Maddany ň gurlu


-nji TEMA MADDANYŇ GURLUŞY BARADA



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə13/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   131
fizika 6 turkman

8-nji TEMA
MADDANYŇ GURLUŞY BARADA 
 
DEMOKRITIŇ, AR-RAZYNYŇ, BIRUNYNYŇ
WE IBN SINANYŇ
 TAGLYMATLARY
Siz gündelik durmuşda çaý gaýnatmak üçin, gaba suw salyp, ony 
gyzdyryp başlasaňyz, ondan buguň çykyp başlaýandygyny görersiňiz. 
Bir sellemden soň suw gaýnaýar we gyzdyryjyny öçürmeseňiz suw 
doly bugaryp gidýär. Sowuk gyş günlerinde daşarda galdyrylan 
suw doňýar. Suw näme sebäpden bugaryp gitdi? Suw we buzuň 
gurluşynda nähili tapawutlar bar? Şolar ýaly soraglar adamzady 
gadymdan gyzyklandyrypdyr. Maddanyň gurluşy baradaky ilkinji 
düşünjeler ýunan alymy Demokrite (miladydan öňki 460–370-nji ý.) 
degişlidi. Oňa görä hemme zatlar örän maýda bölejikler – «atom»lardan 
düzülendir. Maddanyň iň kiçi bölejigi atom böleklere bölünmeýär 
diýlip hasaplanylypdyr. Atom sözi hem ýunança «bölünmeýän bölejik» 
diýen manyny aňladýar. Demokritiň bu hakda ýazan eseri bize çenli 
ýetir gelmändir. Onuň pikirleri başgalaryň ýazan eserlerinde getirilýär.
Demokritiň bu taglymatyny soňabaka köp alymlar ösdü rýärler. Şol 
sanda, ýurtdaşlarymyz bolan akyldarlardan 
Razynyň, Birunynyň
we 
Ibn Sinanyň
döredijiliginde-de şol ugurdaky işler bar.


19
Abu Bekr Ar-Razy (865–925-nji ý.) jemi 184 sany eser ýazyp 
galdyran bolup, ähli ugurlarda döredijilik edipdir. Ol grek 
alymlarynyň atom baradaky garaýyşlaryny ösdürmek bilen, atom 
hem bölünmeginiň mümkindigini aýdýar. Atomyň içinde boşluk 
we bölejikler bolup, bu bölejikleriň hemmesi hereketde bolýarlar. 
Mundan başga-da bölejikleriň arasynda özara täsir güýçleri bar diýip 
hasaplaýar.
*
Ar-Razynyň nazary garaýyşlary Abu-Reýhan Biruny we Ibn 
Sina tarapyndan ösdürilýär. Bu hakda olaryň özara bir-birine ýollan 
hatlarynda aýdylýar. Birunynyň Ibn Sina ýazan soraglarynyň birinde 
şeýle diýilýär: – «Käbir filosoflar atom bölünmeýär, ondan hem kiçiräk 
bölejikler ýok diýip aýdýarlar, bu – nadanlykdyr. Ikinjileri bolsa, atom 
çäksiz ýagdaýda bölüni berýärler diýýärler. Bu bolsa gaty nadanlykdyr. 
Çünki atomyň bölünmegi çäksiz bolsa, maddy zadyň ýok bolup 
gitmegi mümkin. Munuň bolmagy mümkin däl, çünki maddy zatlar 
ebedidir. Şu meselede seniň pikiriň nähili?» – diýip soraýar.
Ibn Sina özüniň Biruna ýazan jogabynda Arastunyň we Ar-
Razynyň atomyň bölünişi çäksiz dowam edýär diýip düşünmeli 
däldigini we bölünmegiň çäginiň bardygyny aýdyp geçýär.
Häzirki wagtda atomyň çylşyrymly düzülendigi doly tassyklandy. 
Atom ýadrodan we elektron gabygyndan ybarat. Ýadro hem ýene-
de kiçiräk bolan bölejikler – protonlar we neýtronlardan düzülendir. 
Proton we neýtronlar hem ondan kiçi bolan bölejiklerden, ýagny 
kwarklardan düzülendigi anyklandy. Bu bölünişiň çägi barmy ýa-da 
ýokmy diýen soraga Siz eziz okuwçylarymyzdan jogap alarys diýip 
umyt edýäris.
1. 
Maddanyň gurluşy barada Sizde nähili düşünje bar?
2. Demokritiň atom nazaryýetiniň nähili kemçilikleri bar?
3. Ar-Razynyň başga ugurlarda nähili işleri alyp barandygy 
barada kitapha nadaky kitaplardan okap alyň.
4. Siziň pikiriňizçe bölejikleriň çäksiz bölünmegi mümkinmi?
5. Abu Reýhan Birunynyň soragyna siz nähili jogap beren 
bolar dyňyz?


20

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin