149
Diýmek, ýokarda agzalan älemgoşar hem ýagyş damjalarynyň edil
prizma ýaly şöhleleri serpikdirmegi we ondan döwlüp geçmegi sebäpli
peýda bolýar.
Aristotel älemgoşary üç sany, ýagny gyzyl, ýaşyl, melewşe
reňkden ybarat diýip hasaplapdyr. Nýuton bolsa ilki älemgoşary bäş
reňke bölüpdir: gyzyl, sary, ýaşyl, gök, melewşe. Soňluk bilen on
sany reňk bar diýip aýdypdyr. Ahyrynda ýedi reňkde togtapdyr.
Hakykatda, älemgoşara
üns bilen seredilende, reňkler bir-birinden
anyk araçäklenmändir. Ýedi sifriň kabul edilmegi şertli bolup,
gadymdan bu sifre aýratyn üns berlipdir. Dünýädäki ýedi täsinlik,
ýedi
gat asman, hepdäniň ýedi güni we ş.m. Gök gürrüldili ýagyşdan
soň görünýän älemgoşar ýagty bolýar. Maýdalap ýagýan ýagyşdan soň
emele gelen älemgoşar öçügsiräk bolýar. Gün gorizonta näçe ýakyn
bolsa, älemgoşaryň ölçegleri şonça uly bolýar.
1. Älemgoşar çüwdürimiň hemme tarapynda-da bir wagtda
görünýärmi?
2. Eger prizma diňe bir reňkdäki şöhle goýberilse, ekranda
näme görner?
3. Näme sebäpden asman mawy reňkde, ir bilen we agşamara Günüň
çykýan we batýan wagtynda gyzaryp görünýändigi barada pikirleniň.
• Spektrdäki şöhleleriň yzygider ýerleşiş
tertibini aşakdaky
jadyly sözle riň baş harplaryndan tapmak bolar. «Göm-gök
miweler saralyp ýagşy, meňzär güllere mydam». G – gyzyl, M
– mämişi, S – sary, Ýa – ýaşyl, M – mawy, G – gök we M – melewşe
.
Dostları ilə paylaş: