T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Ata Gowşudowyň ömri we döredijiligi



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə13/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Ata Gowşudowyň ömri we döredijiligi
(1903-1953)
Terjimehal maglumatlar. Görnükli türkmen ýazyjysy A.Gowşudow 1903-nji ýylda Büzmeýinde garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Ejesi Ogulgeregiň tanymal ertekiçi bolmagy geljekki ýazyjynyň çeper döredijilige bolan höwesini oýarýar.
Oktýabr rewolýusiýasyndan soň ol obada açylan mekdebe okuwa ýerleşýär.
A.Gowşudow 1920-22-nji ýyllarda ilki mugallymçylyk kursunda, soňra sowet-partiýa mekdebinde okaýar.
A.Gowşudowyň edebiýat meýdanyndaky ilkinji synanyşyklary şu ýyllarda başlanýar. 1922-nji ýylyň aprel aýynda çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaşýan ýaşlaryň islegi boýunça döredilen «Zakaspiý fronty» («Gyzyl puluň gullary» ) atly pýesa A. Gowşudowyň bu ugurda eden ilkinji synanyşyklarynyň biridi.
1922-nji ýazyjy ýylda Moskwadaky Gündogar zähmetkeşleriniň Kommunistik uniwersitetine okuwa iberilýär. Şol döwürde ol rus halkynyň medeniýeti, rus klassyky we döwürdeş ýazyjylarynyň belli eserlerini içgin öwrenýär.
A.Gowşudow 1924-nji ýylda ýaşlar guramalarynda işlemek Aşgabada çagyrylyp, birnäçe ýyllaryň dowamynda döwlet we welaýat ýaşlar guramalarynda dürli wezipelerde işleýär.
Ol 1925-nji ýylyň martynda çykyp başlan «Ýaş kommunist» ýaşlar gazetiniň ilkinji redaktory bolup işleýär.
A.Gowşudow 1928-nji ýyldan başlap, bilim ulgamynda işleýär: ol Aşgabat çeperçilik tehnikumynyň we kolhoz ýaşlary mekdebiniň direktory bolýar.
A.Gowşudow ýaş dramaturg hökmünde 1926-njy ýylda döredilen teatral studiýanyň döredijilik işi bilen has içgin gyzyklanýar. 1928-29-njy ýyllarda ol bu studiýanyň direktory edilip bellenýär.
Ýazyjy türkmen teatr sungatynyň pajarlap ösjekdigine berk ynanýardy, artistleriň döredijilik we professional ussatlygynyň ösmegine ýakyndan ýardam berýärdi.
Meşhur aktýor we rezissýor Alty Garlyýew türkmen halkynyň görnükli artistlerinden Aman Gulmämmedowy, Bazar Amanowy, Gulluk Hojaýewi, Gylyç Berdiewi, hem-de özüni okadyp, teatryň gapysyndan girizen ynsanyň A. Gowşudowdygy baradaky ýatlamasynda onuň bu ugurda bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berýär.
A.Gowşudow 1933-nji ýylda respublikan «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaksiýasyna edebi işgär bolup işe geçýär.
1938-nji ýyldan başlap A.Gowşudow Türkmen döwlet ylmy-derňew dil we edebiýat instntutynyň halk döredijiligi sektorynda birnäçe ýyl ylmy işgär bolup işläp, halkymyzyň baý edebi mirasyny toplamakda, öwrepmekde, halk köpçuligine ýaýratmakda köp iş edýär.
A. Gowşudow ajaýyp hem netijeli işleri nazarda tutulyp, 1950-nji ýylda «Zähmet Gyzyl baýdak» ordeni hem-de döwletiň Hormat hatlary we dürli medallary bilen sylaglandy.
Zehinli ýazyjy hem mirasgär A. Gowşudow 1953-nji ýylyň 15-nji noýabryn-da biwagt aradan çykdy.

Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin