29
14-nji TEMA
MASSA WE ONUŇ BIRLIKLERI
Siz gündelik durmuşyňyzda ata-enäňiz bilen ýa-da özüňiz bazara
barýansyňyz. Bazarda satylýan azyk önümleriniň köpüsiniň terezide
ölçelip satylýandygyny-da bilýärsiňiz. Tereziniň kömeginde jisimler
we zatlaryň nähili ululygy ölçelýär? Oňa
düşünmek üçin aşakdaka
üns bereliň. Çäge ýüklenen çagalaryň oýnawaç awtomobilini ýerinden
gozgamak aňsatmy ýa-da çäge ýüklenen hakyky awtomobilimi? Bir deň
tidirlenip gelýän oýnawaç awtomobili tutup togtatmak aňsatmy ýa-da
hakyky awtomobilimi? Elbetde, her biriňiz soraga oýnawaç awtomobili
diýersiňiz. Başga mysal alalyň. Sellofan halta salnan şekeri götermek
aňsatmy ýa-da bir gap şekerimi? Munda-da haltadaky diýen dogry
jogaby alarys. Diýmek, jisimler dynçlyk ýagdaýynda duran bolsa olary
bu ýagdaýdan çykarmak üçin olara täsir etmeli. Netije çykaryp aýtsak,
jisimler ýa-da zatlar dynçlyk ýagdaýyny saklamaga hereket edýän
eken. Jisimler edil şeýle hereket ýagdaýyny-da saklamaga dyrjaşýar.
Jisimleriň dynçlyk ýa-da hereket ýagdaýyny saklamak ukybyna
inertlik
diýilýär. Ýöne bu ukyplylyk dürli jisimlerde dürlüçedir. Bu
ukyplylygy
ölçemek üçin
Dostları ilə paylaş: