26
1. Diffuziýa hadysasynyň sebäbi nämede?
2. Näme üçin temperaturanyň artmagy bilen diffuziýanyň geçişi
çalt lanýar?
3. Gazlar, suwuklyklar we gaty jisimlerde görmek bolýan
diffuziýa hadysasy na mysallar getiriň.
4. Özara aralaşmaýan suwuklyklary bilýärsiňizmi?
12-nji TEMA
GATY JISIMLERI
Ň, SUWUKLYKLARYŇ
WE GAZLARYŇ MOLEKULÝAR GURLUŞY
Sowuk gyş günlerinde howuzlaryň, kölleriň we ýaplaryň suwy
doňýar. Ýazda, tersine, howuzdaky suw kop saklansa gurap galýar.
Şonda suw buga öwrülýär. Tebigatda suw üç halatda duşýar. Gaty
–
buz halatynda, suwuk – suw we gaz şeklinde – bug halatynda
bolýar. Diýmek, bug, suw we buz birmeňzeş molekulalardan
düzülendir. Olar diňe molekulalaryň özara ýerleşişi
we hereketi
bilen tapawutlanýar. Bug aýry-aýry molekulalardan düzülen bolup,
dyngysyz we tertipsiz hereket edýär. Şu sebäpli suwuň üstünden
göterlen bug howa aňsat aralaşýar. Howanyň düzüminde hemişe
suw buglary bolýar. Şeýle
hem howada kislorod, kömürturşy gazy
ýaly beýleki gazlar hem bar. Olaryň molekulalary hem dyngysyz we
tertipsiz hereketde bolýar. Äpişgäniň ýarygyndan düşen ýagtylyga
gapdaldan seretseňiz howadaky maýda tozan bölejikleriniň hem
dyngysyz we tertipsiz hereket edýändigini görmek bolar. Olaryň
beýle hereketi howadaky dürli gazlaryň
molekulalary bilen dyngysyz
çaknyşýanlygy üçindir. Ýel berilýän ýuka şarjagazy birneme çişirip,
agzyny mäkäm daňalyň. Ony el bilen gyssak, kiçelýändigini görýäris.
Diýmek, gazy gysmak mümkin eken. Iki sany ýuka şary alyp,
birine
haýsy-da bolsa bir turbajyk arkaly ýel bereliň. Soňra şarjagazyň
özüni ýüp bilen mäkäm daňyp, turbajygyň ikinji ujuny başga ýel
berilmedik şaryň agzyna mäkämläliň. Soňra birinji şarjagazyň
agzyndaky daňylan ýüpi açyp goýbersek, howa turbajyk arkaly ikinji
şarjagaza geçip ony çişirýär. (9-njy surat). Diýmek, gaz bir gapdan
ikinjisine utgaşdyrylan turbajyk arkaly öz-özünden geçip bilýär.
Gazy haýsy
gaba salsak-da, şol gabyň şeklini doly eýeleýär. Gazlaryň
27
molekulalarynyň arasyndaky aralyk molekulalaryň ölçeginden ortaça
100–1000 esse uly. Beýle aralykda molekulalaryň özara dartyş güýji
örän kiçi bolýar.
9-njy surat.
Dostları ilə paylaş: