Maddany ň gurlu


-nji TEMA SES ÇEŞMELERI WE ONY KABUL EDIJILER



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə114/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   110   111   112   113   114   115   116   117   ...   131
fizika 6 turkman

57-nji TEMA
SES ÇEŞMELERI WE ONY KABUL EDIJILER
123-nji surat.
Sesiň nähili emele gelýändigini öwrenmek 
üçin aşakdaky tejribäni geçireliň (123-nji 
surat). Çyzgyjy alyp, partanyň gyrasyna 
ujuny uzyn edip çykaryp goýalyň. Galan 
bölegini suratda görkezilişi ýaly el bilen 
basyp duralyň. Uzyn ujuny basyp goýbersek, 
çyzgyçyň ujunyň yrgyldap başlandygyny görýäris. Şonda ses 
çykýarmy? Çyzgyjyň ujuny partanyň üstüne sürüp tejribäni gaýta-
laýarys. Munda ses eşidilýär. Çyzgyjyň yrgyl daýan bölegini barha 
kemeltsek, ses anykrak eşidilip başlanýar.
Diýmek, ses çykarýan ähli çeşmelerde nämedir yrgyldaýan eken. 
Hakykatdan hem, radiokerneýiň 124-nji suratda görkezilişi ýaly 


157
ýerleşdirip, üstüne kiçijik ýeňil dykynyň bölejiklerini ýa-da oýnawaç 
plastmassa şarjagaz lary goýsak, ses çykanda böküp durýandygyny 
görýäris.
Näme sebäpden uzyn çyzgyç yrgyldap duran da biz onuň sesini 
eşitmedik? Muny düşündirmek üçin yrgyldyny häsiýetlendirýän 
düşünjeleri we ululyklary girizeliň.
1.
 
Islendik gaýtalanýan herekete 
yrgyldyly hereket 
diýilýär.
2. 
1 sekunt wagtyň dowamyndaky yrgyldy laryň sanyna 
yrgyldylaryň ýygylygy
diýilýär.
Ýygylyk 

harpy bilen belgilenýär. 
Eger jisim 1 sekuntda 1 gezek yrgyldasa, onuň ýygylygy 
1 Gers (Hz)
diýlip kabul edilen. 
1
1
Hz
=
s
.
Adam gulagy 16 Hz -den 20 000 Hz -e çenli bolan sesleri duýup 
bilýär. 16 Hz -den kiçi seslere
 
infrases
we 20 000 Hz -den ulularyna 
ultrases
diýilýär.
Anyk bir ýygylykly ses çykarýan gurala 
kamerton
diýilýär. 
Kamertony 1711-nji ýylda iňlis sazandasy 
J. Şorom
oýlap tapan bolup, 
saz gurallaryny sazlamakda peýdalanypdyr. Kamerton iki şahly metal 
ster ženden ybarat bolup, ortasynda tutawajy bar (121-nji surat). Rezin 
taýajyk bilen kamer tonyň bir şahasyna urulsa, mälim bir ses eşidilýär. 
Kamer tonyň yrgylda göz ýetirmek üçin ýüpe ýeňil şarjagazy asyp, 
ony kamertonyň ikinji şahasyna degirip goýýarys. Kamertondan 
ses çykanda şarjagaz hem yrgyldap durýandygyny görmek bolar. 
Kamertondan çykýan sesi güýçlendirmek üçin ol agaçdan ýasalan 
gutujyga ýerleşdirilýär. Bu guta 
rezonator
diýilýär. Şol maksatda 
rubap, tar, dutar, tanbur ýaly gurallarda yrgyldaýan kirşiň astynda 
ýuka perde goýulýar. Adamyň hem ses çykarýan agzy kamertona 
meňzeýär. Dil yrgyldaýan jisim bolsa, agyz boşlugy we bokurdagy 
rezo nator wezipesini ýerine ýeti rýär.
124-nji surat.
125-nji surat.


158
Sesi kabul edijilere ilkinji nobat da adamyň gulagy degişli dir. 
Gulagyň içinde mahsus perde bo lup, oňa ses düşende yrgyldaýar 
we ondan signallar beýne ugradylýar. Adamlaryň gulaklarynyň 
duýgurlygy dürlüçe bo lýar. Okuwçy ýaşlar bi len garrylaryň gulagy bir 
deň eşitmeýär. Edil şeýle, haýwanlaryň hem sesi eşidiş ýygylygynyň 
diapa zony başgaçadyr. Kebelekler, güjük we pişikler, körsyçanlar 
ultra sesleri hem kabul edip bilýärler. Delfin 200 kHz çenli bolan 
ultrasesleri kabul edýär.
Sesi kabul etmek üçin ýörite 
mikrofonlar
döredilendir. «Mikrofon» 
sözi ýunança iki sözden: 
mikros
– kiçi we 
phone
– ses sözlerinden 
alnandyr. Mikrofonda ses yrgyldylary elektrik yrgyldylara öwrülýär, 
soňra mahsus güýçlendirijilerde güýçlendirilýär.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   110   111   112   113   114   115   116   117   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin