Maddany ň gurlu


Ýedi dürli reňkden ybarat şekil



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə108/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   ...   131
fizika 6 turkman

Ýedi dürli reňkden ybarat şekil 
spektr
diýlip atlandyrylýar.
Prizmadan çykan şöhle reňkli 
bolmagynda daşary, giren şöhlä garanda ýaýylan ýagdaýda bolýar. 
Munuň sebäbini öwrenmek üçin prizmadan çykan şöhlelerden birini 
galdyryp, galanyny ýapyp goýýarys we galdyrylan şöhläniň öňüne 
başga prizmany goýýarys. Priz madan geçen şöhleleriň gyşarma 
burçuny ölçäp, dürli reňkdäki şöhleleriň prizmadan geçende dürli 
burça gyşarýandygyny göreris. Iň köp gyşarma melewşe şöhlä, iň a
z
melewşe
gök
mawy
ýaşyl
sary
mämişi
gyzyl
118-nji surat.
gyşarma gyzyl şöhlä dogry gelýär. Eger ýapylan şöhleleri açyp 
goýberip, ikinji prizmadan geçirilse, şöhleler ýygylyp, ýene ak şöhlä 
öwrülýär. Munuň bilen Nýuton Günden gelýän ak şöhle aslynda 
mälim gatnaşykda goşulan dürli arassa reňkleriň goşylyşmagyndan 
ybaratdygyny subut edýär. Hakykatdan hem, soňluk bilen Ýung 
diýen alym ýedi sany reňk däl, eýsem üç sany: ýagny gyzyl, mawy 
we ýaşyl reňkleri goşup ak reňki alyp görkezýär. Şol üç sany reňk 
dürli gatnaşykda aralaşdyrylanda, başga ähli reňkler emele gelýän 
eken. Häzirki zaman reňkli telewizorlarynda ynha şu üç sany reňkiň 
goşulmagyndan reňkli şekil emele getirilýär. Zatlaryň we predmetleriň 
hem dürli reňkde görünmegi olaryň özüne düşen ýagtylykdaky käbir 
reňkleri ýudup, käbirlerini bolsa serpikdirmegidir. Meselem, gyzyl şar 
diňe gyzyl reňki serpikdirip, galanlaryny ýudýar. Gara jisim düşen 
ýagtylygyň hemmesini diýen ýaly ýutsa, ak jisim serpikdirýär.


149
Diýmek, ýokarda agzalan älemgoşar hem ýagyş damjalarynyň edil 
prizma ýaly şöhleleri serpikdirmegi we ondan döwlüp geçmegi sebäpli 
peýda bolýar.
Aristotel älemgoşary üç sany, ýagny gyzyl, ýaşyl, melewşe 
reňkden ybarat diýip hasaplapdyr. Nýuton bolsa ilki älemgoşary bäş 
reňke bölüpdir: gyzyl, sary, ýaşyl, gök, melewşe. Soňluk bilen on 
sany reňk bar diýip aýdypdyr. Ahyrynda ýedi reňkde togtapdyr. 
Hakykatda, älemgoşara üns bilen seredilende, reňkler bir-birinden 
anyk araçäklenmändir. Ýedi sifriň kabul edilmegi şertli bolup, 
gadymdan bu sifre aýratyn üns berlipdir. Dünýädäki ýedi täsinlik, 
ýedi gat asman, hepdäniň ýedi güni we ş.m. Gök gürrüldili ýagyşdan 
soň görünýän älemgoşar ýagty bolýar. Maýdalap ýagýan ýagyşdan soň 
emele gelen älemgoşar öçügsiräk bolýar. Gün gorizonta näçe ýakyn 
bolsa, älemgoşaryň ölçegleri şonça uly bolýar.
1. Älemgoşar çüwdürimiň hemme tarapynda-da bir wagtda 
görünýärmi?
2. Eger prizma diňe bir reňkdäki şöhle goýberilse, ekranda 
näme görner?
3. Näme sebäpden asman mawy reňkde, ir bilen we agşamara Günüň 
çykýan we batýan wagtynda gyzaryp görünýändigi barada pikirleniň.
• Spektrdäki şöhleleriň yzygider ýerleşiş tertibini aşakdaky 
jadyly sözle riň baş harplaryndan tapmak bolar. «Göm-gök 
miweler saralyp ýagşy, meňzär güllere mydam». G – gyzyl, M 
– mämişi, S – sary, Ýa – ýaşyl, M – mawy, G – gök we M – melewşe
.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin