T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Türkmen edebiýaty uruşdan soňky döwürde



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə12/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Türkmen edebiýaty uruşdan soňky döwürde. Beýik Watançylyk urşy şanly ýeňiş bilen tamamlanandan soň halkyň agzybirlige, doganlyga we jebislige bolan uly ynanjy has-da berkedi, bu ýeňiş olary parahatçylyk ugrundaky görese we täze zähmet edermenliklerine ruhlandyrdy. Bu galkynyş türkmen edebiýatynda, ilkinji nobatda, dörediji ýaş işgärleriň sanynyň artmagyna we edebiýatymyzyň ýaşuly wekilleriniň çeperçilik ussatlygynyň has kämilleşmegine, olaryň döredijilik äleminiň giňelmegine getirdi.
Uruşdan soňky ýyllarda halk şahyrlary Ata Salyh, Durdy Gylyç, şonuň ýaly-da tejribe toplan zehinli ýazyjy-şahyrlarymyz B.Kerbabaýew, G.Burunow dagy bilen bir hatarda B.Seýtäkow, D.Haldurdy, A.Gowşudow, A.Durdyýew, G.Seýitliýew, R.Seýidow, A.Kekilow, T.Esenowa, B.Soltannyýazow, P.Nurberdiýew, R.Alyýew, Ý.Nasyrly, K.Işanow dagylar türkmen edebiýatynyň hakyky keşbini döredipdiler. G.Gurbansähedow, H.Ysmaýylow, A.Çarygulyýew we başga ýazyjydyr şahyrlar hem täze döredijilik gözleglerine berlipdiler. Hasymguly Gurbanow, Guseýin Muhtarow, Bekge Purliýew, Ata Atajanow, Mämmet Seýidow, Anna Kowusow ýaly ýaş zehinler edebiýata gelipdiler.
Uruşdan soňky döwrüň poeziýasynda giň orun alan harby temadaky eserler aldym-berdimli söweşler wagtynda ýazylan eserleriň üstüni ýetirip, bu ugurdaky eserleriň galereýasyny baýlaşdyrdy. Frontçy şahyr P.Nurberdiýewiň «Ädigimiň ýoly» (1946) goşgusy türkmen poeziýasynyň uly üstünligi boldy. Söweşiji şahyr Aşgabatdan geýip giden ädiginiň Berline çenli geçen ýoly hakynda gyzykly söhbet açýar. Edebiýatda dunýä halklaryny faşizm zulumyndan halas eden azatlyk esgeriniň edermeligini, geçen söweşjeň ýoluny teswirlemek iň möhüm meseleleriň birine öwrüldi.
Azat zähmeti wasp etmekde B.Kerbabaýew, G.Seýitliýew, R.Seýidow, A. Salyh, N.Annagylyç, Ata Köpek Mergen dagylar bada-bat seslendiler. A.Kekilow, Ç.Aşyrow liriki poeziýa ýüzlendi. P.Nurberdiýew, A.Atajanow türkmen topragy, onuň zähmetsöýer ynsanlary barada şahyrana owaz bilen gürrüň berse, jahankeşde şahyrlar R.Alyýewdir A.Kowusow daşary ýurtly zähmetkeşleriň ykbaly barada, olaryň aladalary, arzuw-islegleri, hakynda söz açdylar.
Uruşdan soňky ýyllarda H.Gurbanow, K.Gurbannepesow, M.Seýidow, A.Haýydow, Ş.Borjakow, J.Ilmyradow, D.Baýmyradow, B.Hudaýnazarow ýaly zehinleriň hasabyna türkmen poeziýasynyň wekilleriniň hatary barha artyp ugrady.
Liriki poeziýanyň uly ussady R.Seýidow garagum derýasynyň gurluşygyna gatnaşýan dürli milletleriň wekilleri barada-da, çöl içindden akyp gelýän derýany synlap çöňňelen gözlerine ynanmajak bolýan gumly goja hakynda-da ýazdy, tarp ýerleri özleşdirip söýgülisini gezelenje çagyrýan ýaş daýhanyň romantik durmuşyndan hem söz açdy. R.Seýidowyň «Awçy, atma jereni» (1954) diýen belli goşgusy şu döwrüň önümidir.
Adygan şahyr A.Kekilow bu döwürde liro-epik kysymly «Söýgi» romanynyň birlnji kitabyny okyjylara hödürledi. Öndürijilikli işläp, ençeme şygyr bilen birlikde, Türkmenistanyň ilkinji Döwlet Senasynyň tekstini döretdi. Türkmenistanyň gazanan ösüşini çeperçilik bilen görkezýän bu taryhy dokument poeziýamyzy hasam kämillige tarap alyp gitdi.
Bu ýyllarda sowet ýyllarynda gazanylan üstünlikleri taryplamak bilen bir hatarda, durmuşy gülala-güllük edip görkezmek derejesine çenli ýetilen ýagdaýlaryň bolandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Poeziýa «konfliktsizlik» teoriýasy täsir edip, ençeme eserler şol täsirden üzňe bolup bilmänligi üçin ideýa-çeperçilik taýdan gowşak çykdylar. Şahsyet kultunyn täsiri hem şu döwrüň poeziýasyna köp taraplaýyn zyýanly boldy.
Uruş oduny tutaşdyrjak jeňbazlara garşylyk bildirip, şahyrlarymyz A.Kekilowyň («Biz parahatlyk isleýäris», 1951), P. Nurberdiýewiň («Uruş oduny, ýakan ýanar oduna», 1951), G. Seýitliýewiň («Ýaşasyn adamlara guwanýanlar», 1950) şahyrana lirasy berk göreşe gönükdirildi. Atom güýjüne däl-de, adam güýjüne ynanýan şahyr G. Seýitliýewiň poeziýasynda parahatlyk temasy, bir görseň jeňbazlara geçmişiň sapaklaryiy ýatlatmak ýoly bilen beýan edilse, başga bir ýerde ukudaky çaganyň rahatygyny goramak ýaly meseläniň üsti bilen öz beýanyny tapýar.
Ýatyr şirin ukuda gül meňizli bir çaga,
Hiç kimiň haky ýokdur oň ukusyn bozmaga!
Zenan şahyrymyz Towşan Esenowanyň «Gündogar aýallaryna açyk hat» (1949) eserinde dünýäniň eneleri parahatçylygyň hatyrasyna mukaddes göreşe çagyrylýar. Hindi zenanyna, arap jenanyna, eýran gözeline hem Gündogaryň azatlygy ugrunda göreşýän gaýry halklaryň aýal-gyzlaryna ýüzlendirilen bu ―Hatda― türkmen enesiniň parahatçylyk ugrundaky aladalary teswirlenilýär.
Uruşdan soňky ýyllarda A.Atajanowyň söýgi lirikasy has-da kämilleşýärdi. Onuň liriki gahrymany päk söýginiň mertebesini belent tutmak ýaly pikirleri uly many-mazmuna eýlenipdi. Şahyryň „Alma ýene gülleýär―, „Türkmenistanyň bahary―, „Iki poema―, „Lirika― ýaly ýygyndylarynda esasy orny söýgi lirikasy eýeleýär.
Uruşdan soňky türkmen poeziýasynda basnýa eserleri hem döredildi. Bu aýratyn hem halk şahyrlary A.Salyhyň hem N.Annagylyjyň döredijiliginde işlendi.
Bu döwürde Ata Salyh özüne meşhurlyk getiren «Ýolbars we tilki», „Kädiniň gülküsi― (1946) ýaly basnýalaryny döretdi.
Ellinji ýyllaryň başlarynda türkmen şygryýetine gelen Mämmet Seýidow, Allaberdi Haýydow ýaly şahyrlaryň döredijiligi hem kem-kemden kämillige tarap ümzük atyp ugrady. M.Seýidow şygryýetinde köplenç epika ýykgyň etse, A.Haýydow lirika ýüzlenýär. Pagtaçydyr daýhanyň, işçidir talybyň durmuşyna ýüzlenýän şahyr köplenç ýaş ynsanlaryň duýgusy barada söz açýar.
Türkmen şygryýetinde uly meşhurlyk gazanan K.Gurbannepesowyň gürrüňi edilýän döwürde döreden „Iki „Aýterek―, „Meniň gözlerim bile―, „Ömrümde bir gezek ýalan sözledim― ýaly şygyrlary onuň şygryýetiniň şahyrana keşbini aýdyňlaşdyrdy. Onuň söýgi temasyndan, esgerlik durmuşyndan hem-de watançylyk temasyndan döreden şygyrlarynda şahyryň özgelere meňzemeýän edebi ýoly gözüňe ilýär.
Edebiýatyň uruşdan soňky döwürde iň görnükli eserleriniň biri bolan, suw meselesine bagyşlanan, bäş bölümden ybarat „Ganly saka― (1948) poemasy şahyr Çary Aşyrowyň poeziýadaky ilkinji şowly ädimleriniň biridir.
Bilşimiz ýaly Beýik Watançylyk urşy ýyllary Russiýadan ylmy we döredijidlik guramalaryň birnäçesiniň Türkmenistana göçürilip getirildi. Munuň özi tejribe alyşmakda türkmen dörediji intelligensiýasynyň ösüş ugruna oňaýly täsirini ýetiripdi. Çeper edebiýatyň proza ugruna hem hut şeýle bolupdy.
Bu döwürde çeper prozadan türkmen diline onlarça eserler terjime edildi. Görnükli rus ýazyjylary M.Gorkiniň, L.N.Tolstoýyň eserler toplumlarynyň onlarça tomy türkmen diline geçirildi. Şol eserleri B.Kerbabaýew, B.Seýtäkow, B.Soltannyýazow, B.Gurbanow, G.Gurbansähedow, Ý.Nasyrly ýaly ýazyjylarymyz terjime etdiler. Şahyr Ç.Aşyrow hut şol döwürde proza eserlerini terjime etmäge hasam yhlasly çemeleşmegi soňlugy bilen onuň proza žanryna geçmegine düýpli täsir etdi. Ç.Aşyrow esasan N.W.Gogolyň eserlerini türkmen diline terjime edipdi.
Şeýlelikde, türkmen edebiýatynda şu döwürde prozanyň kämil derejä tarap ýola düşmegi rus klassyklaryndan edilen terjimeler bilen gös-göni baglanyşyklydyr.
Uruşdan soňky döwrüň türkmen prozasynda häzirki zaman temasy esasy ýörgünli tema hökmünde giňişleýin goldaw tapdy.
Mysal üçin, prozaçy A. Gowşudow baryp Beýik Watançylyk urşy başlamazdan hem ozal döwre we parahatçylykly zähmete bagyşlap, «Mähri-Wepa» diýen romany döretmegiň hysyrdylary bilen ýaşaýardy. Esere degişli materiallaryň ýygnalyp gutaran pursatynda ýowuz urşun başlanmagy bilen ýazyjy şol eseriň meýilnamasyna täzeden seretmeli boldy. Uruşdan soňky döwürde hem ol dikeldiş döwründe durmuşyň çeper beýanyny berýän «Bahar-Hoşgeldi» diýen romanyny döretdi.
Döwrüň sosial meselelerine bagyşlanyp döredilen proza eserlerinden B.Kerbabaýewiň «Aýsoltan» powestini we «Nebitdag» romanyny, B.Seýtäkowyň «Döwürdeşler», «Moskwanyň ýalkymy» powestlerini, «Başa-baş söweş», «Ogul sowgady», «Ýeňmek we ýeňilmak» ýaly hekaýalaryny, G.Gurbansähedowyň «Gar», «Mirabyň düýşi» hekaýalaryny, P.Nurberdiýewiň B.Purliýewiň A.Gurbanowyň ençeme hekaýalarydyr oçerklerini görkezmek bolar. Bu eserlerde uruşdan soňky döwürde Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşi, pagtadan we beýleki oba hojalyk önümlerinden bol hasyl almak ugrundaky göreş, tehniki progrese bolan ymtylyş, maldarçylyty ösdürmekdäki jan aýamazlykly zähmet çeper teswirlenipdi .
Aşgabatda bolan apatly ýer yranmasy hakynda ýazyjy B.Kerbabaýew dessine «Aşgabat» (1949) diýen hekaýasyny döredip, bu elhenç hadysa barada soň-soňlar hem dörediljek eserleriň başyny başlady. Ýazyjynyň «Aşgabat» hekaýasynda Tokaryň we onuň söýgülisi Şekeriň janyna ilki bolup, rus gyzy Tatýana ýetişýär.
Ýazyjy bu eserinde halklaryň doganlyk-dostlugynyň güýjüniň islendik bela-beteri ýeňip üstün çykmaga ukyplydygy baradaky ideýany öňe sürýär.
H.Ysmaýylow «Iki atanyň ogly» (1946) powestinde hem adamzadyň geljegi ýaş çaga bolan mähir halkara doganlyk-dostlugy röwüşinde özüniň ajaýyp beýanyny tapypdyr. Ýazyjy H.Ysmaýylow bu powesti üçin çeper eserleriň bäsleşiginde baýraga mynasyp bolupdy.
B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň çapdan çykarylmagy türkmen edebiýatynyň ösüp, has kämillige ümzük atanlygynyň subutnamasy boldy.Bu roman öz döwründe SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy.
A.Gowşudowyň «Iň soňky arçyn» eseri edebi tankyt tarapyndan iň gowy powestleriň hataryna goşuldy. Bu eseri bilen ýazyjy özüniň döredijilik zehininiň kämilleşendigini subut etdi. Ýazyjynyň «Dordepel» powesti hem çeperçilik babatynda ýokary orunda durýar.
Bu döwürde türkmen ýazyjylary halkara temasyndan hem eserleri ýazmaga girişdiler. G.Kulyýewiň «Köpetdagyň aňyrsynda» diýen powesti bu eserleriň ilkinjileriniň biri hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şu wagta çenli daşary ýurt temasyndan türkmen edebiýatynda şunuň ýaly eser ýokdy.
Uruşdan soňky ýyllarda ep-esli tejribe toplan B.Kerbabaýew nebitçi işçilere durmuýyna, iş-aladalaryna bagyşlap döredilen «Nebitdag» romanynyň ilkinji nusgasyny tamamlan hem bolsa, ol eser 1957-nji ýylda çap bolup çykypdy.
Döwrüň prozasynda özüni zehinli ýazyjy hökmünde tanatmaga ýetişen Naryman Jumaýew özüniň birnäçe hekaýasy, ylaýta-da «Akmaýanyň ýoly» (1958) diýen taryhy temada ýazylan powesti bilen has-da tapawutlandy. Ýaş ýazyjynyn bu eseri türkmen prozasynda taryhy temada döredilen eserleriň ilkinjileriniň hatarynda türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi.
Beýik Watançylyk urşundan soňky döwrüň başlarynda B.Seýtäkow köp sanly goşgulary bilen bir hatarda ençeme oçerk we hekaýany («Oba hekaýalary» (1948) ýazdy, «Kitabyň dostlary» (1950) powestini döretdi. Onuň şu döwürde ýazan eserleri proza aýgytly gadam basandygyny görkezdi. Ýazyjy G.Gurbansähedowyň döredijiliginde hem şoňa meňzeş täzelikler ýüze çykdy. Ol şygyr ýazmagyny dowam etmek bilen birlikde, proza eserlerini döretmäge girişdi.
Aýdylanlary umumylaşdyrsak, uryşdan soňky döwrüň prozasy öz döwrüniň ruhy bilen dem aldy. Halkymyzyň şu günki durmuşyny hem geçen taryhy-rewolýusion ýoluny çeper eserlerde görkezmek türkmen prozasynyň baş meselelerine öwrüldi.
Aýal-gyzlaryň täze-täze obrazlaryny döretmekligiň başlangyjy hem edebiýatymyzda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda goýuldy. A.Kekilowyň «Söýgi» (1946) romanyndaky Ogulnabadyň obrazy köpleriň ýüreginde ýer eden şeýle obrazdyr.
Bu döwürde türkmen dramaturgiýasynda hem ajaýyp sahna eserleriniň birnäçesi döredildi. Şunuň bilen birlikde-de dramaturgiýada kämil sahna obrazlarynyň giden tapgyry kemala geldi. G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» dramasyndan Allan aga ýaly obrazlar uly terbiýeçilik hyzmatyna eýe boldy. G.Seýitliýew we G.Muhtarow tarapyndan bilelikde döredilen «Çopan ogly» pýesasynyň özünde şeýle obrazlaryň birnäçesi döredildi.
Dramaturg G. Burunow halk döredijiligi eserleriniň motiwinge librettolar ýazmakda uly tejribe toplady. Onuň «Leýli-Mejnun» librettosy sahnada gowy orun aldy we 1955-nji ýylda türkmen sungatynyň Moskwada geçirýlen ongünliginde hem tomaşaçylara hödürlenip, gowy baha mynasyp boldy.
G.Muhtarow bilen G.Seýitliýewiň librettosy esasynda sahnada goýlan «Bagbanyň gyzy» (1948) komediýasynda döwürdeşlerimiziň erkana durmuşy barada gürrüň berilýär. Bagban bilen onuň aýaly zýmanamyzyň bagtly garrylary. Olaryň gyzy Maral alymlyk derejesine ösüp ýetişipdir. Maralda adamkärçiligiň gowy häsiýetleri bar. Ol zähmeti gowy görýär. Kiçi göwünli, ýüregi päk, ulumsylyk diýlen zady bilenok.
G.Muhtarowyň «Jemal» atly bir perdeli drama eserinde zähmetsöýer türkmen gyzynyň şol ýyllarda ýeten derejesi we durmuşda tutýan orny barada gyzykly gürrüň berilýär.
Bir perdeli pýesalaryň temasy dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Olaryň arasynda şäher durmuşynyň, kolhoz obasyiyn köp dürli meselelerine, daşary ýurt wakalaryna, şol ýerdäki işçileriň ösýän aň-düşünjelerine bagyşlanyp ýazylan eserler bar.
Ýöne entek şol döwürde ýazylan bir perdeli drama eserlerinde entek ýetmezçilikler köpdi. Obrazlaryň saýlanyp alnyşynda-da, olaryň işlenişinde-de, gahrymanlaryň diliniň indiwiduallaşdyrylyşynda-da, wakalaryn logiki ösdürilişinde-de bärden gaýtmalar duýulýardy.
G.Muhtarowyň edebibiýatymyzyň uruşdan soňky döwrüniň başynda döredilen «Allan aganyň maşgalasy» (1947), şol ýyllaryň ahyrlarynda ýazylan «Şadyýan myhman» dramalarynda türkmen maşgalasynda ýüze çykýan çylşyrymly meseleler işlenildi.
«Allan aganyň maşgalasynda» maşgala agzalarynyň biriniň goýberen ýalňyşlygyna garşy öýüň ýaşulusy Allan aganyň ýolbaşçylygynda tutuş maşgala göreşýän bolsa, «Şadyýan myhmanda» uly wezipede işläp, býurokratlaşyp giden atanyň garşysyna maşgalanyň ýaş agzasy garşylykly hereket edýär. Soňraky ýyllarda dramaturglarymyz tejribelerini artdyryp, drama eserleriniň kompozision gurluşy kämilleşdi, diliniň çelerçiligi artdy. Mysal üçin «Kümüş gapyrjakdaky» Mylly Çerkezowyň dili gowy timarlanypdyr.
G.Muhtarow bilen G.Seýitliýewiň «Çopan ogly» (1949) dramasynda türkmen intelligensiýasynyň belent adamkärçiligini görkezmek üçiň gowy sýužet saýlanyp alnypdyr.
Eserde XX asyryň başlarynda türkmen ülkesinde bolup geçen waka barada gürrüň berilýär. Eseriň gahrymany Durdy çopan Oraz baýyň sürüsini bakmakdan el çekýar. Oraz baý çoluk Nepesi aldap, Durdy çopan bilen uruşdyrýar, soň ony satlyk hyzmatkärine öldurdýär we bu işi Nepesiň başyna atýar.
Wagt geçip, merhum Durdy çopanyň ogly Gadam hirurg, birwagtky çoluk Nepes aganyň gyzy Şeker hem ussat aktrisa bolup ýetişýär. Ykbalyň emri bilen ýaşlaryň arasynda söýgi gatnaşygy kemala gelýär. Bir gün bolsa Nepes aga agyr keselläp, operasiýa edilmäge mätäç bolýar. Şol wagt Gadam öz ejesinden Nepes aganyn özlerinin «ganhorydygyny», kakasyňyn ondan ar almagy wesýet edip gidendigini eşidýär.
Çylşyrymly mesele Gadamy oýlanmaga mejbur edýär. Meseläniň çözülişine Şeker-de, Nepes aga-da, keselhananyň işgärleri-de, saglygy saklaýyş ministri-de gatnaşýar. Eseriň soňunda Nepes aganyň asla gandar däldigi, Durdy çopany Oraz baýyň öldürendigi baradaky hakykat aýdyňlaşýar.
Uruşdan soňky döwürde häzirki zaman edebiýatymyzyň dürli meseleleri boýunça Baýmuhammet Garryýew, Aman Kekilow, Oraz Abdalow, Nagym Aşyrow, Ata Kerimow dürli makalalary döretdiler.
Edebiýatçy A.Kerimow türkmen edebi tankydyny ösdürmekde ymykly işledi, ömrüniň ahyrlarynda (1952-1954) türkmen edebi tankydyny baýlaşdyran ençeme makalasyny ýazdy. A.Kerimowyň şol makalalary soňra ýörite ýygyndy bolup çykdy.
Ýazyjydyr şahyrlarymyzdan B.Kerbabaýew, A.Gowşudow, A.Kekilow, G.Gurbansähedow, R.Alyýew, D.Haldurdy, B. Seýtäkow dagylar çaklaňja işlerinde, makalalarynda edebiýatyň meseleleri baradaky, ösüş ugry hakyndaky pikirlerini aýtdylar.
Bu ýyllarda „Sosialistik realizm― atly nädogrudygy soň mälim bolan döredijilik usulynyň täsiri netijesinde çendenaşa syýasatlaşdyrylan hem ideologik galypa salnan çeper döredijilik öz tebigatyndan daşlaşyp, syýasatyň guralyna öwrüldi. Şonuň netijesinde-de çeper döredijilikde aýry-aýry halatlarda hakykatyň gowşamagy, ýöntem eserleriň peýda bolmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykdy.
Çeper eserde öňe sürüiýän pikir, ideýa syýasata, aňyýete emeli ýol bilen tabyn edilmeli däl bolsa-da şahsyýet kulty, durgunlyk ýyllarynda çeper döredijiligiň esasy wezipesi syýasy düzgüni, partiýanyň ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirildi. Partiýanyň kömekçisi hasaplanan edebiýatyň esasy borjy syýasy ýörelgeleri wagyz etmek diýliý düşünildi.
Sowet halkynyň başyndan geçiren durgunlyk ýyllarynda söz ussadynyň durmuş hadysalaryna berýän bahasynyň, olar hakda çykarýan netijesiniň, partiýanyň ol hadysalara öňden berip gelýän bahasyndan, olara bolan garaýşyndan üýtgeşik bolmagyna, üýtgeşik netije çykarylmagyna ýol berilmedi, ýazyjynyň döredijilik erkinligi doly gözegçilige alyndy. Zehinli şahyr Mollamurt bu ýyllarda partiýanyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ähli meselelere günübirin diýen ýaly seslendi. Olara partiýanyň syýasaty nukdaýnazaryndan baha berdi. Netijede bolsa bu gün şahyryň eserleriniň ençemesinde öňe sürlen pikirler möwritini ötürdi, köneldi.
Doly derejeli çeper eseriň ideýa-çeperçilik gymmaty, ömri belli bir döwür bilen çäklenmän, ol dürli döwürlere hyzmat etmeli.
XVIII-XIX asyrlarda ýaşan türkmen klassyk şahyrlarynyň hem döredijiligi öz döwrüniň möhüm meseleleri bilen bagly bolsa-da olar öz döredijiligini ol ýa-da beýleki syýasata, dürli ýörelgelere, şertlere laýyk getirjek bolmandyrlar. Olar öňden taýýar garaýyşlar bilen däl-de, suratlandyrýan hadysalaryna, öz akyl ýetirişlerine görä, durmuş hakykatynyň talaplary boýunça çemeleşipdirler, olara özleriniň hakyky ynanjy boýunça baha bermegi öz öňlerinde maksat edip goýupdyrlar.
Edebi mirasymyz, taryhda ýaşap geçen şahyrlarymyzyň döredijiligi öwrenilende-de, çäklilik saklanylyp, olary sowet aňyýetiniň nukdaý nazaryndan seljermeklik şert edilip goýuldy. Şol şahyrlaryň garaýyşlaryny dar galypa salmak üçin köp «tagalla» edildi. Aýry-aýry halatlarda, geçmişiň söz ussatlary döwürdeşlerini sosial alamatlary boýunça biri-birine garşy iki topara bölýän, synpy düşünjeli şahyrlar edilip görkezildi.
Umuman alnanda, bu döwrüň edebiýatynda eserleriň köpüsinde durmuş hakykatynyň birtaraplaýyn açylyp görkezilmegi sosrealizm we syýasy aňyýet bilen berk baglanyşyklydy.
Her niçigem bolsa uruşdan soňky döwrüň türkmen edebiýaty umumy edebi prosesiň ilerlenmeginde möhüm basgançaklaryň biri bolmak bilen özüne mahsus ösüş etapyny başdan geçirdi. Edebiýatymyz tutuşlygyna kämil derejä ýetip bilmese-de has soňraky ýyllarda ýetiljek sepgitler üçin bu ýyllaryň edebiýatynyň geçen ýoluny özboluşly tejribe hasaplamak bolar.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin