Berdinazar Hudaýnazarowyñ ömri we döredijiligi (1927-2001) Terjimehal maglumatlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylda öňki Ýerbent etrabynyň Düwünli obasynda dogulýar. Başlangyç bilimi şol ýerde alýar. Beýik Watançylyk urşunyň öňüsyrasy Ýerbent çarwaçylyk etraby Amyderýa boýlaryna göçürilende, Berdinazaryň maşgalasy hem şol ýere göçýär.
Geljekki ýazyjynyň ýetginjekligi gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär.
Berdinazar 1946-1948-nji ýyllarda Kerki welaýatynyň «Täze ýol» gazetinde, soňra Kerki etrabynyň «Pagtaçynyň sesi» gazetinde edebi işgär bolup işleýär. 1946-njy ýyldan bu gazetlerde onuň goşgulary peýda bolup ugraýar.
B.Hudaýnazarow 1950-nji ýylda «Sowet Türkmenistany» gazetine işe alynýar. Bu ýerde bäş ýyl işläninden soň, ol Garagum kanalynyň gurluşygyna işlemäge gidýär we şol ýerde özüne şöhrat getiren «Gyzgyn sähra» poemasyny döredýär. B.Hudaýnazarow 1957-nji ýyldan bäri SSSR Ýazyjylar soýuzynyň agzasydyr.
B.Hudaýnazarow merkezden alysda, obada -zähmetiň gaýnaýan ýerinde kyn şertlerde ýaşap, özüniň hakyky şahyrdygyny ykrar etdirýär.
Şahyr 1957-nji ýylda Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň Ýokary edebiýat kursuna okuwa iberilýär. Bu ýerde okaýan döwründe şahyryň «Gyzgyn sähra» poemasy Moskwada rus dilinde neşir edilýär.
B.Hudaýnazarow dürli ýyllarda «Edebiýat we sungat― gazetiniň, «Sowet epebiýaty» jurnalynyň redaksiýalarynda işledi. B.Hudaýnazarow soňky döwürde ýazyjylygy özüne esasy kär edip aldy. Şahyr geçen asyryň togsanynjy ýyllaryndan tä ömruniň ahyryna çenli Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragy boýunça komitetiň başlygy wezipelerinde işledi.
Türkmen edebiýatynyň kämil halypalarynyň biri B.Hudaýnazarow 2001-nji ýylda aradan çykdy.
Döredijilik häsiýetnamasy. Ellinji-altmyşynjy ýyllaryň sepgidinde B.Hudaýnazarowyň poeziýasy özboluşlylyga eýe bolup başlady. Onuň eserleriniň köpusinde sähranyň keşbi, edermen gumlular dogrusynda söz açylýar, olaryň durky okyjylaryň göz öňünde janlandyrylýar. Gumly şahyr üçin dogduk mekany, Garagumuň giň sährasy, depeleri, gollary, gum obasy, adamlary örän öziz hem mähriban. Geljekki şahyrda Watana bolan uly söýgi hut şu ýerden başlanýar.
B.Hudaýnazarow gumlularyň häsiýetini, edim-gylymlaryny, endiklerini, däp-dessurlaryny, ruhy dünýälerini örän çuňdan bilýär, olaryň içki dünýäsine inçeden aralaşýar. Bu hakykaty şahyr-yň «Gumlular» goşgusy-da tassyklaýar:
Göwünleri çäge ýaly arassa,
Bedenleri gurşun ýaly berkdir.
Sadalygy, sagdynlygy olara,
Meger, tebigatyň özi beripdir.
Gadymlardan gelýän gymmatly däpler,
Gum içinde namys kimin goralar.
Tanyşmakçy bolsaň, öz adyň däl-de,
Ilki ataň-babaň ady soralar...
Şahyr öz eserlerinde ahlak temasyna köp ýüzlenip, ajaýyp ynsan häsiýetlerinden söhbet açýar. Döwrüň üýtgemegi, durmuşyň täzelenmegi şahyryň eserlerini köneldip, many-mazmun taýdan gymmatyny pese gaçyryp bilmeýär.
Şahyryň liriki gahrymany türkmeni hakyky türkmen edýän, milli mertebesini, milli buýsanjyny belende göterýän häsiýetleri öz döwürdeşleriniň her birinde görmek isleýär:
Agzy aşa ýetse aýnaman bilýän,
Synaga salynsa ownaman bilýän,
Özüni oýnatman, oýnaman bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Öz aslyny bilýän, pederin bilýän,
Pähimiň, paýhasyň gadyryn bilýän,
Umuman özüniň ederin bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Ynsap, päklik, halallyk, ynsan mertebesi, ar-namys ýaly adamy bezeýän häsiýetler şahyryň eserlerinde gozgalýan baş meselelerdir.
Durmuşy ykrar edijilik, ruhubelentlik şahyryň poeziýasyny tapawutlandyrýan esasy aýratynlykdyr.
B.Hudaýnazarow «Çölde günorta çagy» şygrynda Garagumuň jokrama yssysyny, şol mahalda jandarlaryň özlerini alyp baryşlarynyň suratyny çekýär. «Demiňi darykdyrýan howurly gollar, hin agzynda çommalyp duran alaka, çep düýbüne gysylan kölege, deňiz ýaly tolkun atýan salgym» — bu zatlaryň bary çölüň günorta çagyna mahsus bolan peýzažlardyr. Şunuň ýaly suratkeşlik şahyryň «Ýerbent» atly liriki, «Gyzgyn sähra» atly epiki poemalarynda-da duş gelýär. Şahyra meşhurlyk getiren ilkinji iri göwrümli eseri «Gyzgyn sähra» poemasydyr. Şahyr Garagum kanalynyň gurluşygynyň köp tiražly gazetiniň gözme habarçysy bolup işlän döwründe çölde kanal gurujylaryň arasynda ýaşaýar we olaryň durmuşyndan bu eseri ýazýar.
«Gyzgyn sähra» poemasynda täsirli wakalar gahrymanyň çuňňur duýgusyna ýugrulyp çeper suratlandyrylýar.
Şahyr Garaguma aşyk adamlaryň, ony söýgi duýgularyndan ýokary tutýan gahrymanlaryň obrazyny başga-da köp goşgularda döretdi. «Gumly gözel», «Garagum», «Garagum aýdymy» ýaly birnäçe goşgularda liriki gahrymanyň sähra baradaky oýlanmalary hasam baýlaşýar. Şahyr çöluň şekilini özgerdýän suwuň türkmen halkyna nähili eşretleri getirendigini açyp görkezmek üçin guraklygyň görgüsini gören ýaşulularyň duýgularyna ýüzlenýär.
Şahyr «Döwrüň depesindäki Adam» pozmasynda şu günki günüň möhüm meselerinden biri bolan parahatlyk barada birnäçe çuňňur oýlanmalary orta atypdyr. Birnäçe özboluşly gahrymanlaryň obrazlary arkaly urşuň elhenç hadysadygyny açyp görkezipdir.
Şahyryň «Döwrüň depesindäki Adam» (1967) kitabyndan soňky okyjylara gelip gowşan ýygyndysy «Buýsançly baş» (1975) bolupdy.
Şahyryň ýazan iň oňat şygyrlaryny öz içine alýan «Ene süýdi», „Mertebe― ýygyndylary türkmen liriki poeziýasyna uly goşant goşdy.
Şahyr soňky ýyllarda esasan prozada işledi. Onuň bu ugurdaky göwrümli eseri bolan «Göreş meýdany» powestinde çöli özgerdiji adamlaryň özboluşly obrazlary ýüze çykarylypdyr. Olaryň hereketi, durmuşda özlerini alyp baryşlary dürli-dürli, biri beýlekisiniň ýörän ýolundan ýol salmaýar. Ýazyjy gahrymanlarynyň aňynda bolup geçýän özgerişlikleri yzygiderli, ynandyryjylykly suratlandyrmagy, olaryň diliniň tipikligini ýüze çykarinagy, portretlerini janly bermegi birkemsiz başarýar.
Gahrymanlaryň ruhy dünýäsine içgin aralaşyp, ondaky ösüş, özgerişleri inçeden suratlandyrrnakda Söýüniň obrazy ýörite bellenilmäge mynasyp. Söýün maşgalasy bilen Garagum kanalynyň gurluşygyna göçüp gelýär. Bu ýerde tehniki ösüşiň Söýüniň aň-düşünjesine edýän täsiri kem-kemden özüni duýdyryp başlaýar.
Ömrüniň agramly bölegini mal yzynda geçiren Söýüne bu ýerdäki zatlar geň bolup görünýär. Ol gurluşykda matros bolup işe ýerleşýär. Emma bu iş başda Söýüne biçak kyn düşýär. Ýazyjy onuň ilki döwürlerdäki başdan geçirýän duýgularyny juda ynandyryjy suratlandyrýar.
Powest diňe rus dilinde yzly-yzyna iki gezek neşir edilmek bilen çäklenmän, eýsem, iňlis, nemes, polýak, ispan dillerine hem terjime edildi.
Gumlularyň psihologiýasyna aralaşyp, olaryň hüý-häsiýetlerinde, durmuşlarynda bolup geçýän üýtgeşiklikleri başarjaňlyk bilen okyjylara ýetirmekde B.Hudaýnazarowyň «Gumlular» romany aýratyn orna mynasypdyr.
Ýazyjy «Gumlular» romanynda gumlularyň uruş ýyllarynda başdan geçiren kynçylyklaryiy, muşakgatlaryny birin-birin beýan edýär.
Uruş bilen parahatçylygyň gazaply garpyşygyny görkezýän bu roman suratlandyrýan garşylygynyň geriminiň giňligi bilen tapawutlanýar. Eserde gahrymanlar bilen döwrüň, totalitar sistema bilen halkyň arasyndaky garşylyk hiç ýuwmarlanman, bütin kynçylyklary, çylşyrymlylygy bilen suratlandyrylýar. Öz topragyny, dogduk depesini ähli zatlardan eý görýän gumlularý ata watany, Ýerbendi terk edip, derýa ýakasyna, Gyzylgaýa göçmäge mejbur edýärler. Bu bolsa göbek ganynyň daman ýerini şirin janyna deňeýän gumlulara juda agyr düşýär. Muňa göz ýetirmek üçin Aňkar aga bilen Sanjar syýasynyň arasynda bolup geçýän aşakdaky gürrüňe üns bermek hem ýeterlikdir:
„-...Häzir ýagdaý şeýle. Harby ýagdaý zerarly emele gelen ykdysady kynçylyk şony talap edýär. Aňkar aga, siz näme, Garagumuň çägesini iýip eklenjekmi?
-Ýaş bolýaň, ýaş bolýaň, Sanjar syýasy! Biz seni parasatly-pähimli adammykaň öýdüpdik. Gerek bolsa, gumuň çägesini iýibem oňarys. Ýüň çeýnäbem oňarys. Emma ata-babanyň ýurdundan göç diýme! Ata-babamyň ojagynyň başyndan tur diýjek bolma! Bu ojagyň başynda men dünýä indim, gözümi açdym, şu ojagyň başynda gözümi ýumaryn!...―
Elbetde, ömürboýy çölüň jümmüşinde ýaşap gelýän zähmetsöýer, gaýratly gumlulary ýurdundan aýryp, başga ýere göçmäge mejbur eden zadyň düýp sebäbi „ykdysady kynçylyk― däl-de, hökmürowan sistemanyň zorlukly syýasaty. Bu hakykat romandaky wakalaryň tutuş akymyndan syzylyp gaýdýar.
Romanda administratiw-buýruk beriji sistema bilen adamlaryň arasyndaky ýiti garşylyklaryň dürli görnüşi ynandyryjy suratlandyrylýar.
Romanyň başlarynda Aňkar aga ömrüni çölde geçiren, giň göwrümli, türkana adam bolup, göz öňünde janlanýar. Emma harby gulluga çagyrylýan ogly Nökeriň ýaýdanýandygyny görende welin, ol çäksiz gazaplanýar.
„-Gorkdum diýsene! Bolýa, düş atdan, powysgäňi maňa her. «Oglum gidip biljek däl, oňa derek goşunçylyga meni alyň» diýäýerin...―
Romanda Nunna pälwan dowam edip duran durmuşdan nägileligini ýüze çykarýar:
«Men, walla, indi bu uruşdan gorkamok-da, şu uruş ýyllarynyň kynçylygynda aramyzda dörän ýaranjaňlardan gorkýan. Bular entegem köpeler, onsoň olar öz günleri üçin şugulçylykdanam gaýtmaz, göripçilikdenem. Heý, uruşdan öň para diýen zady eşidipmidiňiz? Ana, indi aýallaryň käbiri bir gün işden galjak bolsa, oba dogtoryna bir banka gowurdak berýär-de, sprawka alyp ýör...»
Aňkay aga parasatly, il içinde hormatlanylýan türkmen ýaşulusy. Ata-babasynyň ýaşan, dogduk mekany bolan Garagum onuň üçin örän eziz. Ol öz durmuşyny göbek gany siňen Garagum çölünden -sazakly, selinli gum depelerinden aýry göz öňünde getirmek islemeýär. Gumlulary dogduk depesinden başga ýere göçürinek barada mesele goýlan mahalynda Aňkar aganyň bu häsiýeti aýdyň ýüze çykýar. Ol şonda diýdimzorlukly syýasata edýän ýolbaşçylardan çekinmän öz sözüni aýdýar.
Aňkay aga halkyň, Watanyň bähbidini, ynsan mertebesini ähli zatdan belentde goýýar.
Uruş döwrüniň agyr kynçylyklaryna döz gelip, Watan üçin jan aýaman zähmet çekýän, söýgüsine wepaly gelin Keýigi obadaşlary brigadirlige saýlaýarlar. Keýik özi ýaly gelin-gyzlar bilen bilelikde fronta gidenleriň ornuny tutup, Watan üçin, ýeňiş üçin edermenlikli zähmetiň nusgasyny görkýär. Romanda wakalar oba poçtalýony Ýollynyň dilinden gürrüň berilýär. Şonuň üçin onuň pikir ýöretmeleri, içgepletmele-ri, aýdýan sözleri eserde hereket edýän beýleki gahrymanlaryň hem häsiýetleriniň açylmagyna ýardam edýär.
Etrap ýolbaşçylarynyň biri Sanjar syýasy bir tarapdan özünden ýokardaky ýolbaşçylaryň ýerlikli-ýerliksiz buýruklaryny, görkezmelerini berjaý etmäge mejbur bolýar, ikinji tarapdan hem halkyň ýagdaýyna, däp-dessurlaryna, ynsan psihologiýasyna düşünmek bilen garap iş alyp barýar. Ol Aňkar aga ýaly parasatly, ýaşulularyň, köpçüligiň pikirine sarpa goýýan ýolbaşçy.
Roman gumlularyň ruhy dünýäsinden habar berýän ajaýyp eser bolup, türkmen edebiýatyny bezeýär.
Görnükli edebiýatçy Osman Ode öz döredijiligi arkaly ýazyjynyň edebiýata getiren täzeligi barada söz açyp, şeýle belleýär:
„Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligi XX asyr türkmen edebiýatynda uly hadysa. Ol türkmen edebiýatyna gumlularyň ahlak-psihologik dünýäsini getirdi.
Halypanyn şygyrlaryny bir ujundan okap çykanyňda, gumly türkmeniň hüý-hasiýeti, ahlak keşbi, psihologiýasy göz öňünde aýdyň janlanýar. Şahyr gumlynyň psihologiýasyny mahir, ussatlyk bilen suratlandyrýar. Sebabi onuň özi, gelip çykyşy boýunça, gumly. Şonuň üçinem şahyryň poeziýasyndaky liriki gahrymanyn hüý-hasietinde gumlynyň psihologiýasyny görüp bolýar. Bir sözlülik, gönümellik, sadalyk, agraslyk — bir tarapdan, şahyrana şahandazlyk, duýguçyllyk, ýuka ýüreklilik, pälipeslik — beýleki tarapdan — şahyr Hudaýnazarowyň liriki gahrymanynyň hasiýetini düzýän esasy görkezijiler. Şu aýratynlyklardan hem liriki gahrymanyň, şahyryň durmuşa garaýşy aýdyňlaşýar. Şahyr durmugy diýip adamlar arasyndaky ahlaky gatnaşyklara düşünýar. Onun düşünişine gora, durmuşyň nähilidigini kesgitleýji factor - ahlak…‖
«Gumlular» romanynyň ýüze çykmagy bilen ýazyjynyň zehininiň güýçlüdigi aýan boldy.
B.Hudaýnazarowyň «Akar suwuň aýdymy» (1978) atly romanynda 50-nji ýyllaryň başlarynda bolup geçýän wakalardan söz açýar. Romanda iki adamynyň adyndan gürrüň alnyp barylýar. Olaryň biri geologiýa ekspedisiýasynyň sürüjisi Mergen bolsa, beýlekisi Ýalkan Penaýew. Ýazyjy şu iki dogruçyl adamlaryň gözüniň öňünde bolup geçýän wakalar arkaly biziň döwürdeşlerimiziň häsiýetlerini açyp görkezýär, durmuşdan yza galak käbir adamlaryň egoistik häsiýetlerini paş edýär.
Ýalkan şeýle diýýär:
«-Uruşdan öň obalar arassaçylykdy. Para diýilýän zat bolmazdy. Arak içýän seýrekdi. Ýalan sözlemek diýlen zadam aýyp görlerdi... «
Bu ýagdaýlar totalitar sistemanyň ahlak sütünleriniň gowşap, ownap barýandygyndan habar berýär.
«Akar suwuň aýdymy» romanynda gozgalýan meseleler biziň günlerimizde hem möhümligini ýitirmeýär.
Ýazjynyň soňky ýyllarda döreden köp sanly powestlerinde özboluşly obrazlara gabat gelýäris.
Ýazyjynyň «Argyş» powestinde urşuň gazaply günlerinde ata-babalarymyzyň belent ahlak sypatlarynyň, durmuş tejribeleriniň ýaş nesle täsiri meselesi gozgalýar. Powestiň gahrymany ýetginjek Taýhar ýaşlygynyň süýji arzuwlaryny, imrindirijii duýgulary başdan geçirmegiň ýerine kakasynyň aladalary, ýetmeli işleri bilen başagaý bolýar. Oňa öz ýaşyndaky ýetginjegiň oýun-gülküsi, şatlyk-şagalaňy, göwün joşgunlary bütinleý ýat.
Ýazyjýnyň «Haşar» powestinde ursuň adamzadyň başyna salan hasraty öz bolşunda açylyp görkezşlýär. Eseriň biri-birine meňzemeýän obrazlary, özboluşly sýužeti, dartgynly wakalary döwrüň gazaply keşbini okyjynyň göz öňünde janlandyrýar.
Powestde näzikligiň, gözelligiň nusgasy bolan dört sany gyz-gelin gyşyň iň gazaply günlerinde ýetginjek oglanyň ýolbaşçylygynda Bosaganyň sakasyna bir aýlyk ýatymlyk haşar gazmaga iberilýär. Üç adam boýy ýerden laý çykarmaly bolan Bosaganyň haşary aýal maşgala-ha däl, «men» diýen erkek adamlara-da eýgerdip barýan iş däl.
Emma gyzlar şeýle kyn, adaty bolmadyk agyr şertlerde biçak erjellik bilen işleýärler. Eserde işiň gyzlaryň gözgyny pursatlary ýürek gyýyjy täsirli suratlandyrylýar.
B.Hudaýnazarowyň «Goňşular» powesti şäher durmuşyndan ýazylypdyr. Onda bir kommunal jaýda ýaşaýan adamlaryň ählisini biraýakdan sürmeýär. Olaryň her biriniň başga hiç kimiňkä meňzemeýän durmuşy, öz gylyk-häsiýeti, öz keşbi, öz pelsepesi, iň esasy-da, öz durmuş ýörelgesi bar.
Ýazyjynyň «Yzçynyň gözleri» eserinde durgunlyk ýyllarynyň düýpli nogsanlarynyň garşysyna çykýar. Olaryň biri durmuş hakykatyny birtaraply, ýagny diňe mahabatlandyryp görkezmek. Bu hakykaty ile ýaýmak üçin ýazyjy powestinde öwgüli, mahabatlandyryjy reportažlar ýazmaga halys endik edinen radio habarçysynyň ynandyryjy tipiki obrazyny döredýär. Bu obrazyň manysy juda giň. Onuň üsti bilen awtor ol döwürde radioda, metbugatda berilýän öwgüli maglumatlaryň hakykata laýyk gelmeýändigini, diňe syýasat üçin edilýändigini aç-açan aýtmagyň ebeteýini tapýar.
Ýaşuly çopan Garataý awçy Garagumuň jümmüşinde gyşyň iň aýylganç pursatlarynda gözboýagçy ýolbaşçylaryň günäsi bilen otsuz, jaýsyz galan sürini halas etinek üçin başyndan gum sowurýar. Şeýle çykgynsyz hakykaty gözi bilen görüp dursa-da, radio habarçysy çopan goşundan öwgüli, mahabatlandyryjy reportaž taýýarlamak üçin Garataý awçynyň sesini ýazyp aljak bolanda Garataý aga hakykaty bolşy ýaly aýdyp başlaýar. Hiç hili ýuwmarlanman aýdylýan hakyky sözler radio habarçysyny ör-gökden getirýär. Sebäbi radio habarçysyna diňe öwgüli, mahabatly sözler gerek. Bu ýagdaýy aňan Garataý aga şeýle diýýär:
„-Närne, indi men bu ak sakgalym bilen ýalan sözläýinmi? Hemme zat düzüw, kemimiz ýok, goýunlar gyrylanok diýeýinmi? Belkäm, howa-da sowuk däl, allanäme diýmelidir?!―
B.Hudaýnazarowyň durgunlyk ýyllarynda ýazan „Ýolagçylar― powestinde şol döwrüň düýpli kemçilikleriniň biri dogruçyl suratlandyrylýar. Eserde suratlandyrylyşy ýaly, durgunlyk döwründe adama onuň hakyky adamçylyk sypatlaryna garap däl-de, eýsem onuň şahsyýetnamasyna garap haha berilýär. Janly hakykatdan kagyz ýüzündäki ýazgylar ileri tutulýar. Eseriň gahrymany Begçer Yzbasdy ilkibada dogruçyl, adalat ugrunda göreşiji, bolup göz öňüne gelýär. Emma galplyga gol ýapylmagy, yzygider adalatsyzlyklar edilmegi Begçeriň hyjuwynyň öňüne böwet basyp, ondaky gowy sypatlaryň çüpremegine sebäp bolýar. Ol ygrarly adamlygyndan, messepsiz adama öwrülýär.
B.Hudaýnazarow «Garaçägäniň ogullary» romanynda diňe täsirli wakalary suratlandyrinak däl-de, eýsem, şol wakalaryň içinde hereket edýän gahrymanlaryň ruhy dünýäsini, psihologiýasyny, gylyk-häsiýetlerini çeperçilik taýdan çuň seljermegiň uly nusgasyny görkezdi. Şeýle bolansoň ýazyjynyň bu romanynda içki ruhy garşylyklar örboýuna galýar.
Ýazyjy eserde Mürçäniň obrazynda şol günüň telekeçileriniň aýdyň keşbini döredipdir. Mürçe ýykma-ýykylma gün dolandyrýan Merhemet içmekçiniň uly ogly. Ol guýy ussasyna şägirt bolup, Garagumuň jümmüşine siňip gidýär. Zähmetsöýer, maksada okgunly Mürçe Atgyrlan diýlen ýerden özi üçin süýji suwly guýy gazýar. Ol telekeçiniň er jelligi netijesinde ýönekeý guýy ussalygyndan ýigrimi-ýigrimi bäş işçiniň hojaýyny dörejesine ýetýär. Ol özüniň päk zähmeti bilen, telekeçiligi bilen baý bolmak isleýär.
B.Hudaýnazarowyň hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly döredijilik stili, özboluşlylygy bar. Ýazyjynyň eserleri çuňňur ýumora, mylaýym gülkä, tüýs ýerine düşüp duran jaýdar aňlatmalara ýugrulan.
Ýazyjy iň adaty zatlardan hem, hatda resmi gürrüňlerden hem okyjyny ýylgyrdar ýaly pursatlar tapýar. Ol resmi aýdylmaly sözleri-de türkmeniň iň sada, janly gepleşiginiň formasyna salyp aýdýar.
Söz ussady üçin durmuşy öwrenmegiň esasy manysy, hakyky açary adam häsiýetlerini öwrenmekden ybaratdyr. Sonuň üçin söz ussadynyň suratlandyrýan adamlarynyň häsiýetlerini çuň bilmegi onuň döredijilik üstünlikleriniň girewidir.
B.Hudaýnazarow dramaturgiýa žanrynda-da güýjüni synap görüp, üstünlikli çykyş edýär. Onuň «Synag ýoly» (1974), «Baharyň demi» (1975), «Gaýduwsyzlar» (1976), «Haşar hakynda ballada» (1978) atly dramalary gowy baha mynasyp boldy. B.Hudaýnazarow terjime işi bilen hem meşgullanýar. Ol A. Twardowskiniň, R. Gamzatowyň we beýleki görnükli şahyrlaryň birnäçe eserlerini türkmen diline terjime etdi. Şeýle-de ýazyjynyň öz eserleri hem rus dilinde we beýleki doganlyk halklaryň dilinde çap bolup çykdy.
B.Hudaýnazarow soňky ýyllarda öwüt äheňli pelsepewi goşgularyň hem ençemesini döretdi. Bu goşgular çuň many- mazmuny, pähim-paýhas, çeperçilik kämilligi bilen okyjyda uly täsir galdyrýar. «Adamyň bir mätäç zady -hoş sözdür...» diýen setir bilen başlanýan goşgusy şahyryň soňky ýyllarda döreden şahyrana eserleriniň gowy nusgalarynyň biridir.
Şahyr türkmen edebiýatynyň aýry-aýry meseleleri, ýaşlaryň döredijiligi barada makalalar bilen metbugat sahypalarynda yzygiderli çykyş etdi.
B.Hudaýnazarow türkmen edebiýatynda milletiň goýazy paýhasyndan kemal tapan köptaraplaýyn döredijiligi bilen hiç kimiňkä meňzemeýän ýokary ussatlygy, kämil çeperçilik dünýäsini miras galdyrdy.