21
Atom
we
molekulalaryň
örän
kiçi
bolýandyklary
üçin olary göz bilen görüp
bolmaýar. Ony hat-da ýönekeý mikroskop
5-nji surat.
beýlede dursun, iň kämil optik mikroskop (iň
kiçi görüş ölçegi 0,000002 mm) de hem görüp
bolmaýar. Onda onuň ölçeglerini nädip ölçäris?
Bir seredende ony ýerine ýetirip bolmaýan ýaly
duýulýar. Şeýle tejribe geçireliň. Giňräk gaba
(tarelka) suw salyp, oňa bir damja ýagy damdyralyň. Şonda ýagyň
damjasy suwuklygyň üsti boýunça ýaýylyp gidýär. Çünki iň
üstki
gatlakdaky molekulalar «typanyp», beýleki ondan soňky gatlaklar
hem edil şeýle ýanyna düşüp ýaýylýarlar. Ahyrynda diňe bir gatlak
galýar. Ýaýylan ýag damjasy tegelek şekilde bolsa, onuň
diametri
ölçelip, meýdany
S
hasaplanýar (5-nji surat). Bir sany damjanyň
göwrümini kesgitlemek üçin damdyrgyçdan 1 sm
3
göwrümdäki
suwuklyk aýry gaba damdyrylyp, damjalar sany anyklanýar. Damjanyň
göwrümi 1 sm
3
-y damjalar sanyna bölüp tapylýar.
Ýaýylan damjanyň göwrümi
V
=
d · S
-e deň bolanly gyndan ýag
gatlagynyň galyňlygy
d
V
S
=
bolýar. Mundan gatlagyň galyňlygy ýa-
da molekulanyň diametri hasaplap görülse,
d
= 0,0000002 mm-e
deň bolýar. Häzirki zaman usullary bilen ölçelen molekulalaryň
diametrleri hem şu tertipdeligi anyklanan. Bu sifriň kiçiligini
aşakdaky mysalda görmek mümkin. Bir sany wodorod molekulasyny
ulaldyp,
alma görnüşine getirilse, Ýer almadan näçe esse uly bolsa,
alma wodorodyň molekulasyndan takmynan şonça esse uly bolardy.
Häzirki günde ýörite elektron mikroskoplaryň kömeginde uly
ölçegdäki molekulalar bilen bile käbir atomlaryň suratyny hem
almak mümkin. Wodorod atomynyň ölçegi 0,00000012 mm-
e, molekulasynyň ölçegi bolsa 0,00000023 mm-e deň. Belogyň
molekulasynyň ölçegi 0,0043 mm töwereginde eken.
1. Atom we molekula nämesi bilen tapawutlanýar?
2. Molekulanyň düzüminde näçe atom bardygyny nähili bilmek
mümkin?
3. Molekula ulumy ýa-da bakteriýalar? Bakteriýanyň ölçegini
botanika ýa-da zoologiya kitaplaryndan garap deňeşdirip
görüň.