Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə119/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   ...   131
fizika 6 turkman

2. Sesiň belentligi. 
Bu ululyk sesiň ýygylygy bilen kesgitlenýär. 
Mälim bolşy ýaly, adam geplände ýa-da aýdym aýdanda bir meňzeş 
ýygylykly yrgyldylary çykarman, köp dürli ýygylykly yrgyldylary 
döredýär. Erkek adam geplände onuň sesinde 100 den 7000 Hz çenli, 
aýalyň sesinde 200 den 9000 Gs çenli bolan yrgyldylar duşýar. 
Nagaradan çykýan sesler 90 dan 14 000 Hz çenli bolýar.
3. Sesiň tembri.
Oňa seredip kimiň gepleýändigini, kimiň aýdym 
aýdýandygyny ýa-da nähili sazyň çalynýandygyny anyklamak bolar. 
Sesiň içindäki köp ýygylykly yrgyldylardan iň kiçi ýygylygy 

0
-y 
esasy ton
diýlip, 2

0
, 3

0
we ş.m. ýygylykly yrgyldylara 
obertonlar
diýilýär. Ynha şu obertonlaryň sany we oberton laryň güýji hem-de 
sesiniň belentligine garap, ses çeşmeleri dürli tembre eýe bolýar.
Erkekleriň çykarýan esasy tonuna seredip, sesi 
«Bas» (80–
350 Hz), «Bariton» (110–400 Hz), «Tenor» (230–520 Hz) 
ýalylara, 
aýallaryňkyny
«Soprano» (260–1050 Hz)

«Kontralto» (170–780 Hz), 
«Messo-soprano» (200–900 Hz)
we 
«Koloratur soprano» (260–1400 
Hz) 
lara bölünýär.
Amaly ýumuş (synpda ýerine ýetirilýär)
Kamertony ilki rezin taýajyk bilen, soňra çekijiň dessesi 
bilen urup, kamertonyň ses çykaryşynda nähili tapawudyň 
bolýandygyny anyklaň. 
Öýde rýumkalar bilen ýerine ýetirmek 
mümkin.
1. Gaty gygyrylan we çyňsaýan sesler nämeleri bilen 
tapawutlanýar?
2. Rubap sazlananda onuň tary çekdirilýär. Şonda çykýan 
sesiň haýsy parametri üýtgeýär?
3. Bedre wodoprowod kranynyň kömeginde doldurylýar. Näme 
üçin gap doldugy saýyn onuň sesi belent eşidilýär?
• Ýagtylygyň spektriniň ýedi reňke bölünişi ýaly, sesiň 
tonlaryny 
hem 
ýedä 
bölýärler: 
do-re-mi-fa-sol-lýa-si... 
Reňkleriň ýagtylygyny hem, sesleriň ululyklaryny hem adamyň gözi 
we gulagynyň duýujylygy bilen kesgitleýärler. Sesleri ylmy esasda 
tonlara bölmegi Pifagora degişli diýýärler. Onuň şägirtleri kedr 
agajyndan, bir sany tarly «monohord» diýlip atlandyrylýan guraly 


163
ýasapdyrlar. Tar çalynanda, bir sany tona eýe bolan ses çykypdyr. 
Taryň uzynlygyny iki bölege bölünende (ortasyny basyp), ýokaryrak 
tonda ses çykypdyr. Şeýlelikde sazyň tonlaryny taryň uzynlygy bilen 
kesgitleýän kanunalaýyklyklar tapylypdyr.
• Haýwanlaryň arasynda piliň gulagy iň uly. Şoňa görä-de onuň 
eşidiş ukyby örän ýokarydyr diýip pikir edýärler. Aslynda piliň 
gylaklary onuň temperaturasyny üýtgetmän saklap durmak üçin 
hyzmat edýär. Gulaklardan geçen gan sowaýar. Şonuň üçin hem yssy 
günlerde piliň gulagy dyngysyz gymyldap durýar.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin