Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti


Maksatnama materiallaryny seçip almak



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə35/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

Maksatnama materiallaryny seçip almak. 
Maksatnama materiallary bir aýlyk seçilip alynýar. Şonda 
materialyň gaýtalanýanlygy, mazmunyň çylşyrymlaşýanlygy, çagalaryň 
özbaşdak aýratynlyklarynyň hasabaty göz öňünde tutulmalydyr. 
Ene dili bölüminde çagalaryň dogry sözlemegini ösdürmeklik, 
olaryň bilýän sözlerini aýtdyrmaklyk, baglanyşykly we labyzly 
sözleýişlerini kämilleşdirmeklik hem-de çeper edebiýat bilen 
tanyşdyrmaklyk meýilnamalaşdyrylýar.


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
90 
Ýerli ýagdaýlardaky zähmetiň aýratynlyklary bilen çagalary 
tanyşdyrmak üçin terbiýeçi körpelerde zähmete gyzyklanmak we ony 
söýmek duýgusyny terbiýelemelidir. Şoňa görä-de çagalaryň gowaça 
meýdanlaryna, üzüm we beýleki baglara syn etmegini belleýär. 
Maksatnama materiallaryny meýilnamalaşdyrmakda ýerli aýratynlyklar 
peýdalanylan mahalynda çagalara artykmaç işleriň ýüklenilmegine ýol 
bermeli däldir.
Surat çekmek, palçykdan, plastilinden we tebigy serişdelerinden 
zatlar ýasamak bölümi boýunça çagalaryň çotgajyk, galam, gaýçy bilen 
işlemekdäki başarnyklaryny we endiklerini ösdürmek, olaryň çeperçilik 
duýgularyny terbiýelemek baradaky işler meýilnamalaşdyrylýar.
Ilkinji matematiki düşünjeleri.
 
Ilkinji matematiki düşünjeleri emele 
getirmek bölüminde çagalara 100-e çenli sanatmak, ýönekeýje goşmagy 
we aýyrmagy öwretmek, ýönekeýje geometrik şekiller bilen tanyş etmek 
meýilleşdirilýar.
Terbiýeçilik işiniň gündelik meýilnamasy.
 
Terbiýeçiniň gündelik 
meýilnamasy maksatnamada seredilip alnan maksatnama materialynyň 
esasynda düzülýär. Terbiýeçi gündelik meýilnama düzmek üçin öz 
toparyndaky çagalar bilen geçirilýän hökmany sapaklaryň sanyny 
bilmelidir.
Gündelik meýilnamanyň mazmuny. Gündelik meýilnamada işiň şu 
aşakdaky görnüşleri her günde meýilnamalaşdyrylýar:
 

Çagalaryň ertirki ýygnanyşygy. 

Hökmany sapaklar. 

Gezelençler, tebigata gözegçilik etmek, hereketli oýunlar. 

Gündizdäki ukudan soňky güýmenjeler, aýry-aýry çagalar bilen iş. 

Ata-eneler bilen iş.
Çagalaryň ertirki ýygnanyşygy.
 
Terbiýeçi her gün çagalaryň ertirki 
ýygnanyşygyny meýilleşdirýär. Körpeleri nirede kabul etjekdigini, 
ýygnanyşyk 
wagtynda 
hemme 
çagalaryň 
näme 
bilen 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
91 
meşgullanjakdygyny anyk belleýär. Şonuň bilen bir wagtda terbiýeçi 
çagalar bilen özbaşdak işlemegi göz öňüne tutýar. 
Hökmany sapaklar.
 
Çagalar bagynda körpeleriň hemmesi bilen 
hökmany sapaklar öňünden düzülen meýilnama boýunça gün tertibinde 
bellenen wagtda terbiýeçi tarapyndan guralýar. Hökmany sapaklara 
hemme çagalar gatnaşýarlar. Çagalara bilim bermek we olarda topar 
bolup işlemek endiklerini ösdürmek maksady bilen hökmany sapaklar 
bütin ýylyň dowamynda çagalar bagynyň hemme toparlarynda her gün 
geçirilýär. Hökmany sapaklaryň terbiýeçilik we bilim berijilik ähmiýeti 
bar, terbiýeçi çagalara maksatnama materiallaryny yzygider bermeli. 
Olara täze bilimler we endikler öwretmeli.
Çagalar bilen gündelik guralýan sapaklaryň dowamlylygy kiçi 
toparda 10-15, orta toparda 15-20 , uly toparda 20-25, mekdebe 
taýýarlaýyş toparynda 25-30 minutdan köp bolmaly däldir. Sapaklar 
hemişe günüň I-ýarymynda ertirlik nahardan soň guralýar. 
Gezelençleri meýilnamalaşdyrmak. Terbiýe üçin gezelençleri 
meýilnamalaşdyrmak hökmanydyr. Çagalaryň beden, aky, ahlak taýdan 
ösmeginde gezelenjiň ähmiýeti uludyr. Çaga jemgyýetçilik durmuşy we 
tebigat bilen näçe köp gatnaşyk etse, olary şonça-da oňat bilýär. Açyk 
howada çaga köp boldugyça, onuň bedeni sagat bolýar.
Ertirki maşklary meýilnamalaşdyrmak. Täze maşklar iki hepdelik 
üçin düzülýär. Ertirki maşklar üçin täze hereketler çaganyň hereketiniň 
ösüşi üçin hökmany sapaklarda geçirilen maşklardan alynýar. 
Çagalar bilen geçiriljek özbaşdak işi meýilnamalaşdyrmak. Çagalar 
bilen geçiriljek özbaşdak ýumuşlar ertirlerine çagalaryň ýygnanyşygy 
wagtynda, gezelençde, günüň ikinji ýarymynda meýilnamalaşdyrylýar. 
Munda fiziki we akyl taýdan gowşak ösen ukypsyz çagalara goşmaça 
ýumuş tabşyrmaklyk meýilnamalaşdyrylýar.
Ata-eneler bilen geçiriljek işi meýilnamalaşdyrmak. Terbiýeçi 
özüniň meýilnamasynda ata-eneler bilen yzygider iş alyp barmagy 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
92 
bellemelidir. Ata-eneler bilen geçiriljek işlere taýýarlyk görmek üçin ony 
özüniň gündelik meýilnamasynda meýilnamalaşdyrylmalydyr.
Terbiýeçiniň 
ýyllyk hasabaty. Terbiýeçi her ýylyň awgust 
aýynda öz toparynda alnyp barylýan terbiýeçilik işleri barada hasabat 
düzmeli. Ol çagalar bilen geçirilýän işleriň hasabaty esasynda düzülýär. 
Terbiýeçi „Çagalar bagynda terbiýeçilik işleriniň maksatnamasynyň“ 
talaplarynyň ýerine ýetirilişini gözden geçirýär. Terbiýeçiniň ýyllyk 
hasabaty şu aşakdaky meseleleri öz içine alýar. 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin