Iki ýa-da bir tarapy sferik üst bilen çäklenen dury jisime linza diýilýär. Adatda, linzalar
çüýşeden ýasalýar. Orta bölegi çetki bölegine garanda galyň
bolan linzalara
güberçek , ýuka bolýanlara
oýuk linzalar diýilýär. Sferik ütleriň
O 1
we
O 2
merkezlerinden geçýän göni çyzyga
linzanyň baş optiki oky diýilýär (115-nji surat). Optiki okda ýatýan
linzanyň merkezindäki nokada
linzanyň optiki merkezi diýilýär. Güberçek we oýuk linzalardan şöhläniň geçişi dürlüçe bolýar.
Güberçek linzany alyp, ony Gün şöhlelerine dik ýagdaýda tutalyň.
Linzadan geçen şöhläni depderiň listine düşüreliň. Linzany ýokary
ýa-da aşak süýşürsek, depderiň üstündäki ýagty menek kiçelip,
nokada öwrülýär we ondan tüsse çykýar. Diýmek, linzadan geçen
şöhleler bir nokatda toplanýar (116-njy surat). Bu nokada
linzanyň fokusy (
F ) diýilýär. Linzanyň optik merkezinden şu nokada
çenli bolan aralyga
linzanyň fokus aralygy diýilýär. Linza ters
bolan ugra parallel şöhleler düşürilse, olar ikinji tarapda ýygnanýar.
Şoňa görä-de
islendik linzada her tarapynda bir fokus bolýar. Oýuk linza bilen şeýle tejribe geçirilse, şöhle ler tersine, saçylyp
gidýär (117-nji surat). Saçylan şöhleler hyýalda dowam etdirilse, optiki
okdaky
F nokatda kesişýär. Şönuň üçin oýuk linzanyň fokusy
hyýalydyr. Şeýlelikde,
güberçek lin za ýygnaýjy linza, oýuk lin za dargadyjy linza diýlip atlandyrylýar. Linzalaryň bir tarapy sferik, ikinji tarapy tekiz bolmagy hem mümkin.
115-nji surat.
116-njy surat.
117-nji surat.
Güberçek linzada predmeti mä lim aralyga ýerleşdirilse, ondaky
şekil ulaldylan bolýan eken. Onuň bu aýratynlyklaryndan zatlary
ulaldyp görmekde peýdalanylýar.