Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə98/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   94   95   96   97   98   99   100   101   ...   131
fizika 6 turkman

Amaly ýumuş
100 ýa-da 50 somluk teňňäni alyp, ol arkaly Gün serediň. Eger 
teňňäni gözüňize gaty ýakyn getirseňiz, Gün doly ýapylýar. 
Teňňäni ýuwaş-ýuwaşdan gözüňizden uzaklaşdyrsaňyz Günüň ortasy 
ýapylyp, gyrasy halka şekilli bolup görünýär. 
Tejribäni geçirende tüm 
gara äýnek dakynyň!
1. Aýdan seredip Ýeriň tutulyşyny görmek bolýarmy?
2. Ýylyň dowamynda haýsy bir hadysanyň köpräk bolmagy 
mümkin: Aýyň tutulmagymy ýa-da Günuň tutulmagy?
3. Aýda hem bölekleýin tutulma bolarmy?
• Ýer bilen Günüň aralygynda iki sany planeta hereketlenýär. 
Olar Merkuriý we Wenera diýlip atlandyrylýar. Olar Ýer bilen 
Günüň arasyna düşende Günüň tutulmagy bolup geçmeýärmi? Ýer 
bilen bu planetalaryň aralygy gaty uly bolanlygy üçin olaryň kölegesi 
örän kiçi bolýar. Şonuň üçin mahsus esbaplar bilen seredilende
Günüň içinde kiçi gara menegiň hereketlenip geçişini görmek bolar.
• Gadymky wawilonlylar eramyzdan öňki 2000-nji ýyllarda Günüň 
we Aýyň tutulmagynda gaýtalanmanyň bardygy anykladylar. Bu 
döwür 
saros
(arapça – gaýtalanmak) diýlip atlandyrylyp, 6585
1
3
sutka, 
ýagny 18 ýyl we 11,3 sutka deňdir. Şu döwürde 43 gezek Günüň 
tutulmagy we 28 gezek Aýyň tutulmagy bolup geçýär.


138
50-nji TEMA
ÝAGTYLYGYŇ TIZLIGI. 
 
ÝAGTYLYGYŇ SERPILMEGI WE DÖWÜLMEGI
Aristotel, ýagtylyk şöhlesini bir nokatdan ikinji nokada bir pursatda 
barýar, diýip hasaplapdy. Ýagtylygyň tezligini tejribede anyklamaga 
Galileý syna nyşypdyr. Bir-birinden birnäçe kilometr uzaklykda 
ýerleşdirilen iki adamyň birine panus beripdirler. Panusy bir bir gezek 
ýakyp-öçüren adam wagty belläpdir. Ikinji gözegçi gören wagtyny 
belläpdir. Ýöne tejribe üstünliksiz tamamlanypdyr. Ýagtylygyň 
tezligini ilkinji bolup 1676-njy ýylda daniýaly astronom 
Olaf Rýomer
ölçemegi başarypdyr. Şondan soň başga alymlar hem ýagtylygyň 
tezligini dürlüçe usulda ölçäpdirler. Ýagtylygyň tizligi örän uly bolup, 
wakuumda 

= 300 000 km/s-a deň.
Tebigatdaky başga hiç bir jisim ýa-da bölejik şeýle tizlige eýe 
bolup bilmeýär. Ýagtylyk bir sredadan ikinjisine geçende tizligi 
üýtgeýär. Meselem, suwda onuň tizligi 225 000 km/s bolsa, çüýşede 
200 000 km/s-ga deňdir. Şeýle uly tizlik bilen hereketlenýän Gün 
şöhlesi Ýere takmynan 8,3 minutda ýetip gelýär.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   94   95   96   97   98   99   100   101   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin