150
2. Şöhleli görkezijini (ýa-da elektrik nakal lam poçkasyny) optiki
diskiň gyrasyna berkidip, ondan aýna ýagtylyk düşürilýär.
3. Düşme burçuny üýtgedip, olara dogry gelýän serpilme burçlary
anyklanýar. Netijeler synp tagtasyna ýazylyp durulýar.
4. Düşme burçy we serpilme burçlarynyň deňdigi barlanýar.
5. Ak galyň kagyz serpilýän şöhle tarapdaky diske ýapyşýan edip
goýulýar. Şonda kagyzyň üstünde serpilýän şöhle görnüp durýar.
Kagyz birneme eplense, serpilen şöhläniň başlanyşy görünýär. Bu
hadysadan netije çykarylýar.
6. Tejribe şöhleli görkezijini optiki diskiň
çep tarapyna ornaş-
dyrmak bilen gaýtalanýar.
1. Düşme burçy we serpilme burçy özara nähili gatnaşykda
bolýar?
2. Serpilýän şöhle düşen şöhlä garanda nähili ýerleşýär? Bir
tekizlikdemi ýa-da islendik tekizlikdemi?
3. Düşme burçy 0
°
-a deň bolsa, serpilme burçy nämä deň bolýar?
56-njy TEMA
LABORATORIÝA IŞI. ÇÜÝŞE PRIZMANYŇ
KÖMEGINDE
ÝAGTYLYGYŇ SPEKTRE BÖLÜNIŞINI ÖWRENMEK
Gerekli esbaplar.
Proýeksion apparat (içinde
elektrik nakal
lampasy we şöhleleri ýygnaýjy optiki sistemasy bolan gurluş);
dürli
çüýşeden ýasalan prizmalar; göçme ekran.
Dostları ilə paylaş: