Towşan Esenowanyň ömri we döredijiligi (1915-1987) Terjimehal maglumatlar. XX asyrda türkmen zenanlarynyň arasyndaky ilkinji şahyr hem ilkinji dramaturg Towşan Esenowa 1915-nji ýylda Kaka etrabynda dünýä inýär, başlangyç bilimi obalaryndaky mekdepde alýar. Towşan 1925-nji ýylda Aşgabatdaky Ene Kulyýewa adyndaky internatda okap başlaýar. Ol heniz internatda okap ýören döwrunde şol ýerdäki drama gurnagyna uly höwes bilen gatnaşyp ugraýar.
Towşan Esenowa oýnaýan pýesasynyň täsiri bilen ezi pesa ýazmagyň oýuny edýärdi. Ol «Bike» atly çaklaňja pýesanyň üstünde işleýär.
Ol esasan iki sany žanra: poeziýa hem dramaturgiýa žanrlaryna ýykgyn edip ugraýar. Şu ugurlardan bilimini has-da artdyrmagyň aladasyny edýär, döwrüň öňdebaryjy adamy bolmaga çalýşýar.
1928-1932-nji ýyllarda Aşgabadyň aýal-gyzlar pedtehnikumynda, soňra Daşkentdäki Orta Aziýa uniwersitetinde okaýar. T.Esenowa okuwy gutaryp, «Türkmenistan» gazetinde işläp başlaýar. Şondan soň gazet-žurnallarda, radioda, telewideniýede işleýär.
Ýazyjy 1952-nji ýylda täze çykyp ugran «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnalynyn ilkinji redaktory edilip bellenýär. Mundan sol ýazyjynyn žurlalistik zehini has-da açylýar we taplanýar.
Ýazyjy «Sowet edebiýaty» žurnalynyn dramaturgiýa bölüminin müdiri (1954) wezipesinde işlände-de gündelik durmuş barada oçerkler arkaly söz açmagyny, merdana adamlaryň gaýduwsyz zähmetlerini wasp etmegi has-da güýçlendirdi.
Towşan Esenowa soňky ýyllarda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň, soň A.Gulmämmedow adyndaky ýaşlar teatrynyň edebiýat bölüminiň müdiri bolup işleýär. Omrüniň sonky ýyllarynda bolsa Ýazyjylar soýuzynda geňeşçi bolup işledi.
Okyjylaryň hem tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başaran T.Esenowa öz ömründe türkmen zenanynyň göreldeli nusgasy bolup ýaşady. Ol öz döwründe alpinistler toparyna goşulyp daglara çykypdy, uçardan paraşýutly böküpdi, suwda ýüzüpdi. Mahlasy, ony jemgyýetiň ähli ugurlarynda ussat, başarjaň zenan hökmünde tanaýardylar.
Edebiýatda bitiren hyzmatlary goz önunde tutulyp, T.Esenowa 1940-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan şahyry», 1974-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly atlar dakyldy. Ýazyjy birnäçe orden-medallar bilen sylaglandy.