Maddany ň gurlu


Kerneý we surnaýlarda sesiň nähili emele gelýändigi barada



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə115/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   111   112   113   114   115   116   117   118   ...   131
fizika 6 turkman

Kerneý we surnaýlarda sesiň nähili emele gelýändigi barada 
pikir leniň.
1. Näme sebäpden sazy hemişe belent sesde diňleýän ýa-
da üznüksiz «audio pleýer» eşidip ýöreýänleriň gulagynyň 
duýgurlygy kütelýär?
2. Tebigatda nähili hadysalar ses çykarmak bilen birlikde ýüze 
çykýar?
• Ýygylygy 7–9 Hz bolan infrases adamlara erbet täsir 
edýär. Ol başyň aýlanmagyny, gusmagy ýüze çykarýar. 
Köpräk möhlete dowam etse ölüme-de getirmegi mümkin. Şeýle 
wakanyň bolandygy anyklanandyr. Ýurduň paýtagtlarynyň birindäki 
teatrda tragediýa görkezilipdir. Tomaşa wagtynda «Organ» diýlip 
atlandyrylýan saz guraly çalynmalydy. Sahnadaky tragediýanyň 
tomaşaçylara edýän täsirini güýçlendirmek maksadynda teatryň saz 
mehanigi organ trubalaryny birneme üýtgedýär. Tomaşa başlanyp, 
sazanda organyň klawişlerini basyp başlanda zaldaky adamlarda 
nähilidir gorky duýgusy oýanyp başlapdyr. Netijede adamlar ilki 
birin-birin, soňra köpçülikleýin teatrdan gaçyp çykypdyrlar. Barlap 
görseler organdan infrases çykýan eken. Häzirki wagtda infrasesiň 
adamyň saglygyna edýän täsiri öwrenilendir we galmagalyň çeşmesi 
bolan ýerlerde infrasesler bar ýa-da ýoklugy anyklanýar.


159
58-nji tema
SESIŇ DÜRLI GURŞAWLARDA ÝAÝRAÝŞ
Y
126-njy surat.
Sesiň 
ýaýraýşyny 
öwrenmek 
üçin 
1660-njy ýylda 
Robert Boýl
şeýle tejribe 
geçiripdir. Sagady çüýşe gapagyň aşagynda 
goýupdyr. Şonda sagadyň jykgyldaýan sesi 
anyk eşidilipdir (126-njy surat). Şondan 
soň gapagyň içindäki howany sorup alyp 
başlapdyrlar. Sagadyň jykgyldysy peselip, 
ahyrynda bütinleý eşidilmän galypdyr. 
Diýmek, sesiň ýaýramagy üçin sreda gerek eken. Wakuumda 
yrgyldyny ýaýradýan hiç zat ýok. Umuman, ses nähili ýaýraýar? 
Kamertonyň şahajygy yrgyldanda onuň ýanyndaky howada gysylma 
we giňelmeler emele gelýär. Soňra gysylma we giňelme howanyň 
bölejikleri arkaly töwerege ýaýraýar.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   111   112   113   114   115   116   117   118   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin