başaşak, kiçelen we
hakyky bolýar. Eger predmet
aýnadan 2
F we
F arasyndaky aralyga goýulsa (113-nji surat), şekil bu
gezegem
1 we
2 şöhläniň kömeginde ýasalýar. Şekil
başaşak, ulalan we
hakyky bolýar. Eger predmet 2
F aralyga goýulsa, predmet we şekil
üstme-üst düşýär.
112-nji surat.
113-nji surat.
114-nji surat.
114-nji suratda güberçek aýnada
şekiliň emele getirilişi görkezilen.
Ondaky şekil
dogry, kiçelen we hyýaly bolýar.
Hasaplamalaryň
görkezişi
ýaly, güberçek we oýuk aýnalarda
predmetden aýnanyň merkezine çenli
bolan
d aralyk, şekilden aýnanyň
ortasyna çenli bolan
f aralyk (112-nji surat) we
F fokus aralygynyň
arasynda aşakdaky ýaly baglanyşyk bar:
1 1 1 = + F f d . Oýuk aýnalar daky
d we
F hemişe položitel baha eýedir.
f -iň
bahasy hakyky şekil üçin položitel, hyýaly şekil üçin otrisatel bolýar.
Sferik aýnalar gündelik durmuşda we tehnikada giňden ulanylýar.
Güberçek aýnalar awtomobillerde arka tarapyna gözegçilik etmek
üçin ornadylýar. Çünki onda tekiz aýna garanda ulurak ýeri görmek
bolar. Oýuk aýnalar şöhläni topla mak häsiýetine eýe bolandygy üçin
prožektorlarda, awtomobil we el fonarlarynda ulanylýar.
145
1. Hyýaly şekil diýende nämäni düşünýäris? 2. Tejribede sferik aýnalaryň fokusy nähili tapylýar? 3. Sferik üstüň merkezi we aýnanyň fokusy üstme-üst düşermi? 4. Oýuk aýnada ulalan şekili almak üçin predmeti nirä goýmaly?