156
GIRI
Ş
SÖHBETI
Biz her gün dürli sesleriň täsirinde bolýarys: gepleşýän adamlaryň,
maşynlaryň sesi, telewizor we radiopriýomnikde çalynýan sazlar,
suwuň şarryldap akmagy we ş.m. Olardan käbirleri bize ýakýar,
käbir sesler bolsa ýakmaýar. Şoňa görä-de keýpimiz gowy bolup,
öndürijilikli işleýäris, okaýarys ýa-da tersine bolýar.
Ses arkaly
adamlar bir-biri bilen aragatnaşykda bolýarlar. Şu aragatnaşyk sebäpli
jemgyýetde ösüş bolýar. Ynsan seslerden peýdalanmagy bireýýäm
öwrenipdir. Sese degişli kanunalaýyklyklary öwrenmek bilen,
dürli
saz gurallaryny döredipdir. Sesi emeli ýagdaýda döredýän elektrik
saz gurallaryny oýlap tapypdyr. Ony siz toýlarda,
konsert zallarynda
birnäçe sazandanyň ýerine, ýekeje, «ionik» diýlip atlandyrylýan
elektrik saz guralyndan peýdalanyp, islendik heňi çykarýan
dolandyryjynyň mysalynda görensiňiz. «Ultrases» diýlip atlandyrylýan
sesiň görnüşinden medisinada käbir keselleri anyklamakda we
bejermekde peýdalanylýar. Sesiň şu görnüşinden ylmy-barlag işlerinde,
taýýar önümleriň
hilini barlamakda, deňiz we okeanlarda aralyklary
ölçemekde we başgalarda peýdalanylýar. Uly kuwwatly seslerden käte
himiki
prosesleri çaltlandyrmakda, maşyn we mehanizmleriň maýda,
näzik böleklerini arassalamakda hem ulanylýar.
Dostları ilə paylaş: