Maddany ň gurlu


-nji TEMA ÝAGTYLYGYŇ GÖNI ÇYZYK



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə96/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   ...   131
fizika 6 turkman

48-nji TEMA
ÝAGTYLYGYŇ GÖNI ÇYZYK 
 
BOÝUNÇA ÝAÝRAMAGY. KÖLEGE WE YARYM KÖLEGE
Ýagtylygyň ýaýramagyny öwrenmek üçin aşakdaky tejribä 
seredeliň. (Ç) ýagtylyk çeşmesi bilen (E) ekranyň arasyna haýsy-da 
bolsa bir (B) böwedi goýalyň (103-nji
 a
surat). Şonda ekranda böwediň 
emele getiren kölegesini göreris. Eger (Ç) çeşme bilen ekranyň arasyna 
(ÝB) ýarykly böwet goýsak, ekranda ýarygyň şekline laýyk menegi 
göreris (103-nji 
b
surat). Kölegäniň çetlerinden böwede tarap çyzyklary 
düşürsek, olar çeşmede duşuşýarlar. Şeýle ýagdaýy ýagty menek we 
ýaryk arkaly göni çyzyk geçirlende-de görmek bolar. Mundan ýagtylyk 
göni çyzyk boýunça ýaýraýar, diýen netijä gelýäris. Şoňa görä-de 
ýagtylyk 
şöhle
diýip hem atlandyrylýar. Käte matematikada göni 
çyzygy çyzmaga «şöhle geçireliň» diýlen sözler hem ulanylýar.
 a

b
)
103-nji surat.
Ç
Ç
B
ÝB
E
E
S
1
S
2
 a

b
)
104-nji surat.


135
104-nji suratda predmetiň arkasynda emele gelen kölege 
görkezilen. Kölegäniň orta bölegi doly garaňky, gyrasy bolsa çala 
garaňky. Şonuň üçin doly garaňky bölege 
kölege
, çala garaňky bölege 
ýarym kölege
diýilýär. 104-nji
 a
suratda predmete ýagtylyk iki çeşme 
(
S
1
we 
S
2
)den düşýän ýagdaýy görkezilen. Predmetiň arkasynda emele 
gelen kölegä hiç bir çeşmeden ýagtylyk düşmeýär. Ýarym kölegä 
çeşmäniň birinden ýagtylyk düşýär. Ýarym kölegäniň daşyna iki 
çeşmeden ýagtylyk düşýär. Eger şemlerden birini öçürsek, predmetiň 
arkasynda diňe kölege emele gelýär.
104-nji
 b
suratdaky ýagdaýy düşündirmäge synanyşyň! Onda şaryň 
ölçegi ýagtylyk çeşmesi bolan elektrik lam poçkasyndan ep-esli kiçi.
Amaly ýumuş
Okarany suwdan dolduryň. Eliňize galam alyp onuň okaranyň 
suwunyň düýbündäki kölegesine gözegçilik ediň. Soňra 
galamyň ýarysyny suwa sokup, ýene kölegesini synlaň. Şonda 
kölegäniň iki bölege bölünýän digine üns beriň. Kölegeleriň aralygy 
ep-esli uly bolup, ýagty bolýar. Sebäbi barada pikirleniň.
1. Näme üçin howa bulut bolanda predmetleriň kölegesi emele 
gelmeýär?
2. Eger diwara haýsy-da bolsa bir predmetiň kölegesi dü-
şürilse, bu kölegäniň ölçegi nämä bagly bolýar?
3. Ýagtylygyň göni çyzyk boýunça ýaýramagyny ýene nähili 
hadysalar tassyklaýar?

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin