Nokatly oturyň ulanylýan ýerleri 1. Baglaýjysyz goşma sözlemleriň düzümine girýän ýönekel sözlemler belli bir derejede özbaşdaklygyny saklanda, beýlek^ sözlemlerden nokatly otur bilen aýrylýar: "Gum tozaýar, oba ýazlaga göçýär; ýene-de şu gola göçüp gelýär" (N.Saryhanow. Saýlanan eserler).
2. Sözlemde deňdeş agza bolup gelen düşünjeler öz içlerinde belli birmeňzeşlikleri,ýakynlyklary, tapawutlydyklary boýunça deňdeş agzalaryň beýlekilerinden tapawutlanýarlar. Yazuwda şuny görkezmek üçin hem nokatly otur goýulýar: "Gyz-gelinlerdürli-dürli otlary ýygyp, ýene belent-belent alaňlaryň üstüne çykdylar; ýüzlerini şemala tutuşyp, töwerege syn etdiler...".
Keseçyzygyň ulanylýan ýerleri 1. Sözlemiň baş agzalarynyň arasynda grammatiki taýdan berk baglanyşyk bolmasa, olaryň arasynda keseçyzyk goýulýar: "Halkyň ýoly - Hakyň ýoly" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama); "Turkmen halkynyň tugy - ary-namysy" (şol ýerde); "Bu - bir tarapdan" (şol ýerde).
2. Iki sany wagt, orun ýa san görkezýän sözüň arasynda keseçyzyk goýulýar:
"Türkmenabat - Atamyrat"; "Sanjar-Bitaraplyk".
3. Deňdeş agzalary jemleýän söz yzdan gelende, jemleýji sözden öň keseçyzyk goýulýar: "Seljuklar hem Magtymguly, osmanlylar hem Görogly- bular bir-birinden bihabarýaly-ha görünýän däldir?" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).
, 4. Baglaýjysyz goşma sözlemleriň düzüm böleklerinden aňlanylýan pikir özara deňeşdirilende, bir-birine garşylykly goýlanda ýa-da birinji böleginden aňlanylýan pikiri ikinjisi düşündirende, bularyň arasynda hem keseçyzyk goýulýar:-"Gozel garrar - sünbül gider / Agaç garrar- bilbil gider" (Nakyllar we atalar sözi).
5. Giriş sözlemleri sorag, ýüzlenme we sorag-ýüzlenme heňinde aýdylyp, esasy sözlemin ortasynda gelende olar keseçyzyk bilen esasy sözlemden aýrylyp ýazylýar:
"Ata-babalarymyzyň öňünde men-menlik etmek, olaryň atmak niýetim ýok - Hudaý saklasyn! - ýöne Oguznamalaryň döwründen tapawutlylykda Ruhnamanyň döwri taryhy özakymlylygyü däl-de, taryhy döredijiligiň döwrüdir" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).
6. Başganyň gepi gepleşik görnüşinde berlende, köplenç, keseçyzyk bilen setir başyndan ýazylýar:
"- Adamlaryň ymtylmazlygy lazym bolan närseler nämedir? -diýip, Buzurgmehrden sorapdyrlar:
01 şeýle jogap beripdir:
- Näkesleriň öwgüsini eşitmezlik, namart kişilerden umyt etmezlik" (Turkmen gündogary. 29.12.2001).
7. Eger başganyň gepi awtoryň sözi bilen "diýip", "diýen", "diýdi" ýaly sözler bilen baglanyşýan bolsa, onda başganyň gepinden son, baglaýjy sözlerden hem öň keseçyzyk goýulýar:
"Gyzym, meniň barmaly ýerim köp, name baýlyk gerek bolsa, dile, men gitmeli - diýipdir" (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).