164
birinji gezek belent, soňkylary bolsa barha peselýär. Onuň sebäbi, gök
gürrüldisiniň sesi daglardan, tokaýlardan, jaýlardan we bulutlardan
köp gezek serpilip bize eşidilişidir.
Sesiň serpilmegidan durmuşda we tehnikada köp peýdalanylýar.
Meselem: deňizde we okeanlarda çuňlugy
ölçemekde hem-de suwasty
gämileri anyklamak üçin ultraseslerden peýdalanylýar (128-nji surat).
Şonuň üçin deňziň düýbüne ultrases iberilýär we urulyp gaýdan ses
kabul edilýär. Sesiň barmagy we serpilmegi üçin giden wagt
t
ölçenip,
deňziň çuňlugy
h
anyklanýar. Munda ses 2
h
aralygy geçenligi üçin
2
h
=
t
·
t
bolýar. Mundan
h
t
=
⋅
t
2
anyklanýar.
t
– sesiň suwda ýaýrama
tizligi. Şeýle gural
eholot
diýlip atlandyrylýar.
Sesiň serpilmeginden metal predmetleriň arasynda howa boşlugy
ýa-da keseki maddalaryň girip galandygy anyklanýar. Göni guýma
degirlip goýlan ses çeşmesi we kabul ediji guýma boýunça ýöredilýär.
Eger guýmanyň içi birmeňzeş
dykyzlykda we bütin bolsa, serpilen
ses bir meňzeş bolýar. Keseki madda we boşluk bolsa, serpilen ses
bozulýar. Lukmançylykda hem böwrek kesellerini, hamyla ýagdaýyny
zyýansyz öwrenmek ultrasesler arkaly amala aşyrylýar.
Dostları ilə paylaş: