Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə99/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   131
fizika 6 turkman

Ýagtylygyň serpilmegi
. Siz käte filmde kapasanyň içinde goýlan 
aýnanyň öňüne tötänlikden baran maýmyn ýa-da başga haýwanlaryň 
nähili ýagdaýa düşýändigini bir ýadyňyza salyň. Olar aýnanyň içine 
girip özüniň syrly keşbini tutmakçy bolýarlar. Suw içmäge gelen 
ýabany adamlar hem suwda öz suratyny görüp haýran galypdyrlar.
Bu hadysalaryň sebäbi ýagtylygyň dürli jisimler – aýna, suwuň 
üsti, äpiş gäniň aýnasy, ýylmanan metal üstlerden we başga 
predmetlerden serpilmegidir. Ýagtylyk howadan suwa düşende 
onuň bir bölegi serpilýär, bir bölegi suwuň içine geçýär. Ýagtylygyň 
serpilmegini öwrenmek üçin aşakdaky gurluşdan peýdalanylýar 
(107-nji surat). Optiki diskiň ortasyna tekiz aýna goýup, oňa 
«şöhleli görkeziji» (lazer) şöhlesini goýbereliň. Şonda aýnadan 
şöhläniň serpilýändigini görýäris. Şöhläniň düşme burçuny 
üýtgedip görsek,serpilme burçy-da oňa laýyklykda üýtgeýän eken.
 
Düşme burçy
 
diýip, düşen şöhle bilen, şöhle düşen nokada 
geçirlen perpendikulýaryň arasyndaky (α) burça aýdylýar. 
Serpilme 
burçy
hökmünde serpilen şöhle bilen, şu nokada geçirlen 


139
perpendikulýaryň arasyndaky (γ) burç alynýar. Tejribeleriň görkezişi 
ýaly, 
serpilme burçy hemişe düşme burçuna deň:



.
107-nji surat.
108-nji surat.
109-njy surat.
Muňa 
ýagtylygyň serpilme kanuny
diýilýär.
Eger predmetiň üsti absolýut ýylmanak bolsa-
dy, şöhle ondan diňe bir tarapa serpilip we biz ony 
şol tarapdan seretsek, gören bolardyk. Aslynda pred-
metleriň üstünde büdür-südürleriň bolýandygy üçin 
ondan ýagtylyk saçylyp gidýär. Saçylan şöhle gözüňi 
ýadatmaýar. Şu sebäpli otagy ýagtylandyrýan çeşmeler 
ýagtylygy saçýan edilip ýasalýar.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin