: GARŞYLYGY GÖRKEZÝÄN BAGLAÝJYLAR ARKALY BAGLANYŞÝAN DÜZMELI GOŞMA SÖZLEM. M E Y I L N A M A: 1. Garşylygy bildirýän düzmeli goşma sözlemler.
2. "Emma" baglaýjysy arkaly baglanyşýan düzmeli goşma sözlem
Garşylygy bildirýän düzmeli goşma sözlemler. Bu topar düzmeli goşma sözlemleri emele getirýän ýönekeý sözlem-ler many taýyndan ugurdaş bolman, köplenç bir-biri bilen garşylşykly düşünjeleri aňladýarlar we ondaky ýönekeý sözlemleri özara bagla-nyşdyrmak, garşylygy görkezmek üçin bolsa “emma, a. ýöne, welin, weli, emma weli, ýöne welin” soýazlary ulanylýarlar. Meselem: Gyzym, seniň özüň bu bolşundan razy bolsaň razysyň, emma men-ä razy däl. Ýok henize çenli men onuň bilen bir agyz hem gepleşemok, ýöne onuň bolşy meni gaýra üzjek. Sen meniň Nurýagdydygymy köp ýyllardan bäri bilýärsiň. ýöne weli men öňki Nurýagdy däl. Ol Rozany gördi, emma weli ejesiniň öňünde içini dökmäge ene-de ýürek edip bilmedi
"Emma" baglaýjysy arkaly baglanyşýan düzmeli goşma sözlem "Emma" baglaýjysy ikinji sözlemiň öň ýanyndan gelip, birinji sözleme garşylykly many aňladýar. Munuň kömegi bilen barlanyşýan düzmeli goşma sözlemlerden aşakdakyýaly manylar aňlanylýar: gapma-garşylykly many aňlanylýar. Şu hili sözlemleriň , habarlary, köplenç, gapma-garşy many aňladýan sözlerden bolup gelýär: "Biziň ýerimiz köp, emma bol suwumyz ýok..."(A.Gowşudow. Saylanan eserler); "Göni gabadynda ýumşak körpeçe, ýüpek ýorgan, per ýassyk ýatyrdy emma olaryň Jeren üçin gadyr-gymmaty ýokdy" (G.Kylyýew. Ýowuz günler); garşylyk-degşirme gatnaşygy aňlanylýar: ''Men atamyň ogludyryn, emma sen binamyssyň" (A.Gowşudow. Saylanan eserler); "Bu günler sowap barýan güýz günleridi, emma biz gije uly ot ýakman. gündiz uly tüsse çykarman mydar edýärdik" (A.Gowşudow. Saylanan eserler): ikinji sözlemden birinji sözlemiň tersine many çykýar: birdenkä onuň sesi tapba ýatdy, emma çaga-çuganyň gykylygy kopdi"(G.Kulyýew. Ýowuz günler); düzmeli goşma sözlemiň birinji bölegindüki hereketin cykwagyny ikinji bölegindüki hereket ýol bermeýar: oglan dyzynyp sypjak boldy, emma ol goýbermedi"; .
"Weli // welin" baglaýjysy arkaly baglanyşýan düzmeli goşma sözlem "Weli // welin" baglaýjysy birinji sözlemiň yzyndan gelip, şonuň bilen goşulyşyp aýdylýar. Munuň kömegi bilen baglanyşýan düzmeli goşma sözlemlerden aşakdaky ýaly many gatnaşyklary gelip çykýar: iki sözlem bir-biri bilen garşylykly deňeşdirilýär: "-Menem garagoldym welin, Jully kör menden hem bäş beter, tüýs garagol eken" (A.Gowşudow. Saylanan eserler); birinji sözlemdüki düşünje, umuman, tutuşlygyna makullanýar, ýöne ikinji sözlemdäki düşünje ondan çykgyt edilip, onuň garşysyna goýulýar: "Howa-da sowuk welin, ukudan oýanan adam hasüşek bolýar, meniň dostum gagşaýardy" birinji sözlemdüki hereketiň başa barmanlygy ikinji sözlemden aňlanylýar: "- Şonda iki tarapynyň hem dawasyny özüm ýatyrýardym welin, olam bolmady!.."; garşylyk-gaýdym gatnaşygy aňlanylýar: "...Köp düşündirjek boldy welin, hiç bolar ýaly däl" (A.Gowşudow. Saylanan eserler). ikinji sözlemden garaşylýan netije ýüze çykmaýar: "Gylyçmyrat ogul bäbejige garaşypdy weli, ýene gyz bäbejigi ele alaýdylar" (Garagum. 2000.).