saýlanan eserler); "Wah, inim, beýle boljagyny men näbileýin. Wah, ýaňyja-da bardy. Päheý, näheý, oňard-ow" (şol ýerde).
5. Deňdeş agzalar öz baglanýan sözlerini bir tarapdan aýyklanlarynda, olaryň arasynda otur goýulýar: "Turkmen, tapawut goýmazdan, ähli adamlar bilen dogruçyl boimalydyr, kezzaplyk etmeli däldir, ýalan sözlemeli däldir. göriplik etmeli däldir, utanjaňlyk. ýumşaklyk. mähremlik oňa ýaraşýan ahlak sypatlaryndandyr" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).
6. Deňdeş agzalaryň şeýle hem düzmeli goşma sözlemleriň arasynda "we, hem, -da // -de, bilen, emma, ýöne, weli, ýogsam, bolmasa, ýa // ýa-da, kä // käte, ne // ne-de, -dyr // -dir" ýaly baglayjy serişdeler ulanylýarlar. Şulardan "we, hem, bilen, -dyr // -dir, ýa // ýa-da, kä // käte" baglaýjylary gelip, birden artyk gaýtalanmasa, olaryň arasynda otur goýulmaýar.
"-da // -de" baglaýjysy ýekelikde ulanylsa-da, gaýtalanyp ulanylsa-da, otur goýulýar, ýekelikde ulanylyşy: "Demirgazykdan gara bulut geldi-de, güýçli ýagyş ýagdy".
gaýtalanyp ulanylyşy: "Geçen bagtyýar ýyllaryň dowamynda ýurduň içinde-de, daşynda-da Beýik Serdarymyza düşünmedikler, onuň syýasatyna müňkürlik edenler, öz bähbitjikleri, gara nebisleri üçin il-günüň, Watanyň bähbidine hyýanat edip ynarnyny ýere çalanlar hem boldy" (Turkmenistan. 28.11.2001).
"Adamkärçilik bitewi bir düsünje bolup, onda mertlik-de, gaýrat-da, lebiz-de. dogruçyllyk-da, halallyk-da, adalat-da jemlenendir" (Turkmenistan. 31.12.2001).
"Hem, ýa//ýa-da, ne//ne-de, kä/käte." baglaýjylary gaýtalanyp ulanylanda, otur goýulýar: "Ol ne suw, ne-de saman"; "Pikiriň-niýetiň hem halal bolsun, sözüň, hem halal bolsun, işiň hem halal bolsun. Dine şonda hakyky halallyk kemala geler" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama); "Bir görseň-ä şat, bir görseňem gamgyn" (G.Gurbansähedow. Toýly Mergen); "Ýa lal otur, ýa dür saçgyl"
(Magtymguly. Saýlanan goşgular); "Emma indi Gyrmyzy ne-hä soraga jogap berýärdi, ne-de, başyny ýaýkaýardy" (B.Hudaýnazarow Suwuň ysy); "Arkaç mukamynyň" tahyş äheňi gapydan kä çykyp kä girip byzbydyklap ýören Şekil ejäni-de duran ýerinde dolduryp goýdy" (şol ýerde).
"Emma, ýöne, ýogsa, bolmasa" baglaýjylaryndan öň "welin" baglaýjysyndan hem son otur goýulýar: "Elli ýyldanam köp wagt geçdi emma mähriban ejemiň ýylgyryşlary şindizem gözlerimiň öňünde" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama); "01 haýat ýene bolar, ýöne ol indi palçykdan däl-de, göm-gök öwüsýän daragtlardan bolar" (şol ýerde); "Uly geplemek günädir welin, öz güýjüne ynanmazlygam är kişä gelişmeýär" (N.Jumaýew. Welaýat); "Wah, Bähbit sowatsyz-da, ýogsam ony welaýat ýolbaşçylygyna çekerdik" (şol ýerde); "Bu ülkäniň, adamlary aýratyn myhmanparaz, ýöne bu häsiýetiň sap adamkärçilikden gelip çykýan bolmagy-da mümkin welin, ýürekgysdyryjy cola durmuşyň etdirýän oýny bolmagy-da ahmal (B.Hudaýnazarow. Suwuň ysy).
7. Eýerjeňli goşma sözlemlerde eýerjeň sözlem bilen baş sözüň arasynda otur goýulýar:
eýerjeň sözlem baş sözlemden öň gelse, eýerjeň sözlemiň soňundan otur goýulýar: "Pakyry mundan beter horlamaýyn diýip, men ýylgyrdym" (B.Hudaýnazarow. Akar suwuň aýdymy); "Goçgarow üçin adam näçe peýdaly bolsa, şonça-da onuň bahasy beýgelýärdi" (NJumaýew. Welaýat);
eýerjeň sözlem baş sözlemden son gelse, eýerjeň sözlemiň öňünden otur goýulýar: "01 işe baranda halyçy gelin-gyzlar geňirgendiler, çünki bu gün olaryň gözüniň öňünde duran düýnki şadyýan Bahar däldi" (A.Gowşudow. Köpetdagyň eteginde);
eýerjeň sözlem baş sözlemiň ortasynda gelse, onda onuň iki tarapyndan hem otur goýulýar: "Mugallym, okuwçylar gelendir öýdüp, mekdebe gaýdypdy".
8. Eýerjeň sözlem baş sözlem bilen "sebäbi, çünki, ýagny" ýaly baglaýjylar bilen baglanyşanda, otur şol baglaýjylardan öň
goýulýar: "Pökgen hem son ol barada gürrüň etmedi, çünki şol wagt gelip girenler gürrüňiň arasyny üzdüler" (A.Gowşudow. Köpetdagyň eteginde); "Annaguly sölpi at şundan galypdy, ýagny ol geýen eşigini, balagynyň uçguryny, çarygynyň bagyny oňarman süýräp, hopul-sopul gezerdi" (A.Durdyýew. Saýlanan eserler); "Dostluk beýik zatdyr, çünki ol adamy ruhy-aň ýalňyzlygyndan halas edýär..." (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama): "Beýik hemişelik bolup bilmez, sebäbi ol bir ýerde dump bilmeýär" (şol ýerde).
9. "Diýip", "öýdüp" baglaýjylary arkaly eýerjeň sözlem baş sözlem bilen baglanyşsa, olaryň yzyndan otur goýulýar. "Käte-käte geplejek gepimi tapamok diýip, ozal boýun alypdym" (B.Hudaýnazarow. Akar suwuň aýdymy).
Eýerjeň sözlem öz baglanýan sözüniň öň ýanyndan gelende, baglaýjyly ýa baglaýjysyz baglanyşýanlygyna seretmezden, eýerjeň sözlem bilen baş sözlemiň arasynda otur goýulmaýar: "Bu işeňňir gyzymyz başga bir oba gidäýmeli bolarmyka diýip gorkup ýördüm, hernä ýene öz obamyzda galdy" (A.Gowşudow. Köpetdagyň eteginde);
"diýen" sözi bilen baglanyşýan eýerjeň sözlemlerden, şeýle hem başganyň gepinden son otur goýulmaýar: "Dogrusy, ol bu saparky haýyşymy artykmaç görer diýen howatyrym bardy" (B.Hudaýnazarow. Akar suwuň aýdymy); "Kate gazetlerde diýmedik zadyňy hem diýdirip ýazaýýarlar diýen gürrüň bar" (şol ýerde); "Olar günorta çölden kanal geçirmek mümkinçiligi ýok diýen netijä gelipdirler" (şol ýerde).
10. Giriş sözi şekilinde ulanylýan "ýeri, tersine, hany, umuman, esasan" ýaly sözleri hem otur bilen aýryp ýazmaly diýlip görkezilýär: "Umuman, ilatyň ýüzden bäş bölegini başga milletiň wekilleri tutýar" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama); "Ygally, boz toprakly demirgazyk ýurtlarda, esasan. mymyk ösümlikler ösýär, emma howasy yssy, gurak Gündogarda ähli ösümlikler diýen ýaly tikenlidir. Ygally, boz toprakly Demirgazykda ir-iýmişler turşy, hatda gawuna-da şeker sepip iýmeli, tersine, yssy, gurak Gündogarda ähli miweler bal ýaly" (şol ýerde).