T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň edebiýaty



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə11/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   47
XX asyr turkmen (3)

XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň edebiýaty
Türkmen edebiýaty Watançylyk urşy ýyllarynda. Watana aýylganç howpuň abanmagy bilen türkmen yazyjy-şahyrlarynyň hem aglabasy galamlaryny ýaraga çalşyp, Watan goragyna çykdylar.
Fronta ilkinjiler bolup giden türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda N.Saryhanow, Ş.Kekilow, A.Nyýazow, Ç.Aşyrow, Haldurdy Durdyýew, Pomma Nurberdiew, K.Işanow, R.Alyýew, A.Kowusow, G.Gylyjow, Ahundow Gurgenli, Annaguly Mämmetgulyýew... dagylar bardy. B.Gurbanow, A.Kowusow, N.Jumaýew, A.Nazarow, S.Ataýew dagylar hem duşmana garşy gazaply söweşlere gatnaşypdylar. Şolardan N.Saryhanow, Ş.Kekilow, Ata Nyýazow, Ahundow Gurgenli dagylar aldym-berdimli söweşlerde gahrymanlarça wepat bolupdylar. Ýazyjy Pena Rejepow söweş edermenlikleri üçin Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýlen ada mynasyp bolupdy.
Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda bolup duran gazaply söweşi öz eserlerinde çeper beýan etmäge, uruş wakalary bilen baglanyşykly eserler döretmäge, goşgular ýazmaga türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ählisi yhlasly ýapyşdy.
Urşuň ilkinji günlerinde ýazyjy-şahyrlarymyzyň söweşjeň döredijiligi güýçlenip ugrady. Bu ýyllarda B.Kerbabaýew ençeme hekaýa we goşgularyň daşyndan ilkinji türkmen gahrymany Gurban Durdy hakynda dokumental powestini we harby tema bagyşlap, «Aýlar» poemasyny döredipdi.
Bu döwürde tylda galmaly bolan Rehmet Seýidowyň, Aman Kekilowyň, G.Seýitliýewiň, A.Salyhyň, Nury Annagylyjyň, Durdy Gylyjyň, Ata Köpek Mergeniň, B.Seýtäkowyň we beýlekileriň şahyrana sesleri-de batly ýaňlanypdy. G.Seýitliýewiň «Halkym», «Şahyryň kasamy», Ata Salyhyň «Men seni fronta ugradýan şu gün», «Watan uly howp astynda», «Öň hatarda bolmagyňy tabşyrýan», R. Seýidowyň «Ugratmak», «Dostuma», Nury Annagylyjyň «Etdiris puşman», «Günüňdir», «Uralyň, dostlar» we beýleki käbir goşgularda halk köpçuligi, edermen ýigitlerimiz söweş meýdanyna çagyrylýardy. Nejis duşman bilen ýüzbe-ýüz bolup, onuň berk gaýtawulyny bermäge, mukaddes topragymyzdan kowup çykarmaga çagyrylýardy.
Dünýäň bir ujundan tutaşan ataş,
Bu gün Watanyma ýetmekde meniň.
Küle döndermäge ýowuz ataşy,
Gardaşlarym hüjüm etmekde meniň...
Men-de ol ýigitleň şahyr gardaşy,
Frontlamda hüjümlere geçýärin.
Watanymyň öňünde, halkyň öňünde
Men-de bir esger men, kasam içýärin.
Men Watan ogly
Watan gurbany.
Watanyň ugrunda
Bererin jany.
G. Seýitliýewiň «Şahyryň kasamy» atly ýokarky goşgusynda çagyryjylykly äheňler güýçlüdi.
Bu ýyllar türkmen poeziýasynyň hyjuwlylyga, dürdäne duýgulara ýugrulan ajaýyp liriki eserler bilen baýlaşan ýyllary bolupdy. Lirikamyzy ösüşiň täze basgançagyna galdyran edebiýatymyzyň altyn hazynasyna girip giden bu eserler okyjylaryň kalbynyň ömürlik hemrasy boldular.
Şaly Kekilowyň «Kareliýa jeňňelinde», Ç.Aşyrowyň «Ermeni gyzy», «Ejegyz», «En şäherinde», N.Pommanyň «Ädigimiň ýoly», «Sözleýär Pomma», D.Haldurdynyn «Gaçgak», «Binamys», A.Nyýazowyň «Kasam», K.Işanowyň «Watan üçin», «Gahryman şäher», A.Kowusowyň «Halkyň gahary» we başga-da köp sanly liriki şygyrlarydyr poemalary uruş döwründäki türkmen poeziýasyny belende galdyran, uruş ýyllarynyň hakyky ýyl ýazgysyna öwrülen eserler boldular. Tylda çeper döredijiligi bilen duşmana garşy göreşýän şahyrlarymyz R.Seýidowyň «Ýadygär ýaglyk», «Frontdan hat», G.Seýitliýewin «Şahyryň kasamy», «Halkym», «Pogonly gyz», «Taryhyň tigri yzyna dönmez», A.Kekilowyň «Kawkaz», «Günbatara», B.Seýtäkowyň «Türkmen soldaty», «Dostumyň ýadygärligine», Ata Salyhyň «Ýöruň, dostlar, söweşmäge gideliň», «Batyrlarym», «Berlin yraň atýar bombaň zarbyndan» ýaly şygyrlarynda çuňňur watançylyk duýgulary öz beýanyny tapypdy.
Türkmen lirikasynyň naýbaşy eserleriniň birine öwrülen «Ermeni gyzy» (1944) atly goşgusynda Ç.Aşyrow liriki gahrymanyň ýaraly halda başdan geçirýän duýgulary, doganlyk ermeni halkynyň gyzyna çuňňur minnetdarlygy dogrusynda söhbet açyp, okyjyny tolgundyryjy pursata şaýat edýär.
D. Haldurdy «Gaçgak» balladasynda front meýdanyny taşlap gaçan namardyň erbet sypatlaryny ýüze çykarmak üçin tebigaty janlandyrma ýüz urýar. Balladada gorkagyň daşyny gurşap alan predmetleriň ony gysyp-gowrup barýandygy çeper beýan edilýär. «Binamys» balladasynda suratlandyrylýan döwrüň hakyky wakalary, gündelik durmuşdan getirilýän deliller arkaly gahrymanyň häsiýeti açylyp görkezilýär.
Şahyr gaçgagyň Watan ugrundaky söweşden ýüz öwürmek bilen önüp-ösen topragyndan, il-günunden ýüz öwrendigini, kynçylykly günlerde, halkyň derdine ýaramadyk şeýle gorkaklaryň ýer ýüzünde orun tutmaga mynasyp däldigini çyny bilen okyja ýetirýär.
Indi oň bir özi bir ýerde galdy.
Bir gara başy-da müň derde galdy.
Ýörese, ýer onuň yzyny alýar,
Bukulsa, ýel onuň yzyny çalýar.
Suw onuň bökende suratyn aldy,
Oklaryn dökende syratyn aldy. Şahyr öz eserlerinde arslan ýaly arlap söweş meýdanyna girýän mert ýigitleriň edermenligini ýada salyp, batyrgaýlyk bilen gelmişek nejisleri amana getirýän gerçeklerimiziň üstünliklerini hyjuw bilen wasp edýärdi. Şahyryň «Hat» (1942), «Beýik goşunyň kiçi esgerine» (1942), «Etseň hyzmat, ýagar hormat» (1943) we beýleki birnäçe goşgularynda söweşjeň esgerlerimiziň merdana sypatlaryny şahyrana teswirläpdi.
Şahyr «Dostumyň ýadygärligine» (1944) şygryny Gurbanmyrat Eýemberdiewin ýagty ýadygärligine bagyşlap döredipdir. Frontda bile söweşip, iň sonky döwüm nanyny des-deň paýlaşan, özi ýaraly bolup, öýe gaýdanda iki adama derek söweşip başlan dostunyň ömür tanapynyň ýolnandygyny eşiden liriki gahryman uly hasratyny okyjy bilen deň paýlaşýar.
Ýazan hatyn ibermäge ýetişmän,
Ýygşyrypdyr döşündäki jübsünde...
Şahyr Ş.Kekilow «Kareliýa jeňňelinde» eseriniň okyjylary bendi edýän tarapy, tebigat hadysalarynyň, ösümlikleriň üsti bilen liriki gahrymanyň ýürek duýgularyny, içki dünýäsindäki gaýgy-hasraty, şatlygy teswirlemäge ukyplylygy bilen baglanyşyklydyr. Şahyr gahrymanyň kalbyndaky bu ýagdaýy okyjylara ýetirmek üçin duşman aýagynyň astynda depgilenýän güller, otlar arkaly söweş meýdanynyň kartinasyny janlandyrýar.
Eserde wakanyň has-da täsirliligini gazanmak üçiň dine bir gahrymanyn daşyny gurşap alan zatlaryň gamgyn keşbi beýan edilmek bilen çäklenilmän, oňa parahatçylykly pursatlar, günler baradaky hakyda hem ýatladylýar. Gahrymanyň içki duýgularyny, söweş hereketlerini, aýylganç söweşiň kartinasyny şahyr göwnejaý berip bilipdir. Goşgynyň süňňüne siňe seredip, Kareliýa jeňňeli ugrunda alnyp barlan gazaply söweşiň janly häsiýetini kalbyň bilen aňlamak mümkin.
Bu ýyllarda döredilen goşgularyň aglabasynda tyldyr frontun birligi dogrusynda şahyrana pikirler hyjuwly setirlerde beýan edilipdi. R.Seýidowyn «Üç duşuşyk» (1941), «Enäniň haty» (1941), B.Seýtäkowyn «Front we tyl» (1941), «Kolhozda miting» (1941), «Türkmen gyzyna» (1942), G.Seýitliýewin «Dostuma» (1942), «Gözel gyz» (1943), Ata Salyhyn «Berk gaýtawul bereris» (1941), «Ýeňjegimiz hak» (1942), Nury Annagylyjyn «Agam» (1942), «Bu gün» (1942) ýaly şygyrlary bu babatda ýazylan eserleriň arasynda uly orna mynasyp bolupdy.
Şol döwürde türkmen edebiýatyna ýazyjylaryň täze nesli hem gelip ýetişdi. H.Ysmaýylow, A.Atajanow, Hasymguly Gurbanow, A.Kowusow, J.Ilmyradow ýaly ýazyjylar döredijilik işine şol döwürden başlap, içgin girişipdiler.
Şol döwürde biziň watançylyk we gahrymançylyk babatyndaky dessanlarymyzdan we eposlarymyzdan, Magtymgulynyň Seýdiniň Zeliliniň, Keminäniň Mollanepesin liriki eserlerinden baş alyp gaýdýan däbi täzeden janlanypdy. Ol däp täze mana eýe bolup, internasionalistik häsiýeti özüne siňdiripdi.
Şol döwrüň gowy hekaýalarydyr powestleri hasap edilýän «Atasynyň ogly» (B.Kerbabaýew), «Gandym awçynyň maşgalasy» (A.Gowşudow), «Bäsdeşler», «Iki atanyň bir ogly» (H.Ysmaýylow) ýaly eserlerinde uruş hasraty göwnejaý suratlandyrylýardy.
Dokumental powest žanry («Gurban Durdy», «Kerim Dos») şol döwürde ýüze çykypdy. Dramaturgiýa žanrynda hem watançylyk pafosy bilen ýugrulan ençeme pýesalar ýazylypdy.
B.Kerbabaýewiň «Gurban Durdy», N.Saryhanowyň «Ýagtylyga çykanlar», H. Ysmaýylowyň «Bäsdeşler», B. Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany (ikinji kitaby), A.Gowşudowyň «Mähri-Wepa» ýaly uruş ýyllarynda döredilen eserleri diňe şol döwrüň prozasy üçin däl, eýsem butin türkmen edebiýatynyň gazanan üstünligidir.
B.Kerbabaýewiň çagalar durmuşyndan ýazan «Atasynyň ogly» hekaýasynda harby döwrüň, daşky sredanyň täsiri netijesinde ýaş watançy Myradyň aňynda, ruhy dünýäsinde ýüze çykan özgerişler, entek beýnisi bekemedik oglanyň öz watanyna bolan çuňňur söýgüsi ökdelik bilen ýüze çykarylypdyr. Çagalar durmuşyndan öň hem birnäçe eserleri döreden, olaryň häsiýetini, dil we psihologik aýratynlyklaryny oňat bilýän ýazyjy bu hekaýada Myradyň içki tolgunmalaryny, oý-pikirlerini, öz mähriban atasy Gylyç Nazarowyň ömür tanapyny kerten nemes faşistlerine bolan gahar-gazabyny ökdelik bilen görkezip bilipdir.
Uruş ýyllarynyň türkmen dramaturgiýasy hem beýleki žanrlar ýaly özüniň ähli güýjüni, kuwwatyny duşmany derbi-dagyn etmek işine gönukdirdi. Bu ýyllaryň pýesalarynda watançylyk, doganlyk-dostlugyň belent mertebä galşy, duşmana güýçli zarba urýan frontçy esgerlerimizi tyldakylar tarapyndan ählitaraplaýyn goldamak ýaly meseleler öňe sürüldi. Döwruň öňe suren şeýle meselelerini teswirlemek bilen birlikde, geçmiş edebi mirasymyzyň, watançylygy, gahrymançylygy wasp edýän sahypalary-da janlandyryldy.
B. Kerbabaýew beýik şahyr Magtymguly baradaky drama eserinde öňe sürlen esasy mesele şahyryň öz halkynyň kalbyndaky öçmejek orny, türkmen taryhynyň syrly sahypalary bilen baglanyşykly ýüze çykýar.
B.Kerbabaýew «Huýrlukga-Hemra» dessanyny hem sahnalaşdyrdy. Bu eser awtoryň şowly çykan dramalarynyň hataryna goşuldy.
B.Kerbabaýewiň «Watana söýgi» dramasy hem tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Şeýle hem onuň «Kim kimi söýýär» atly komediýasy şu döwürde döredilendir.
B.Kerbabaýew 1942-nji ýylda «Ene» diýen bir perdeli pýesasyny ýazdy. Bu pýesada dramaturg türkmen eneleriniň ajaýyp keşbini front hem tyl wakalarynyň jümmüşinde açyp görkezmegiň hetdesinden gelip bilipdir.
B. Kerbabaýew uruş ýyllarynda türkmen gelin-gyzlarynyň söweş meýdanynda görkezen gahrymançylygyny beýan edýän «Aýlar» poemasyny we bu poemanyň esasynda «Abadan» diýen 4 perdeli 8 görnüşli operanyň librettosyny döretdi. «Abadan» operasy 1941- nji ýylyň güýzünde açylan Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň sahnasynda ymykly orun aldy.
Opera ýaş juwanlar Abadandyr Batyryň şagalanly toýy bilen başlanýar. Toý märekesiniň gyzan wagty bir ýaşuly: «Uruş başlanypdyr» diýen habary mälim edýär. Bu habary eşiden märeke azat Watanyn üstüne leşger sürüp gelen ganym duşmana gahar-gazap bildirýär. Tomaşaçylaryň öňünde Watanyny jan-dilden söýýän merdanalaryň gahrymançylykly obrazy janlanýar. Ýaşlar Watana, halkyna bolan çuňňur söýgüsini her bir zatdan ileri surýär.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň edebiýatynyň ýene bir häsietli aýratynlygy şol ýyllarda edebi tankydyň we edebiýaty öwrenişiň, terjimeçilik, ylaýta-da, rus diline türkmen eserlerini terjime etmek işiniň has janlanandygydyr. Şol ýyllarda R.Alyýew, A.Kekilow, B.Garryýew, M.Kösäýew, G.Ahundow we beýlekiler edebiýaty öwrenmek bilen baglanyşykly onlarça makala ýazypdy. Çeper mirasymyzdan Magtymgulynyň, Seýdiniň watançylyk häsietli eserleri çap edilipdi. Mollanepesiň «Zöhre-Tahyry» rus diline geçirilipdi.
1943-nji ýylda görnükli ýazyjylarymyz G. Burunow bilen B. Kerbabaýewe ―Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri‖ diýen hormatly at dakyldy. A.Gowşudow, Nury Annagylyç, G.Muhtarow, B.Pürliýew, H.Şükürow, Mäti Kösäýew dagy bolsa Hormat haty bilen sylaglandylar.
1944-nji ýylda G.Burunow, B.Kerbabaýew «Zähmet Gyzyl Baýdak», Ata Salyh «Hormat nyşany» ordenleri bilen, H.Ysmaýylow, K.Işanow, P.Nurberdiew, R.Seýidow, B.Soltannyýazow, D.Haldurdy, G.Şengeli döwletiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bu döwrüň edebiýatynda Watany goramak, halklaryň dostlugy, gahrymançylyk, hüşgärlik temasy öňdäki hatara çykdy, front bilen tylyň arasyndaky berk baglanyşyk, gahryman esgerleriň arasyndaky mizemez agzybirlik ýazyjylaryň döredijiliginde aýratyn orny eýeledi.

Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin