16
ortaça baha
=
1-nji ölçelen baha + 2-nji ölçelen baha
2
Fiziki ululyk näçe
köp gezek ölçelip, onuň ortaça bahasy tapylsa,
ululyk şonça takyk çykýar.
Käbir ölçeg esbaplaryna onuň ölçeg ýalňyşlygy göterimlerde-de
ýazyp goýulýar. Meselem, ± 5 diýen ýazgy esbabyň görkezişiniň hakyky
ululykdan + 5 ýa-da – 5 göterime tapa wutlanýandygyny görkezýär.
Ululyklar ölçeg ýalňyşlygyny hasaba almak bilen aşakdaky ýaly
ýazylýar:
A = a ± ∆a,
bu ýerde
A
– ölçelýän ululyk,
a
– ölçeg netijesi,
∆a
– ölçeg ýalňyşlygy
(∆ – grekçe «delta» harpy).
1. Ölçeg esbaplarynyň ölçeg çägi diýende nämäni düşü nýäris?
2. Ölçeg ýalňyşlygy nähili anyklanýar?
3. Näme sebäpden ölçegler gaýtadan geçirilýär?
4. 2-nji suratda getirilen esbaplaryň ölçeg takyklygyny we
çägini aýdyň.
Dostları ilə paylaş: