Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə38/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

22.
 
Çagalaryň sözleýşini ýazgyda diňlemek we seljermek.

 
Çagalaryň sözleýşini ýazgyda diňlemek 

 
Çagalaryň sözleýşini ýazgyda seljermek 
Çagalaryň sözleýşini ösdürmekde terbiýeçi üçin magnitafon örän 
oňat kömekçidir. Magnitafon çagalar bagynda dürli maksat boýunça 
peýdalanylýar. Meselem, aýdym diňletmek üçin, ertekini, hekaýany, 
goşgyny diňletmek üçin hem-de käbir sözleriň aýdylyşyny dogry 
görkezmek üçin, çagalaryň nädogry aýdýan seslerini seljerip, onuň 
nädogrulygyny özlerine görkezmek üçin magnitafon zerurdyr. 
Toparda käbir çagalar gürrüň eden-de käbir sesleri (r, ş, h, z) 
nädogry aýdýarlar. Şonda olaryň sözlerini magnitafona ýazdyryp 
eşitdirmeli, kemçiliklerini özlerine we ýoldaşlaryna aýtdyrýarlar. 
Çagalara magnitafon ýazgy diňledilende diňe nädogry sesler 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
102 
görkezilmän, eýsem çagalaryň teksti howlukman kadaly, düşnükli 
yzygiderli, baglanyşykly gürrüň berişleri hem magnitafon ýazgysynda 
görkezilmelidir. Olar biri-biriniň gepleýşine baha berip bilýärler. 
Terbiýeçi çagalara nusga hökmünde ýörite çagalar üçin ýazylan ertekileri, 
plastinka ýazgylarynda diňledip biler. Türkmen halk ertekilerinden 
«Böwenjik», «Garynja we kepderi» we başga birnäçe plastinka 
ýazgysynda geçirildi. 
 
Her bir çagalar bagynyň gerekli tehniki serişdeler bolmalydyr. 
„Çagalar bagynda çagalary okatmagyň we terbiýelemegiň 
maksatnamasynda“ çagalary akyl taýdan ösdürmekde olaryň dil 
sözleýşini ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Çagalar okuw netijesinde 
sözleýiş diliň birnäçe taraplaryny we kadalaryny öwretmek bilen bir 
hatarda daş-töwerekden nädogry zatlary hem öwrenip alýarlar. Olar 
köplenç daş-töwerekden ulularyň söýgüsine öýkünýärler. Çagalar 
sözleýişde köp zady terbiýeçiden öwrenýärler. Şonuň üçin terbiýeçiniň 
sözleýiş dili hemme tarapdan çaga üçin nusga bolmalydyr. Meselem, 
düşnükliligi boýunça, gatylygy, labyzlylygy, grammatik taýyndan 
düzülişi boýunça has takyk we dogry bolmalydyr. 
Terbiýeçiniň çagalara okan ýa-da gürrüň edip beren her bir 
ertekisi ýa-da hekaýasy çagalarda ýatdan çykmajak duýgy döredýär. 
Terbiýeçi öz gepleýişine hemişe tankydy göz bilen seretmelidir. 
Öz ýetmezçiliklerini düzetmeklige çalyşmalydyr. Durmuşda uly adamlar 
köplenç aýdýan zadynyň mazmunyna ähmiýet berýärde, eýsem onuň 
grammatik taýyndan hemme kadalara gabat gelşine ähmiýet bermeýärler. 
Şeýle ýagdaý terbiýeçide bolmaly däldir. 
Eger-de sözleýiş dilindäki nädogrylyklar wagtynda düzedilmese, 
onda ol sözleýäniň dilinde hemişelik ornaşyp galýar. Durmuşda käbir 
adamlar çalt, howlugyp gepleýärler, käbirleri ýuwaş, bir heň bilen 
gepleýärler. Şeýle adamlary diňleseň tiz ýadaýarsyň. Käbir adamlar bolsa 
has gygyryp gepleýärler. Olary diňlemek kyn. Durmuş terbiýesinde 
terbiýeçiler arasynda açyk meşgullanmalar gurap durmaly. Terbiýeçiniň 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
103 
gürrüňlerini magnitafon ýazgysyna ýazyp almaly we meşgullanmany 
analiz edende, ol ýazgyny eşidip, oňa seljerme bermeli. 
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmakda görkezijilik usuly uly rol 
oýnaýar. Okatmakda görkezme esbap ulanmak ylmy talaplaryň biridir. 
Görkezijilik usuly çagalara täze bilim, düşünje bermekde ulanylýar. 
Görkezijilikde öwredýän, okadýan zadymyza hökman özüni görkezmek, 
dürli görkezme esbaplar (nusgasy, dürli çyzgylar, tehniki serişdelerden 
peýdalanýan, telegepleşikler, wideokasetalar, magnitafon ýazgylary) 
degişlidir. 
Okatmakda mümkin bolan zatlary sapak geçirilýän otaga getirip 
görkezmelidir. Çagalaryň şol görkezilýän zady hemmetaraplaýyn synlap, 
kabul etmekleri üçin şert döretmeli (gök önümleri, gülleri, geýimleri we 
ş.m.). Käbir zatlary, predmetleri gezelenç wagtynda baryp görmeli (baga, 
baýyrlara, ekin meýdanlaryna, gurluşyklara, ussahanalara we ş.m.). 
Durmuşda käbir ýagdaýlarda şol predmeti, zady topara getirip bolmaýar, 
baryp görmeklige hem mümkinçilik hem bolmaýar. Şeýle ýagdaýlarda 
dürli çekilen suratlardan peýdalanmaly. Meselem, ýabany haýwanlar, 
tokaýlar, deňiz, derýa we ş.m. Şeýle bolanda görkezilýän suratlar uly 
görnüşde, hemme çagalara görner ýaly bolmalydyr.
Terbiýeçi okuw wagtynda käbir zatlaryň nusgalaryny görkezýär. 
Meselem, plastilinden, toýundan şekil ýasalanda, ýelimlemek işlerinde, 
gurnamak işlerinde we.şm. Terbiýeçiniň şeýle etmegi hem görkezijilige 
girýär.
„Çagalar bagynda okatmagyň we terbiýelemegiň maksatnamasy“ 
boýunça söhbetdeşligiň wezipelerini kesgitlemek.
Çagalary söhbetdeşlige taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp 
düzmek. 
Usuly edebiýatlar bilen iş.Terbiýeçiniň durmuşy we etiki temada 
mysaly gürrüňini düzmek we derňemek. 
Dürli ýaşly toparlarda çagalara gürrüň bermegi öwretmekde 
suratlary saýlamak we derňemek. Talyplara peýzaž şekillendirilen 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
104 
suratlara seretdirip meýilnama düzdürmek we şol surat boýunça gürrüň 
etdirmek. 
Usuly edebiýatlar bilen iş Dürli ýaş aýratynlykly toparlarda suratlar 
esasynda gürrüň bermäge degişli sapagyň meýilnama ýazgysyny düzmek 
we derňemek. 
,,Öz 
şahsy 
tejribesinden 
gürrüň 
bermek,, 
sapagynyň 
meýilnamasyny 
düzmek 
we 
derňemek. 
Çaga 
gürrüňleriniň 
magnitafondaky ýazgylaryny diňletmek we derňew etdirmek. 
Usuly edebiýatlar bilen iş. 
Döredijilikli gürrüň bermegi öwretmek boýunça sapagyň 
meýilnamasyny düzmek we derňemek. Kalendar meýilnamalaşdyrmak. 
Söhbetdeşlik üçin talyplaryň saýlap alan görkezme esbaplaryna 
derňew etmek. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin