Döredijilik häsiýetnamasy. A.Haýydow uniwersitetde okap ýören ýyllarynda edebi döredijilik işine has talapkär we jogapkärçilikli çemeleşip başlaýar. Öz eserlerini R.Seýidow, D.Haldurdy, B.Seýtäkow ýaly görnükli ussatlara okap berýär, olaryň maslahatlaryny diňleýär.
A.Haýydowyň «Biziň günlerimiz» (1952) diýen ilkinji ýygyndysyna giren goşgular Watana, il-güne buýsanç duýgulary bilen beslenipdi.
Şahyryň «Watan», «Türkmenistan» atly goşgularynda hem beýik Watanyň gözel keşbi janlanýar, güneşli ülkäniň waspy edilýär. Içi ýüzlerçe gämili goja Hazar, baýlyga baý Garabogaz, narly, limonly, hozly deräniň içi bilen akyp ýatan Sumbar, Köpetdagdan şaglap inýän bulaklar, bag-bakja bürelip oturan Pöwrize, onuň şypa beriji gözelligi we salkyn howasy, gadymy Mary, onuň täze görki, dünýä belli ýüpek pagtasy, çyrpynyp akýan Amyderýa… birin-birin okyjynyň gözüniň öňünden geçýär.
Şahyryň «Aşgabadyň baýyrlary» (1957), «Täze döwür» (1959), «Türkmen topragy» (1959), «Gözel Watan» (1958), «Köp gezdim ýurdumy» (1958), «Söýdüm» (1959), «Pöwrize» (1958), «Ýadyma duşdi» (1959), «Eý Watan» (1967), «Meniň mekanym» (1965), «Arçman» (1964), «Sen şygyr ülkesi» (1962), «Garybata» (1963) ýaly onlarça goşgulary hem türkmen topragyna bagyşlanandyr. Bu eserlerinde ol ýurduň her bir kunjegine mähir, söýgi besleýär.
Şahyr öz goşgularynda geçmişiň agyr günlerini gynanç bilen ýatlasa, zamananyň häzirki gözel keşbine guwanýar. Ol «Sen şygyr ülkesi» diýen goşgusynda Orta Aziýanyň geçmişini ýatlaýar. Onuň geçmişde şygyr ülkesi, senet ülkesi bolandygyny, Hafiz, Jamy, Ferdöwsi, Nowaýy, Magtymguly ýaly sungat ussatlarynyň şol töwerekde ýaşap geçendigini guwanç, söýgi bilen beýan edýär.
A.Haýydowyň döredijiliginde Watan hakdaky we watançylyk ruhly goşgular Türkmenistan, onuň obalarydyr şäherleri baradaky eserler bilen çäklenmeýär. Onuň uzak Sibir, Ukraina, Täjigistan, Kawkaz hakyndaky goşgulary munuň şol şygyrlarynyň üstüni ýetirýär. Bu şirin labyzly eserlerinde tebigat bilen ynsanyň bagrynyň badaşygy hakynda söhbet edilýär.
Şahyryň döredijiligindäki bu äheňler göňüden-göni butin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak bilen berk sepleşip gidýär.
A.Haýydowyň parahatçylyga bagyşlap döreden goşgularynyň arasynda «Watan eý görýär» (1950), «Kepderiniň suraty» (1951), «Ýoldaş, ýadyňda sakla!» (1950), «Şöhle keseli» (1959), «Negr rusça gepleýär» (1959), «Alžir» (1959) ýaly onlarça täsirli ýazylan goşgular bar. Şeýle goşgularda parahatçylygy bütin dünýäniň halklary bilelikde gorap saklamalydyr diýlen ideýa öňe sürülýär.
A.Haýydowyn liriki eserlerinde parahatçylygyň esasy daýanjy hökmünde zähmet esasy orunda goýulýar.
Şahyryň «Zähmet» (1949) diýen goşgusynda şahyr zähmetiň eşreti we getirýän şöhraty hakynda duýga baý setirler döredipdir.
Şahyryň «Ata-ogul dikeltmäge barýarlar» (1948), «Gije» (1948), «Ýetilen arzuw» (1950), «Säher» (1948), «Ak altyn ýetişýär» (1949), «Brigadir» (1951), «Erik bagy» (1947) «Çölde» (1950), «Pagtaçy gyzlaryň aýdymy» (1950), «Daň atanda» (1949), «Kömek ber kolhozňyza», «Pil» (1949), «Gowaçalar suwsapdyr» (1960); «Bugdaý» (1954), «Gurluşykçynyň aýdymy» (1959), «Ekinleriň ygşyldysy» (1954), «Altyn atyz» (1953), «Gabarçykly eller» (1959), «Traktorçynyň aýdymy» ýaly goşgulary tutuşlygyna zähmete we zähmet adam-laryna bagyşlanypdyr.
A.Haýydow soňky ýyllarda proza eserlerini hem döredip başlaýar. Onuň «Düýnki adamlar», «Million ädim» we ―Hökümdaryň kowulmagy‖ romanlary halk arasynda höwes bilen okalýar.
Ýazyjynyň «Düýnki adamlar» romany taryhy eserdir. Ol eserde sada türkmen ýigidiniň rewolýuňion işe baş goşmagynyň esasy sebäpleri birin-birin görkezilýär.
Derýanyň gaýra ýüzündäki türkmen obalarynyň birinde rewolýusiýanyň öňüsyrasynda ezijileriň eden-etdiligi iň soňky derejä çenli beterleşýär. Buhara emiriniň dikmeleri hem obanyň baýdyr işan-mollalary garyp halky ezilişiň dürli görnüşine sezewar edýärler.
Şeýlelikde halkyň sabyr käsesi püre-pür bolýar. Hemme tarapdan bihabar garyp obanyň adamlaryna gozgalaň düşýär. Soňy bilen olaryň arasyndan halk işi üçin baş göteren adamlar tapylýar.
Bu roman çap bolup çykanyndan soňra ol hakda ençeme syn ýazyldy. Şolarda edilen bellikler esasynda ýazyjy bu eserini täzeden işledi.
Allaberdi Haýydowyň ady agzalan romanynyň esasynda döredilen 3 kitapdan ybarat „Hökümdaryň kowulmagy» atly romanynda 1917-1920-nji ýyllarda Gündogar Türkmenistanda bolup geçen çylşyrymly syýasy wakalar suratlandyrylýar. Buhara emirliginiň tabynlygynda ýaşaýan lebaply türkmenleriň öz hak-hukuklary ugrunda alyp barýan göreşleri, welaýatda täze hökümeti berkarar etmekde goşan goşantlary romanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Kerkili Rozy baýyň gurdurýan kerwensaraýynyň garawuly Allaguly çaýhanada bir gün Gurhanyň Alla tarapyndan iberilendigine şübhelenýändigini agzyndan sypdyrýar. Bir mollaçar Allagulynyň al-petinden alyp, ony jezit diýip atlandyrýar. Jezidiň bolsa başy ölümli, maly talaňly. Allaguly kazy tarapyndan yzarlanyp başlaýar...
Eseriň dowamynda Allagulynyň obrazy dyngysyz ösýär, kämilleşýär. Sonuň bilen birlikde onuň söýgüli gyzy Badamyň hem obrazy wakalaryň jümmüşmde kemala gelýär.
Eserde taryhy şahslar bolan Seýit Alym hanyň, Kyýaseddiniň, Aýrapetowyň, Zeýhetullanyň obrazlary öz bähbitlermiň guluna öwrülen adamlar hökmünde görkezilýär. Abyt Magsym, Lamkart ýaly tipleriň keşpleriň ýaman pälleri iň soňunda özleri üçin duzaga öwrülýär. Muhammet, Haýdar, Ýusup, Nişapur, Kabul, Badam... ýaly gahrymanlar okyjyny özüne çekýär, uzak wagtlap ýadynda galýar.
Jora baýyň obrazy açgöz, zalym, şöhratparaz adamyň keşbidir.
Eser taryhy-çeperçilik gymmatlygy taýdan türkmen edebiýarynda mynasyp orny eýeleýär.
Allaberdi Haýydow eserleriniň aglaba bölegini tebigat temasynda ýazypdyr. Ol türkmen edebiýatynda tebigatşynaslyk prozasyny döreden ýazyjy hasaplanýar.
A. Haýydowyň proza eserleriniň birnäçesi awçylaryň durmuşyndan bolup, birnäçesi hem Türkmenistanyň tebigat we haýwanat dünýäsini gorap saklamak meselesine bagyşlanandyr.
A.Haýydow bu temada ilkinjileriň biri bolup eser döretmäge başlapdy. Onuň «Awçylar», «Günuň uklaýan ýerine syýahat» diýen powestleri hut şoňa bagyşlanypdy. «Günuň uklaýan ýerine syýahat» diýen eserinde ol Amyderýadan tä Köpetdag aralygynyň tebigat we haýwanat dünýäsini okyja görkezmek isleýär.
Ýazyjynyň ―Günüň uklaýan ýerine syýahat‖ atly kitabynda haýwanlar hakynda gürrüň berilse-de, ondaky haýwanlar allegoriki häsiýetde däldirler. Olar tebigy bolşy ýaly häsiýetlendirilip görkezilipdir.
Ýygyndynyň ―Meýdan towugynyň aýdymy‖, ―Hany tokaý?‖ ýaly hekaýalarynda-da tebigaty gorap saklamak ýaly möhüm tema gozgalýar.
―Hany tokaý?‖ hekaýasynyň gahrymany Abdy aga oba – dogduk depesine birnäçe ýyllardan soň gelip, obanyň golaýyndaky gür tokaýlygy görüp bilmänsoň lapy keç bolýar. Gahrymanyň tebigat bilen baglanyşykly oý-pikirleri, oňa gatnaşygy, nesiller üçin şol tokaýy saklamagy başarmadyk adamlara bolan nägileligi eserde esasy ideýany ýüze çykarýar.
―Günüň uklaýan ýerine syýahat‖ powestinde emeli derýanyň boýy bilen günüň ýaşýan tarapyna mejbury syýahat etmeli bolan gara şagalyň täsirli başdan geçirmelerinde ýazyjynyň synçylygy güýçli duýulýar. Ynsan bilen tebigatyň, tebigat bilen haýwanat dünýäsiniň arasyndaky bitewilik ýazyjynyň ―Bilesigelji garsak‖ hekaýasynyň-da süňňüne siňipdir.
Ýazyjy ünsüni tebigata berip, tebigat bilen gürleşýän ýaly täsin tebigat kartinalaryny çeper suratlandyrýar.
«Million ädimdäkiden» tapawutlylykda ol eserde adamyň üsti bilen däl-de, haýwanatyň üsti bilen ýazyjy täze geçirilen kanaly, töweregini okyjynyň göz öňüne getirýär. Kanalyň geçmegi bilen Garagumuň tebigatynyň gowulyga tarap özgerişini görkezmek bu eseriň baş maksadydyr.
A.Haýydow ussat prozaçy, ilhalar şahyr, köp meselelerden baş çykaryp bilýän, edebiýatçy hem filosof hökmünde türkmen edebiýatynyň ösmegine önjeýli goşant goşdy.
Ýazyjynyň «Million ädim» (1979) romany häzirki zaman temasyndan bolup, ol özünde bir topar meseleleri birleşdirip alyp gidýär. Bu eseriň baş gahrymany Muhammet — çopan oglan. Ol dynç almak üçin Pöwrize berlen putýowkadan ýüz öwrüp, Garagum çölüni gaýradan ilerligine kesip geçmek — syýahat etmek isleýär, sebäbi çöl Muhammediň «öz öýi». Muhammediň öňünde goýan maksady çöli ýöne bir kesip geçmek däl, oňa has hem belet bolmak, tebigatyny, haýwanatyny synlamak. Onuň ýan ýoldaşlary düýesi we Akbaý atly iti.
Muhammet öz syýahatynda çölüň tebigatyna degişli jandarlar bilen bilelikde adamyň gum içinde alyp barýan işlerine gabat gelýär. Bu romandaky wakalaryň üsti bilen ýazyjynyň tebigata bolan özboluşly synçylygyny duýmak bolýar. Okyjynyň gözüniň öňünden yzly-yzyna Garagumuň tebigaty bilen haýwanat dünýäsiniň sazlaşykly kartinalary geçip dur. Şolary gözden geçirmek bilen ýazyjy tebigaty goramagyň örän zerur meseledigine okyjynyň ünsüni çekýär.
„Million ädim― romanynda Garagum çölüniň gözellikleri, Garagum çölüne keşt eden adamyň gören zatlary, başyndan geçiren wakalary, oý-hyýallary öz beýanyny tapypdyr. Ýazyjy Muhammediň obrazyny döretmek bilen şol uçsyz-gyraksyz guma goýulýan sarpanyň belent derejesini açyp görkezýär.
Romanda Garagumyň tükeniksiz baýlyga eýedigi geologlaryň alyp barýan işleriniň üsti bilen aýdyňlaşýar. Eserde çölüň estetiki gözelligi şahyrana şöhlelendirilýär. Gözelligi duýup bilmeýän Tagan bilen Rüstem ýaly adamlar haýwanlara, ösümliklere rehimsizlik bilen daraşýarlar hem-de çöl haýwanlaryny gyrýarlar.
Allaberdi Haýydowyň döredijiligi Watan we halk bilen berk baglanyşykly. Ol Watany ähli zadyň gözbaşy hasaplaýar. Watany, halky, tebigaty, haýwanat dünýäsini jandan eziz söýýär. Ýazyjy tebigat temasy bilen aýratyn gyzyklanyp, çuňňur many-mazmuna we ýokary çeperçilik derejesine eýe bolan edebi eserlerini döredip, türkmen edebiýatynyň bu ugruny has-da baýlaşdyrdy.