Türkmenistanym (Watan hakynda goşgy)



Yüklə 0,82 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə4/11
tarix03.05.2020
ölçüsü0,82 Mb.
#31058
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11
Berdinazar Hudaýnazarow~Saýlanan goşgylar

 
Beýle adamlaryň güýçli ýaragy 
Ot dek çyn söz bilen süýt dek niýetdir. 
Beýikler bolmasa dünýä garrardy, 
Beýikler beýik bir zeruryýetdir.  
 
Buharada emir, Hywada han ýok. 
Emma Pyragy bar! Emma Seýdi bar! 
Olar halky gursagynda göterdi, 
Indi bolsa halk olary göterýär! 

 
Olar agyr günde ynanjyň boldy. 
Boldy arka dirän yranmaz gaýaň. 
...Çyn şahyrlar özün aýap bilmeýär, 
Rysgalyň haky üçin olary aýaň! 
 
Halyçy 
 
Seniň bahar ýüregiňde ýüwrdülip, 
Gözüň guwanjyndan çitilen haly, 
Göterip ýör seni, namysyň bolup, 
Türkmen aýaly! 
 
Daňyň şapagyndan darka bölünip, 
Törüňe çaýylan öwüşgin ýaly. 
Göterip ýör seni, şöhratyň bolup, 
Türkmen aýaly! 
 
Ak erişler — seniň ak arzuwyňdyr, 
Göwnüň gözellegi — gyrmyzy göli. 
Göterip ýör seni, seň yşkyň bolup, 
Türkmen aýaly! 
 
Ykbalyňy ýazyp çitimler bilen, 
Sonar sähralardan alyp nagşyňy, 
Kerwenleriň yzyn göle geçirdiň, 
Möhür edip basdyň Günüň dogşuny. 
 
Kakýan daragyňda çykýar dabyrdap, 
Bedewleriň toýnagynyň owazy. 
Halynyň üstüne eglen badyňa 
Kükräp gelýär giň sähranyň howasy. 
 
Alkyşlap gadymy Günüň şöhlesin, 
Taryplap dünýäde halaň çöregi. 
Halyň bilen aýlanyp ýör älemi! 
Türkmenleriň şahyrana ýüregi! 
 
Gergez obasy 

 
Gün Soňudagynyň gerşini sypap, 
Aňyrlygyna bakan sallandy gitdi. 
Garaňky gatlyşyp barýan çagynda, 
Ak maşyn gadymy Gerkeze ýetdi. 
 
Jülgäniň düýbünde otyr bu oba. 
Ýyldyz boýly daglar — daşynda haýat, 
Men Gerkezi görmän şu ýaşa çenli, 
Öz-özüme edipdirin hyýanat. 
 
Ýürege meňzeýär Gergez obasy. 
Daşyndaky daglar — girelge ganat. 
Pyragy dyrmaşyp çykmandyr daga, 
Ol uçupdyr, muny duýdum şu halat. 
 
Bu oba başga-da bir zat meňzeş: 
Gerkez ýada salýar Kosmodromy. 
Daglar emaý bilen yzy serpilip, 
Ortasyndan göterlendir Pyragy! 
 
Jülgäniň düýbünde çyralar ýanýar, 
Giň köçäniň ugry ýyldyr-da-ýyldyr. 
Bu mahal daglaryň dik depesinde 
Lowurdap göründe ilkinji ýyldyz. 
 
Gerkez asmanynda gözüme ildi 
Ala-böle ýyldyz. Bu niçik ahwal? 
Bu jülgeden uçup giden Şahyryň 
Ýyldyza öwrülen bolmagy ahwal. 
 
Ynanmak aňsat däl. Ynanmazlyk kyn. 
Hemme zat mümkin! 
Onuň ömri baýaky bir ömürden 
Rowaýat has ýakyn! 
 
Bir tarapdan howalanýar Soňudag, 
Başga bir tarapda Sünt bilen Hasar. 
Parahat dem alýar Gergez obasy, 

Ne-hä bir ah-wah bar, ne-de ýurtbasar. 
 
Şahyr bolsa aýlanyp ýör älemi, 
Göreşip ýör şindem beýik akyldar. 
Dünýäde şer barka uklamaga däl 
Onuň diňe söweşmäge haky bar! 
 
Aýal 
 
Owadan dünýäniň syry azaldy. 
Düýnki syrlar bu gün eýýäm aýandyr. 
Açyşly eýýamda açylman galan 
Syr bar bolsa meger, ol hem 
Aýaldyr. 
 
Galjak gümany ýok garaňky zadyň 
Zamanyň baky gündizliginde. 
Alys Aýy gözýetime göterdik, 
Aýal bolsa galdy gizlinliginde. 
 
Ýyldyzlar syryny saklap bilmedi, 
Pähimiň-paýhasyň kesgirliginde. 
Ýöne ýyldyz gözli zenan öňünde, 
Galdy akyl öňki asgynlygynda. 
 
Bu gülýän gözleriň näme diýýänin 
Bir özünden başga aňlap biljek ýok. 
Aýal deý apalap söýüp biljek ýok. 
Aýal dek owadan aldap biljek ýok. 
 
Bu jadyly gülkiň nämedigine 
Düşünmeklik bize baky gadagan. 
Bir seretseň, üstümizden gülüp ýör, 
Hem-de bize özün edýär sadaga. 
 
Ýyladyp bilýärkä, bezäp bilýärkä, 
Mydam müňkür erkekleriň dünýäsin, 
Men jomartlyk bilen geçýärin onuň 
Bir günäden başga barja günäsin! 

 
Ol günä-de bardy-geldi ýok bolsa, 
Ne hezillik, onda özüm günäli. 
Eý tebigat, beýle jadyly zatdan 
Sen nädip döredip bildiň Aýaly! 
 
Dünýäň syryn ýorgan kimin sypyrýas, 
Düýnki geňlik bu gün eýýäm aýandyr. 
Bu açyşly zamanada açylman 
Galan syr bar bolsa, ol hem megerem, 
Aýaldyr. 
 
Sähra bahar gelende 
 
Görüpmidiň, çöle bahar gelşini, 
Görüpmidiň, şonda sähraň bolşuny? 
 
Görüpmidiň, gök ummanyň içinde 
Çöl gözeli — jerenleriň böküşün? 
Gumlularyň öýlänçisi gelende 
Depä çykyp gyzlaň läle kakyşyn? 
 
Görüpmidiň, gök gürlände zeminden 
Gök ýylaklaň parsa-parsa çykyşyn? 
Gumlulary gutlap gelen ýaz bilen 
Yzyn üzmän ýyldyrymyň çakyşyn? 
 
Görüpmidiň, depelerden, düzlerden 
Mele siliň alalara akyşyn? 
Görüpmidiň, şonda teşne çarwalaň 
Çykyp daşa, bu görnüşe bakyşyn? 
 
Ysgapmydyň, gandymlaryň gülüni, 
Diňläpmidiň, sähraň jadyly sazyn? 
Eşdipmidiň, gözýetimden aňyrdan 
Gollar aşyp gelýän tüýdük owazyn? 
 
Synlapmydyň, ýaşyl ýaýla ýazylan 
Ýüpek ýüňli goýunlaryň sagrysyn? 

Çarwa gyzy säher suwa çykanda, 
Keteniň üstünden geýen begresin. 
 
Ah, sen çöl bahary, çölüň bahary, 
Neneň şahyrana, neneň eziz! 
Kim-de kim jemalyň görmedik bolsa, 
Dünýäň gözelligini görmändir heniz. 
 
Aşyklara 
 
Ýok, meňzäň diýemok Zöhre-Tahyra, 
Olaň güni başyňyza düşmesin! 
Ýöne welin, eý, erkana aşyklar, 
Siz arassa saklaň söýgiň çeşmesin. 
 
Men akyl bermekçi bolamok size, 
Men akyl bererden entek juda ýaş. 
Ýöne ýatlaýaryn: Mukaddes zatdyr, 
Säher çygy bilen zakgun dek gözýaş. 
 
Şasenem-Garyba meňzäň diýemok, 
Olaryň takdyry düşmesin başa! 
Ýöne azat söýgüde-de synag bar — 
Äsgermezlik eden çeker endişe. 
 
Hemme zat üýtgeýär dünýäň ýüzünde, 
Aşyklaň kanuny üýtgänok diňe: 
...Wepadar bol — maňa ýar boljak bolsaň, 
Ine, merdanalyk diýerler muňa! 
 
Ot ýaly oglanlar öňüňden çykar, 
Gözleri ataşdyr, sözleri şeker. 
Üç gezek bükülip dyzyna çöker — 
Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç! 
 
Ýalan aşyk bardyr entek dünýäde, 
Ýalan sözem bardyr entek dünýäde. 
Baýramda, ballarda ýary sal ýada, 
Başgalaň ýanyndan başga bolup geç! 

 
Ýüzüň açyk bolsun, tutuk bolmasyn, 
Gaşlar gülsün dursun, çytyk bolmasyn. 
Duşuňdan garaman ötüp bolmasyn — 
Ýere bakma, ile nazar salyp geç!.. 
 
Goý, mukaddes kasam bolup ýaňlansyn, 
Ýaryň ýaňagyndan alnan ogşuklar. 
Bir-birine berçinlensin kalbyňyz, 
Bagtly boluň, bagtly boluň Aşyklar! 
 
Läläm 
 
Gijem bolsa uçup geldim, 
Seni küýsäp öýme, Läläm. 
Çekdi bahar Garaguma 
Ajaýyp bir gaýma Läläm. 
 
Senem bahar bilen deň-duş, 
Gollara gir, depeden aş. 
Tebigatyň özem serhoş, 
Maňa serhoş diýme, Läläm. 
 
Çomuç bardyr goşar ýaly, 
Köl bar suwa düşer ýaly. 
Ylla, älemgoşar ýaly 
Başyňdaky öýme Läläm. 
 
Egniňdäki mawy atlaz, 
Asman kimin — epin tutmaz. 
Gün ynjytmaz, ýel ynjytmaz, 
Ýaşylbaş dek ýaýna, Läläm. 
 
Oýumyzyň ady Zäkli, 
Gül ýygaly akly-gökli. 
Arman, ýöne ömür çäkli, 
Ýokdur senden doýma, Läläm.  
 

Ýuka ýürek goşgy 
Guzy barda goşgy 
 
Bahar aýy begres geýen sährada, 
Dünýä inip, gözün açdy bir guzy. 
Gök ýylakly, goňras gumuň üstünde, 
Çal gandymyň gülleri bar gyrmyzy.  
 
Guzynyň gerşine merjen mysaly 
Sepelendi günüň melewşe nury. 
Guzy yraň atyp galdy aýaga, 
Siňdi endamyna öwüşgin bary. 
 
Dikgeripjik dört aýagnyň üstünde, 
Bugaryp dur, gerşi Güne ýylap dur. 
Bagry bilen balasyny penalap, 
Ene goýun endamyny ýalap dur. 
 
Baharyň ysyndan başy aýlanyp, 
Müň bir öwüşgine gamaşýar gözi. 
Enesine oýkanjyrap näz edýär. 
Zer buýra dolanan eýjejik guzy. 
 
Täsin guzy enesiniň ýanynda 
Ikije gün bökjekledi, emişdi... 
...Elden-ele geçdi sugry bagana, 
Bilmedim, ol altynmydy, kümüşdi? 
 
Ene goýun eňräp galdy yzynda, 
Çar tarapa urnup-urnup çyrlady. 
Sagrysyn sypalan goja çopanyň 
Sessiz aglanyny hiç kim görmedi. 
 
Aýdym 
 
Men Dünýäni unutdym, 
Saňa gözüm düşende. 
Ýok, ýok — Dünýäni tutdum, 
Saňa gözüm düşende. 

 
Sen bir çaga — neresse, 
Kuwwat berdiň müň esse. 
Gül ýagdy desse-desse, 
Saňa gözüm düşende. 
 
Ýedi ýyllap garaşdym, 
Ýedi ýyllap göreşdim. 
Gördüm-de göge uçdum, 
Saňa gözüm düşende. 
 
Hümmet artdy dulumda, 
Gurbat artdy dyzymda. 
Çaga boldum özüm-de, 
Saňa gözüm düşende. 
 
Näme diýsem azdyr-az, 
Öýe geldi aýdym-saz. 
Tagamlandy nandyr-duz, 
Saňa gözüm düşende 
 
Söýgi mukamy 
 
Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym, 
Gözleriniň ody ýürekde galdy. 
Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy, 
Garaýşy bu goşa garakda galdy. 
 
Müň gyzyň içinden gözüňe iler, 
Onki süňňüm bilen söýüpdim näler. 
Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar. 
Içen antym duzda-çörekde galdy. 
 
Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan, 
Näme diýjek bolsaň diýiber ynha. 
Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan, 
Pyşyrdym goşa ak derekde galdy. 
 
Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy. 

Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy. 
Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy. 
Jadyly gülküsi gulakda galdy. 
 
Gözelleriň gözlerinde hümmet bar, 
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar. 
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar, 
O ýyllar nähili uzakda galdy... 
 
Baharyň bir gijesi 
 
Agşamara bulut gelip asmana, 
Tas agşam seýlimiz çykypdy puja. 
Diýdim, Lapyň keç bolmasyn, 
sabyr et, 
Ak ýyldyzlar parlap çykar bu gije. 
 
Pisint etmän, 
Gerip agras gabagy, 
Duýman ýolduň üljeden bir çybygy, 
Bulda gargap, 
diýdim: 
Indi Bibi gyz 
Igenjiräp, içim ýakar bu gije. 
 
Birden şemal ösdi, bulut düýrüldi, 
Suwmonjugy gabagynda ýaryldy. 
Diýdim: 
Bahara bak, söwer ýar, indi, 
Näzirgän taryňa kakar, bu gije. 
 
Uzaga çekmedi baharyň näzi. 
Ýek-tük damja düşdi, 
Bolmady yzy, 
Diýdim: 
Aýyň müňläp-müňläp kenizi — 
Ýyldyzlar 
Bir saňa bakar, bu gije. 
 

Boýdaş üljäň gök pyntygyn elläňde, 
Agaryp göründi bir zat beýläňde, 
—Bag gülleýär! — 
diýdiň nazar aýlaňda, 
Gör, nähili gudrat eken, bu gije. 
 
Şeýdip, ülje göz öňünde gülledi, 
Ak barmagyň ak güli elledi, 
Gyýa bakyp, 
gaş çytjakdyň — 
bolmady, 
Kim aşygyň raýyn ýykar, bu gije?! 
 
Birden ak nikabyn syryp uzakda, 
Ýüzüň ýuwdy gök syrçaly bulakda. 
Egilende, 
ses ýaňlandy gulakda: 
Durşuna bal bilen şeker bu gije. 
 
Ýaşlyk humary 
 
Ýaşlyk mydam biziňkidir öýderdik, 
Ýaşlygyň humary başymyzdaka. 
Diňe gyzlar hakda gürrüň ederdik, 
Ýaşlygyň humary başymyzdaka. 
 
Duýgulardan öňe salmasaň akly, 
Näme isleseň — şoňa-da hakly, 
Gör, nähili ýüreklidik, ýürekli, 
Ýaşlygyň humary başymyzdaka. 
 
Durmuşyň ekdisi, öýüň tarhany, 
Senmi duýjak gyşyň, tomsuň parhyny. 
Ýeri, soran kimdir wagtyň nyrhyny, 
Ýaşlygyň humary başymyzdaka. 
 
Nähili bezärdi gözellermizi, 
Al şapagyň nury siňen gyrmyzy. 
Bilmändiris beýle bagtlydygmyzy, 

Ýaşlygyň humary başymyzdaka. 
 
Garypdyk özümiz, gurpludy göwün, 
Çyn zatlar bilen-de ederdik oýun. 
Eý ykbal! 
Saňa-da bolmandyk boýun, 
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.  
 
Guşlar bende, basjak ýeriňe 
 
Guşlar pel-pellesin Günüň astynda, 
Dagyň depesinde bulut oýnasyn. 
Meýdanlar bugarsyn alabaharda, 
Gelen ýaza bakyp gözüň doýmasyn. 
 
Giň sährada gök ýylagyň içinde, 
Ak guzular güneşlesin, mälesin. 
Çemen bogup Aşgabadyň baýrynda 
Aşyk oglan arzylasyn lälesin. 
 
Obamyzyň çetindäki üljelik 
Aladaňdan ak güllere bürensin. 
Awçylardan gözi gorkan ak guwlar, 
Garaw görmän mawy kölde daransyn. 
 
Alys serhetleriň asudalygyn 
Howatyrly kölegeler bozmasyn. 
Göze görnen, gögerçin dek gözeller 
Bimahal çak onda-munda mezmesin. 
 
Alys ýola düşen herki ýolagça 
Wepaly ýanýoldaş duşsun ylaýym. 
Ýene-de bir arzuw etmeli bolsa — 
Adamlara adamkärlik diläýin.  
 
Seredewer bende, basjak ýeriňe 
 
Seredewer bende, basjak ýeriňe, 
Taňry görmek üçin gözi ýaratdy. 

Ynsanyň gelşigi, 
Durmuşyň düzi — 
Şirin dili, güler ýüzi ýaratdy. 
 
Bir adam bar — ýüz-gözüniň gary bar, 
Bir adam bar — tuwagy bar, nury bar. 
Bäş barmagy deň etmedik Biribar 
Belent dagy, ymgyr düzi ýaratdy. 
 
Bar zat maňa ýatladyp dur Allany: 
Tomusda yssyny, 
Gyşda çilläni, 
Pikir öwrüp bilýän bolsaň — kelläni, 
Gepläp bilýän bolsaň — sözi ýaratdy. 
 
Kimleri ýaratdy saýramak üçin, 
Kimleri ýaratdy gargamak üçin, 
Ynsany haýwandan saýgarmak üçin, 
Ynsaby ýaratdy, lebzi ýaratdy. 
 
Çemen bar göwnüňi çaglamak üçin, 
Ýaman bar ýagşyny aňlamak üçin, 
Eý adam, agyňy aglamak üçin 
Kadyr Alla ine bizi ýaratdy. 
 
Kine 
 
Bu ömürde kän gezekler 
Elden gitdi paýym meniň. 
Duýgulary seňsiretdi, 
Agyr-pikir oýum meniň. 
 
Ýigit ýaşly atam bardy, 
Terk etmeli boldy ýurdy. 
Özgäňkiden giç dogýardy — 
Günüm bilen Aýym meniň. 
 
Iki ölüp bir direldim. 
Çaga beýnä agram saldym. 

Şeýle zabun kemsidildim 
Ýokka hergiz aýbym meniň. 
 
Hernä durman geçýär bar zat. 
Çagalar sag, öýüm abat. 
Eziz Allam, özüň şaýat — 
Arassadyr düýbüm. 
 
Agyr maňa günä etmek. 
Kine ýatyr gatlak-gatlak. 
Emma ine — şükür etmek 
Öňden gelýän däbim meniň. 
 
Adamyň bir mätäç zady — hoş sözdür 
 
Adamyň bir mätäç zady — hoş sözdür, 
Hoş söz aýdyň — depesine täç bolar. 
Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň, 
Kim bilip dur — bir ýyldan soň giç bolar. 
 
Gowa gowy diýeň entek dirikä, 
Gerek ýerde ýyly söz — bir güýç bolar. 
Hökman ölerine garaşyp durmaň, 
Kim bilip dur — bir ýyldan soň giç bolar. 
 
Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn, 
Şol närseden bärde çyksa hiç bolar. 
Goldaweriň bir-biregi söz bilen, 
Kim bilip dur — bir hepdeden giç bolar. 
 
Kalby çoýuň, alkyş alyň adamlar, 
Alkyşlynyň işi rowaç bolar. 
Erte tapylanok bu gün göreniň, 
Şu gün çoýuň — erte belki, giç bolar. 
 
Sahawatsyz ömür — gury bir töňňe, 
Sahawatsyz ömrüň soňy puç bolar. 
Sylaň bir-biregi — wagtyňyz barka, 
Mümkin... ýene bir sagatdan giç bolar. 

 
Isleg 
 
Säher synlap bu owadan jahany, 
Daglaryň başyna duman isledim. 
Ýanyp ýatan Garaguma göz aýlap, 
Tolkun atýan däli umman isledim. 
 
Ajap edim-gylym gördüm illerde, 
Är ýoldaş gözledim agyr ýollarda. 
Tamdyr ýaly howur berýän gollarda, 
Dem alara sergin şemal isledim. 
 
Yhlasymy ata ýurda bagyş etdim, 
Başardykça ýürekleri ýumşatdym. 
Ululara edep bilen baş atdym, 
Kiçilerden helik-salam isledim. 
 
Gara garnym diýip, hars urup ýörmän, 
Ýaşadym namarda boýnumy burman. 
Bagt diýilýän zady baýlykda görmän, 
Şol baýlyga derek kemal isledim. 
 
Köňül karar tapman säherde, şamda, 
Gursaklar daralyp ynam gowşanda, 
Allaň adyn agzap bilmän ýaşamda, 
Säherler ýaňlanýan azan isledim. 
 
Ýürekde duýgy bar, kellämde pikir, 
Bu dünýäni gördüm — şoňa-da şükür. 
Gedemlik etmedim, bolmadym müňkür, 
Herne toba etdim, aman isledim. 
 
Köçeden barýana kesek atmadym, 
Bisebäp birje gün bikär ýatmadym. 
Göriplik etmedim, adam satmadym, 
Serhoşa ser, dertlä derman isledim. 
 
Köpbilmiş bolmadym, köp biljek boldum, 

Gyşyk gürrüňlerden saklanjak boldum. 
Üç emjek bolmadym, bir emjek boldum, 
Azgyna Alladan zowal isledim. 
 
Hakdan özge hossarym ýok beýlämde, 
Ýalňyşdym kämahal dost-ýar saýlamda. 
Doglup, ýaşap iň bir zabun eýýamda, 
Eşretli, sapaly zaman isledim. 
 
Myjabata, mahabata döz gelip, 
Misginsokar bilen ýüzbe-ýüz bolup. 
Aňyrsy ýok bedasyldan bez bolup, 
Bäş günlük parahat döwran isledim. 
 
Heňňam diýilýän zat bolsa-da agyr, 
Özüň, adalatly bolawer, döwür, 
Ýagşy dileg edip süýji bir ömür, 
Ýamana gazaply Perman isledim. 
 
Şahyr diýen ady dakyp kesbime, 
On paý ýüki ýüklediler üstüme. 
Ataň pahyr — Aňkar baýyň nesline 
Arka-arka gitjek dowam isledim. 
 
Herki zadyň wagty bardyr agalar, 
Gije kimin gara saçlar agarar... 
Biribardan bu dünýäde at-abraý, 
O dünýäde nury Iman isledim. 
 
Biziňkiler 
 
Göwni galkyp, ata çykar, 
Gamçy bardyr guşagynda. 
Bedew münüp bilmeýäni 
Ýokdur oglan-uşagynda. 
 
Dost bolsun-u ýa-da duşman, 
Söwüşlener öýde düşlän. 
Baggoýuny bäşlän-üçlän 

Bardyr mydam işiginde. 
 
Bolmasa-da beýle gedem, 
Gyzyberer birden-birden. 
Toý-meýlisde geçer serden 
Dutar gyjak goşulanda. 
 
Gazma dutar dillenibir, 
Aýdym batly ýaňlanybir. 
Lallary-da hiňlenebir, 
Kalby dyňzap joşanynda. 
 
Dogan-garyndaşdyr bary — 
Obalaryň gylla ýary. 
Ýat ederler Biribary. 
 
Erkegi göýä han hemmä, 
Nahar äber, çaýyň demle. 
Aýalyna urup hemle, 
Ardynjyrar düşeginde. 
 
Hem tekepbir hem-de sada, 
Wagt hasaplap düşmez oda. 
Menzil söker paý-pyýada 
Giň sähranyň gujagynda. 
 
Sowat bolsa bolsun çäkli, 
Diplomy bar akly-gökli. 
Boýny mydam boýunbagly 
Sagady bar goşarynda. 
 
Gödegräkdir, ýöne göni, 
Oýnamakçy bolar seni. 
Toba geler, ömrüň Güni 
Ynha, ýaşar-ýaşarynda. 
 
Günä diýip gorkmaz  Hakdan, 
Habardardyr ak arakdan. 
Müýnürgemez töwerekden, 

Hezil edip gaşananda. 
 
Tekjelerde zerli kitap, 
Bary garrar bagry tütäp. 
Göwni däl-de, garnyn otap, 
Gägirer, el ýuwşanynda. 
 
Bir başyna müň zat derkar, 
Hysyrdanar, ýatmaz bikär. 
Hyrçyn dişläp, başyn ýaýkar, 
Kem-kem dünýä düşünende.  
 
Bahar nagyşlary 
 
Täze güni buşlap, bagyň içinde 
Sary bilbil saýrar — hoş owaz çykar. 
Gündogarda, gözýetimden alysda, 
Nurun çaýyp, tes-tegelek köz çykar. 
 
Asman porhan bolup mukamyn çalar, 
Sähralar gök öwsüp heýjana geler. 
Ak sakgally goja, düňýä ýigdeler, 
Ýüreklerden diňe aýdym-saz çykar. 
 
Çaýlar çasly akar, bolmaz ýadawy, 
Ak güle öwrüler üljäň pudagy. 
Barmaklary bilen ýapyp dodagy 
Ýaşyl derwezeden gözel gyz çykar. 
 
Bu neneňsi kamat, bu niçik didar, 
Baksa, akyldan dynar akyldar. 
Gara gözler jady bolup balkyldar, 
Şol gözlerden müň kereşme-näz çykar. 
 
Ýyldyrym atylar hatarma-hatar, 
Ýalkymy Magrupdan Maşryga ýeter. 
Asman Ýeri gutlap indi top atar, 
Biziň ilde ine, şeýdip ýaz çykar.  
 

Watan yşky 
 
Eý, ezizim, Ene ýurdum, 
Guşlar gaýsyn asmanyňda. 
Aňyrsynda Sen ýatansyň 
Guwanjymyň, gussamyň-da. 
 
Günler gelsin, günler geçsin, 
Ak bulutlar gonsun, göçsün. 
Miweleriň bulduraşsyn 
Göz güjeňläp bossanyňda. 
 
Daýhanlaryň çeksin azap, 
Gaýdyp gelsin gadym ynsap. 
Meýdanlarda joýa ýasap 
Ýagmyr ýagsyn isläniňde. 
 
Ak alaňlar, gök dereler 
Gözden gitmez eger-eger. 
Bolsun edip, ak pata ber, 
Göwne hyýal beslänimde. 
 
Gün depäňden eglip dursun, 
Nur bereket guýlup dursun. 
Ene mähriň duýlup dursun 
Ýazan, ýazjak dessanymda. 
 
Barlygynda belent sussum, 
Waspyň edýän bassyr-bassyr.  
Saňa söýgim mukaddesdir, 
Arzuwymda, yhlasym. 
 
Ak çabgalar ýüzüň ýuwar, 
Daglar gökden ak süýt emer. 
Ruhy golda, güýç-kuwwat ber, 
Takdyr bizi gyssanynda. 
 
Ak Gün depämizden sallanyp dursun 
 

Ownujak zatlar agzap durmalyň, 
Aýlar geçip, ýyllar aýlanyp dursun. 
Toýlar toýa, ýaslar ýasa meňzesin, 
Ak gün depämizden sallanyp dursun. 
 
Her paslyň ýagdaýy — rejesi bar. 
Her zadyň özüniň derejesi bar. 
Adamyň agy bar, garasy bar, 
Ýagşylar ýamandan saýlanyp dursun. 
 
Men kemimi öz içimde saklan däl. 
Görüp durus, her diplomly lukman däl. 
Bileňokmy — bilýän diýmek hökman däl. 
Bilmeýän bilýänden öwrenip dursun. 
 
Ýap boýunda tallar yransyn herýan, 
Sülmüresin deňiz, çyrpynsyn derýa. 
Sepilen tohumlar bolmasyn yrýa, 
Ýaýlalar ýagmyrdan suwlanyp dursun. 
 
Öý-öýdür, üzügi, durlugy bilen, 
Adamy tanarlar ýerligi bilen, 
Säheriň çygy dek terligi bilen
Gyz çyksyn, 
Ýigitler öýlenip dursun. 
 
Ogullarmyz ata ýumşun bitirsin, 
Her kes diňe öz ornunda otursyn. 
Gelen özi bilen döwlet getirsin, 
Gidenler yzyna köwlenip dursun. 
 
Ýigit ýalňyz dogulmasyn dörände, 
Hossar bolsun, dost-ýar bolsun degräňde. 
Bili guşap bir tarapa ugranda, 
Işimiz mydama şowlanyp dursun. 
 
Biderek gitmesin berlen öwütler, 
Goý, ýetişsin garga däl-de, bürgütler. 
Häh! diýende Mäh diýäýjek ýigitler, 

Çapyljak at ýaly şaýlanyp dursun. 
 
Bolsa-da adamlar beýikli-pesli, 
Maýda-ha bolmandyr türkmeniň asly. 
Oguz hanyň yzy, Göroglyň nesli, 
Ownama haw, murtuň towlanyp dursun. 
 
Türkmen 
 
Şeýle diýen eken bir syýahatçy: 
Türkmenleriň eý gördügi myhmandyr. 
... Dört dogan bar bolsa, eger, bir öýde, 
Garamaýak bolmaz — dördüsem handyr! 
 
Men bu baha bilen ylalaşýaryn. 
Han däl türkmeniňem han göwni bardyr. 
Kel tokludan başga zady bolmadyk 

Yüklə 0,82 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin