Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə116/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   112   113   114   115   116   117   118   119   ...   131
fizika 6 turkman

1. Gazlarda sesiň ýaýraýşy. 
Stadionlarda geçirilýän uly çärelerde 
dürli uzaklykda ýerleşen radiokerneýlerden çykan birmeňzeş 
sesleriň bir wagtda däl-de, eýsem yzly-yzyna eşidilýändigine üns 
berensiňiz. Asmana atylan raketalaryň öňürti ýalpyldaýandygy, 
soňra onuň partlaýan sesini hem eşidensiňiz. Gök gürrüldeýän 
wagtynda, ýyldyrym çakandan ep-esli soň onuň gürrüldeýän sesi 
eşidilýär. Diýmek, sesiň howada ýaýraýyş tizligi ýagtylygyň ýaýraýyş 
tizliginden ep-esli pes eken. Sesiň howada ýaýraýyş tizligi birinji 
gezek 1636-njy ýylda fransuz alymy M. Mersen ölçäpdir. Sesiň 20°C 
daky tizligi 343 m/s ýa-da 1235 km/sagada deň. Bu ululyk tüpeňiň 
okunyň tizliginden takmynan iki esse az. Sesiň tizligi howanyň 
temperaturasynyň göterilmegi bilen artýar. Sesiň tizligi 10°C da 337,3 
m/s, 0°C da 331,5 m/s, 30°C da 348,9 m/s we 50°C da 360,3 m/s da 
deň. Dürli gazlar, suwuklyklar we gaty jisimler üçin 0°C daky sesiň 
tizligi 5-nji jedwelde getirilen.
2. Suwuklyklarda sesiň ýaýraýşy.
Suwuk lykdaky bölejikler 
gazlara görä dykyzrak ýerleşenligi sebäpli olarda sesiň ýaýraýyş 
tizligi ulurak bolýar. Sesiň suwdaky tizligini bi rinji gezek 1826-
njy ýylda 
J. Kolladon
we 
Ýa. Şturm
Şwesariýadaky Ženewa kölünde 


160
ölçäpdirler. 8°C ly suwda ölçenen tizlik 1440 m/s bolupdyr. Ýaplarda 
suwa düşende suwuň aşagynda iki sany daşy urup görüp, onuň 
sesini eşiden okuwçylar bardyr. Daşarda durup suwuň içinde emele 
getirlen sesleri näme üçin eşidýäris? Şonuň üçin hem balyklar sesini 
çykarmaýar, diýen netijä gelendiris. «Balyk ýaly sakow» diýen jümle-
de şondan galypdyr. Aslynda balyklar hem, başga suw haýwanlary 
– kitler, delfinler hem ses çykaryp, bir-biri bilen aragatnaşykda 
bolýarlar. Diňe suwda emele getirlen sesiň 99,9% suwuň derejesinden 
yzyna gaýdýar. Edil şeýle, howada emele getirlen ses hem suwuň içine 
geçmeýär.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   112   113   114   115   116   117   118   119   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin