12
1. Gipotiza diýende näme düşünilýär?
2. Gözegçilik eksperimentden nämesi bilen tapawutlanýar?
3. Ölçeg esbaplary nähili maksatlarda ulanylýar?
4. Siz ýene nähili ölçeg esbaplaryny bilýärsiňiz?
Amaly ýumuş
Sekunt strelkasy bar bolan sagat ýa-da
mobil telefondaky
sagat dan peýdalanyp bir minutda özüňiziň we ýoldaşyňyzyň
ýürek urşuny sanaň.
6- njy TEMA
FIZIKI ULULYKLAR WE OLARY ÖLÇEMEK
Jisimleriň ýa-da fiziki hadysalaryň käbir
parametrlerini
tejribäniň kömeginde ölçemek mümkin. Bu parametrler
fiziki
ululyklar
diýlip atlandyrylýar. Meselem, jisimiň
uzynlygy, göwrümi,
temperaturasy, massasy
we ş.m.
Hut şol bir ululyk dürli fiziki hadysanyň we jisimleriň hut
bir häsiýetini häsiýetlendirmek üçin ulanylýar. Meselem: ädimiň
uzynlygy, stoluň uzynlygy, tanabyň uzynlygy. Ýöne bu ululyk
ýokarda agzalan halatlar üçin dürli baha eýe bolýar.
Fiziki
ululygy mukdar taýdan kesgitlemek üçin onuň san bahasyny we
birligini bilmeli. Meselem, mekdepde ders 45 minut dowam edýär
diýlende «wagt» diýlip atlandyrylýan
fiziki ululyk iki bölekden
ybarat ýagdaýda aňladylýar. Birinji – 45 sifri onuň san bahasyny,
ikinji – «minut» sözi birligini aňladýar.
Wagty
minutdan daşary sagatlarda, sekuntlarda hem aňlatmak
mümkin. Diýmek, her bir fiziki ululygy nähili birliklerde aňlatmagy
kesgitlemeli. Onda fiziki ululygy ölçemek diýlende nämäni düşünmeli?
Dostları ilə paylaş: