Suwuklykdaky ýa-da gazdaky örän kiçi bölejikleriň dyngysyz we tertipsiz hereketi ylma Broun hereketi ady bilen girdi. Molekulalaryň dyngysyz we tertipsiz hereketde bolýanlygy üçin,
näme üçin gaty jisim we suwuklyk aýry-aýry molekulalara bölünip
dargap gitmeýär? Munuň sebäbi, olaryň arasynda özara dartyş
güýçleri bardyr. Bu güýçler olary bir-birlerine baglap tutup durýarlar.
Bu güýçleriň täsir sferasy nähili? Bir çöpi alyp döweliň. Indi olary
bir-birine degrip näçe gaýymlasak-da ol bütin bolmaýar. Çünki çöpüň
döwlen bölegindäki molekulalary ýeterli derejede ýakynlaşdyryp
bolmaýar. Diýmek, molekulalaryň arasyndaky özara täsir güýji örän
ýakyn aralykda ýüze çykýan eken. Bu aralyk molekulanyň ölçeglerine
örän ýakyn bolýar. Onda näme üçin plastilini, hamyry, sakgyjy bir-
birine degirsek ýapyşyp galýarlar. Çünki olardaky molekulalary
ýeterli derejede ýakyn aralyga çenli golaýlaşdyrmak mümkin. Döwlen
aýnany ýa-da käsäni ýelim bilen ýelmemek hem iki bölegiň arasynda
galýan boş ýerleri dolduryp molekulýar güýçleriň täsir edýän halatyna
getirmek bilen düşündirilýär. Metallaryň gyralaryny elektrik ýa-da
gazyň kömeginde gyzdyryp eredilende bir-birine kebşirlenip galmagy
hem molekulýar güýçler sebäplidir.
Amaly ýumuş 1. Çüýşe aýnadan ona golaý dörtburçluk şeklinde bölek gyrkyp
bermegini ata-eneňizden ýa-da agalaryňyzdan soraň. Olardan biri
ulurak bolsun. Olary öl esgi bilen arassalap bir-biriniň üstüne rejeläp
goýuň. Iň üstüne ulusyny goýuň. Ulusyndan tutup göteriň. Şonda
galanlary hem göteriler. Sebäbini düşündiriň.
2. Tarelka suw salyp çaýkap taşlaň. Tarelkanyň üsti öl bolýar.
Soňra bir bölek sabyny alyp tarelka gaty basyň we bir-iki aýlaň.
Sabyny göterseňiz, tarelka hem göterilýär. Sebäbini düşündiriň.
24
1. Näme üçin gaty we suwuk jisimler öz-özünden aýry-aýry molekulalara dargap gitmeýär? 2. Molekulalaryň arasynda diňe dartyş güýçleri däl, eýsem itekleýji güýçleriň hem bardygyny nähili hady salar görkezýär? 3. Howanyň molekulalarynyň arasynda özara täsir güýçleri barmy?