133
Gün, ýyldyzlar, ýyldyrym, demirgazyk şapagy, ýapyldaýan tomzaklar,
käbir balyklar, çüýrüntgiler ýagtylygyň
tebigy çeşmelerine
degişlidir.
Ynsanyň aralaşmagy bilen emele getirilýän ýagtylyk çeşmelerine
emeli çeşmeler
diýilýär.
Olara elektrik lampoçkasy, oduň ýalny,
kerosin lampasy, telewizoryň ekrany, elektrik we gaz bilen kebşirleýji,
lýuminessent lampalar, gyzan gazlar we ş.m. ler girýär.
Ýagtylyk çeşmelerinden çykýan şöhle dürli reňke eýe bolýar.
Jisimleriň ýag tylyk çykarmagynyň esasy sebäbi onuň gyzmagydyr.
Jisimiň temperaturasynyň ýokary ýa-da aşak bolşuna garap,
ondan çykýan şöhläniň reňki-de üýtgeýär. Meselem: elektrik
lampoçkasyndan
kesgitli tok akyp geçmese, ol gyzaryp ýanýar we
otagy gowy ýagtylandyrmaýar.
Ýagtylygyň
tebigy çeşmeleri
Ýagtylygyň
emeli çeşmeleri
Ýagtylygy kabul
edijiler
102-nji surat.
Ýagtylygyň täsirinde işleýän jisimlere
ýagtylygy kabul edijiler
diýilýär.
Adamyň gözi şu wezipäni ýerine ýetirýär. Fotoplýonkalar,
fotosurat, wideo kamera, Gün batareýalary, telewizor we magni-
tofonlary dolandyrýan pultlar şolara degişlidir. Gün şöhleleriniň
täsirinde ösümliklerde örän çylşyrymly prosesler bolup geçýär we
Ýerdäki ýaşaýyş üçin möhüm bolan kislorod bölünip çykýar we
beloklar, ýaglar emele gelýär.