3. Gaty jisimlerdäki sesiň ýaýraýşy. Ony öwrenmek ýçin oýnawaç
telefon ýasaýarys. Agaçdan ýasalan iki sany kükürt gutujygyny alyp,
onuň bölejiklerini çykaryp goýýarys. Her birinde bir sanydan çöpi
galdyryp, bilinden bir sany ýüpüň iki ujuny kükürde deşip girizip
çöplere baglaýarys. Gutulary ýapyp ýüpi pugta edip çekýäris. Telefon
taýýar! Dostuňyza birini berip, gulagyna tutsun. Özüňizdäki gutyny
çekip, ýüpi gaty çekip guta gepleseňiz, dostuňyz arkaýyn eşider.
Munda ses ýüp arkaly geçýär. Demir ýoluň relslerine gulak tutan
adam, otlyny görmese-de, onuň gelýändigini eşidýär. Käte filmlerde
«hindi»leriň ýere ýatyp atlylaryň ýa-da haýwanlaryň sürüsiniň
golaýlaşýandygyny bilýändiklerini görensiňiz. Gaty jisimlerdäki sesiň
ýaýraýyş tizligi iň uludygy 5-nji jedwelden görnüp dur.
5-nji jedwel Gazlar
, m/s
0°C da
Suwuklyklar
, m/s
20°C da
Gaty
jisimler
, m/s
Uglerod (II) oksidi
338
Gliserin
1923
Alýuminiý
6260
Azot
333,6 Deňziň suwy
1490
Demir
5850
Argon
319
Simap
1451
Mis
4700
Kislorod
316
Aseton
1192
Kümüş
3620
Hlor
206
Etil spirti
1188
Altyn
3240
Amaly ýumuş 1. Suwy ýylatmakdan başlap, gaýnaýança çykarýan seslerini
gowuja diňläň. Sebäbini ara alyp maslahatlaşyň.
2. Mümkinçiligiňiz bolsa, sesiňizi magnitofona ýazyp , diňläp
görüň. Sesiňizi tanadyňyzmy?
161
1. Näme sebäpden gözi gowy görmeýän adamlaryň gulagy duýgur bolýar? 2. Ses haýsy wagtda uzaga barýar: yssy gündemi ýa-da sowuk gündemi? Sebäbini düşündirmäge çalyşyň. 59-njy TEMA