170
JEMLEÝJI SÖHBET
Munda Siz VII bapda öwrenilen temalaryň
gysgaça netijeleri bilen
tanyşýarsyňyz.
Ses
Gurşawda ýaýraýan yrgyldylar. Ýygylygy 16 Hz den 20000
Hz aralygynda. Ýygylygy 16 Hz den pes seslere
infrases
,
ýygylygy 20000
Hz den belent seslere
ultrases
diýilýär. 1
Hz = 1/s
.
Kamerton
Anyk bir ýygylykly ses çykarýan gural. 1711-nji ýylda
iňlis sazandasy J. Şorom oýlap tapypdyr. Ol
U
şeklinde
bolupdyr
.
Rezonator
Yrgyldylary güýçlendiriji guty. Saz gurallarynda onuň üsti
ýuka deri, agaç bilen örtülýär
.
Mikrofon
Ses yrgyldylaryny, elektrik yrgyldylaryna öwürýän gural. Iki
sözden: mikros — kiçi we phone — ses sözlerinden alnan
.
Sesiň ýaýraýyş
tizligi
Ses ýaýramagy üçin sreda zerur. Gazlardaky ýaýraýyş
tizligi 0°C da 200—350 m/s, suwuklyklarda 1100—2000
m/s, gaty jisimlerde 3000—6500 m/s aralygynda bolýar
.
Ses gatylygy
Sesiň birlik üste dogry gelýän energiýasy bilen kesgitlenýän
ululyk. Ýygylygyna-da bagly. Ölçeg birligi detsibel (dB).
Sesiň belentliginiň ýokary agyry duýuş çägi 130 dB -a deň
.
Sesiň
belentligi
Ses ýygylygy bilen kesgitlenýär. Erkek adamlar garranda
onuň sesinde 100 den 7000 Hz çenli, aýallaryňkyda 200 den
9000 Hz çenli yrgyldylar bolýar
.
Sesiň tembri
Sesdäki obertonlaryň sany we güýji hem-de sesiň belentligi
bilen kesgitlenýän ululyk. Sesiň düzümindäki iň kiçi
ýygylyk ν
0
esasy ton diýilýär. 2ν
0
, 3ν
0
we ş.m. ýygylykly
yrgyldylara obertonlar diýilýär.
Ýaň
Sesiň ýaýramagynda päsgelçilikden geçmegine aýdylýar.
Päsgelçilikleriň ýerleşişi sesiň çeşmesinden uzaklygyna
seredip, ýaňyň köp gezek gaýtalanmagy mümkin.
Eholot
Deňziň we okeanlaryň çuňlugyny sesiň ýaňyndan peýda-
lanyp ölçeýän gural
.
Sesiň ýuduş
koeffisiýenti
Materiallara ýudulan sesiň energiýasynyň düşen sesiň
energiýasyna gatnaşygy
.
Binagärçilik
akustikasy
Binalaryň
akustik ululyklaryny ölçemek, olardaky sesiň
ýaýraýyş aýratyn lyklaryny öwrenmek we degişli maslahat
-
lary bermek bilen meşgullanýan ylmy pudak
.