132
GIRI
Ş
SÖHBETI
Öňki temalarda aýdyşymyz ýaly, Gün Ýerdäki energiýanyň
esasy
çeşmesi bolmak bilen birlikde, ondaky organiki ýaşaýşyň sebäpçisi
hem dir. Ösümlikleriň, daragtlaryň ösmegi üçin elbetde ýagtylyk gerek.
Ýag tylyk diýende nämä düşünýäris? Görmek nähili bolup geçýär?
Ýagtylyk näme sebäpden galyň aýnadan geçýär welin, emma ýuka
karton kagyzdan geçmeýär? Ol nähili tizlik bilen ýaýraýar? Şular ýaly
soraglara adamzat gadym zamanlardan bäri jogap agtarypdyr. Ýöne
ýagtylyk özüniň syrla ryny, başga hadysalara görä uzagrak saklap
geldi. Biziň görmek arkaly daş-töweregimizdäki älem
barada alan
bilimlerimiz başga duýgularymyz arkaly alan bilimlerden ep-esli köp.
Gadymy grekler adamyň gözünden nähilidir şöhleler çykýar we
olar zatlara, predmetlere düşüp ony görýär, diýip pikir edipdirler.
Şeýle bo lýan bolsa gözüň görüşi gijesine we gündizine bir
meňzeş bolmaly dälmi? Siz nähili pikir edýärsiňiz? Soňluk
bilen
iňlis alymy I. Nýuton ýagty lyga örän maýda bölejikleriň akymy
hökmünde seretmegi teklip edýär. Bu akym
ýagtylyk şöhlesi
diýlip
atlandyrylýar. Ýagtylyk
şöhlesi belli bir çeşmeden, meselem, Günden
çykyp zatlara we predmetlere düşýär.
Olardan serpilip gözümize
düşse, biz olary görýäris diýip düşündirýär. Beýle düşündiriş ýagtylyk
bilen baglanyşykly ençeme hadysalary düşün dirse-de, käbirlerini
düşündirip bilmeýär. Meselem: Günüň täsirinde bedeniň garalmagy,
matalaryň ýagtylygyň täsirinde reňkiniň öçmegi, ösüm likleriň
ýapragynyň ýaşyl bolmagy we ş.m. Şeýle hadysalary öwrenmekde
alymlar
ýagtylygyň
tebigaty
baradaky
başga
nazaryýetleri
döredipdirler. Olar bilen Siz nobatdaky synplarda tanyşarsyňyz.
Dostları ilə paylaş: