massa
diýlip atlandyrylýan fiziki ululyk
oýlanyp tapylypdyr. Jisimiň inertlik häsiýetini görkezýän fiziki ululyga
jisimiň
massasy
diýilýär. Jisimiň massasyny ölçemegiň usullary
gaty kän. Şolardan hemmä mälimi, tereziniň kömeginde ölçemekdir.
Amalyýetde ulanylýan tereziler dürli tipde bolýar: okuw, analitik,
elekt ron we ş.m. 12-nji
a
suratda okuw (jamly) terezi görkezilen.
Ýokarda aýdylyşy ýaly, massanyň birligi 1 kilogram bolup, nusgasy
Parižiň golaýyndaky Sewr diýen şäherçede saklanýar (11-nji surat).
11-nji surat.
Nusga silindr şeklinde bolup, beýikligi we diametri 39 mm
töwereginde. Ondan 40 nusga taýýarlanyp, dürli
ýurtlara ýýran.
Jisimiň massasynyň uly ýa-da kiçiligi on-
daky maddanyň ýa-da zatlaryň köp-kemligine
bagly. Meselem, bir gap hozuň massasy bir halta
hozuňkydan, 1 bedre suwuň massasy 1 käse
suwuňkydan köp.
Zatlaryň we predmetleriň massasyny 1 kg-a
görä uly we kiçi birliklerde hem ölçemek bolar.
30
1 tonna (t)
=
10 sentner (s)
=
1000 kg.
1 kg
=
1000 gram
=
1 000 000 milligram.
Jisim massasy terezide ölçelýär. Jisimiň massasyny ölçemek üçin
onuň çep jamyna ölçelýän zat, sag jamyna çeküw daşlary goýulýar.
Jama daşlar deňagramlaşýança saýlap goýulýar (12-nji surat).
13-nji surat.
a)
b)
12-nji surat.
Şondan soň jama goýlan daşyň massalary goşup hasaplanýar.
Ryçagly terezide çekilen jisimiň massasy onuň gyzdyrylan ýa-
da sowadylandygyna, nirede we haçan ölçelendigine bagly däl. Şol
sebäpli-de tejribelerde we hasaplamalarda berlen jisimiň massasy
üýtgemeýän (
m
= const) diýlip seredilýär.
Köplenç bazarlarda gök önümleri pružinaly terezide ölçäp
satýandygyna duşýarys (13-nji surat). Beýle tereziniň içinde
pružina bolup, asylan ýüküň täsirinde sozulýar. Tereziniň görkezişi
pružinanyň gaty-ýumşaklygyna, günüň yssy ýa-da sowuk bolmagyna,
normadan artyk ýük asylanda sozulyp öňki ýagdaýyna gaýdyp
barmaýandygyna bagly bolýar. Mundan başga-da ölçegiň, Ýeriň
Demirgazyk polýusynda ýa-da ekwatora golaý ýerlerde alnyp
barylandygyna bagly bolanlygy üçin anyk bolmaýar. Şonuň üçin
jisimiň massasyny ryçagly ýa-da elektron terezide ölçäň!
Örän kiçi bölejikleri, hem-de ullakan jisimleriň (Aý, Gün)
massalaryny gönüden-göni ölçäp bolmaýar. Olaryň massasy göni däl
usullar bilen hasaplanyp tapylýar. Bu hakda ýokary synplarda okap
öwrenersiňiz.
Amaly ýumuş
Öýde bir sany çöpden, ýüpden, bankanyň gapagyndan (ýa-
da baklaş kany gyrkyp) hem-de strelka üçin simiň böleginden
31
peýdalanyp terezi ýasaň. Tereziniň daşlary hökmünde teňňelerden
peýdalanyň.
1. Jisimiň massasy diýende nämä düşünýärsiňiz?
2. Haýsy terezide jisimiň massasy anyk ölçenýär: pruži-
naly terezidemi ýa-da ryçagly terezidemi? Jogabyňyzy
esaslandyryň.
3. Üç sany teňňeden biri ýeňil. Şekli we görnüşi birmeňzeş bu
teňňeler den haýsysy ýeňildigini daşsyz, jamly terezide bir
gezek çekmek arkaly anyklamak mümkinmi?
Dostları ilə paylaş: |