T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə32/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Allaberdi Haýydowyň döredijiligi
(1929-1998)
Terjimehal maglumatlar. Zehinli türkmen ýazyjysy A.Haýydow Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda 1929-njy ýylda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. Beýik Watançylyk urşunyň gazaply ýyllarynda onuň çagalygy Mekan obasynda geçýär.
Ýazyjy 1942-nji ýylda ediýyllyk mekdebi tamamlaýar. Geljekki ýazyjy hem şol ýyllar ulularyň hatarynda durup, zähmetde bişişýär.
Ýazyjy Atamyrat şäherindäki mugallymçylyk mekdebini tamamlap, «Pagtaçynyň ýoly» atly etrap gazetine işe geçýär. Şol wagtlar ol gazetde ýaş şahyr Berdinazar Hudaýnazarow hem işleýärdi. Allaberdi bilen Berdinazar öz işleýän gazetleriniň ýanynda edebiýat gurnagyny döredýärler. Bu merkez etrabyň edebiýat bilen gyzyklanýan ýaşlary üçin ilkinji döredijilik mekdebi bolup hyzmat edýär.
Allaberdi bilen Berdinazar ýaşlaryň şowly çykan goşgularyny «Pagtaçynyň ýolunda» çap edýärdiler we Türkmenistan Ýazyjylar birleşigine iberýärdiler. Şol ýaşlardan Durdy Baýmyradow, Öde Abdyllaýew, Kaýum Taňrygulyýew, Ýagmyr Pirgulyýew belli ýazyjylar we edebiýatçylar bolup ýetişdiler.
Atamyrat etrabynyň aýratyn welaýat bolan wagty «Täze ýol» welaýat gazeti ýaş ýazyjy-şahyrlaryň arasynda giňden iş alyp barýardy. Ol gazet Allaberdi Haýydow, Berdinazar Hudaýnazarow, Röwşen Nowruzow ýaly ýaşlary döredijiligiň şaýoluna atarypdy.
Bu gazet türkmen şahyrlary Rehmet Seýidow, Ataköpek Mergen dagylar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýardy.
1946-njy ýylda Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň maslahatyna gatnaşan Allaberdi Haýydow şahyr Rehmet Seýidow bilen ýakyndan tanyşýar. R.Seýidow ýaş şahyryň döredijiligine hossarlyk gözi bilen garaýar, onuň goşgularynyň çeperçiliginiň barha kämilleşmegi üçin maslahatlar berýär.
A.Haýydow 1950-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ony gutarandan soň «Türkmenistan» neşirýatynyň redaktory bolup işleýär. Soňky wagtlarda bolsa Türkmenistan radiosynda redaktor, TYA-nyň filosofiýa we hukuk bölüminde ylmy işgär bolup zähmet çekýär. Çeper hem ylmy döredijilik bilen meşgullanýar.

Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin