Ýagtylygyň döwülmegi. Ýagtylygyň döwül-megini
öwrenmek üçin optiki diskde tekiz aýnanyň ýerine
ýarym töwerek şeklindäki çüýşäni ornadýarys (108-nji
surat). Çüýşä şöhleli görkezijiden şöhle goýberilende,
ondan bir bölek şöhläniň serpilýändigini (
1 ) we bir
bölegi döwlüp, çüýşäniň içine geçendigini (
2 ) görmek
bolar.
Döwlen şöhle bilen döwülme nokadyna geçirlen perpen dikulýaryň arasyndaky burça döwülme burçy ( β
) diýilýär. Tejribelerden görnüşi ýaly,
döwülme burçy düşme burçundan kiçi bolýar. Diýmek,
ýagtylyk şöhlesi bir sredadan ikinjisine geçende öz
ugruny üýtgedýän eken.
Stakana salnyp goýlan çaý çemçesiniň döwlen ýaly
bolup görünmegi, howuzdaky suwa seredilende çüň däl
ýaly bolup duýu lmagy ýagtylygyň suwa düşmeginde we çykmagyndaky
döwülmegi sebäplidir (109-njy surat). Ýagtylygyň bir gurşawdan
ikinjisine geçende döwülmeginiň sebäbi, ýagtylygyň ýaýraýyş tizliginiň
üýtgemegidir. Ýagtylyk çüýşeden howa ýa-da suw dan howa geçende
döwülme burçy düşme burçundan uly bolýar. Şonuň üçin hem suwda
ýaşaýanlar üçin daşky dünýä bütinleý başgaça bolup görünýär.
Amaly ýumuş Käsäni alyp, onuň içine teňňe taşlaň. Käsäni stoluň üstünde
goýup, ondan teňňe görünmeýän aralyga uzaklaşyň. Dostuňyz-
dan käsä suw salmagy soraň. Şonda teňňe ýene görünýän bolar.
Sebäbini düşündiriň.
140
1. Näme sebäpden kagyz öllenende arkasyndaky ýazgylar görünýär? 2. Suw boýunda oturan oglan, suwda Günüň suratyny görýär. Oglan ýerinden turanda, Günüň suraty haýsy tarapa süýşer? 3. Suwuň içinde durup töwerege seredilende, ondaky daşlar, suw otlary we ş.m., suwuň üstünden seredilen ýaly görünýärmi?