Aman Kekilowyň ömri we döredijiligi (1912-1974) Terjimehal maglumatlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, filologiýa ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri Aman Kekilow 1912-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Köşi obasynda dünýä inýär. Çagalyk ýyllarynda şahyr ýetim galýar.
Aman 1922-1924-nji ýyllarda Aşgabatdaky internatda okaýar. Soňra Aşgabat mugallymçylyk tehnikumyna okuwa girýär. Bu ýyllarda ol «Pioner» žurnalynyň jogapkär sekretary bolup hem işleýär.
1931-1934-nji ýyllarda A.Kekilow ylmy-pedagogik institutda okaýar.
A.Kekilow 1935-nji ýylda Moskwadaky Taryh, filosofiýa we edebiýat ilstitutynyň aspiranturasyna okuwa girýär. O1 filologiýa ylymlarynyň kandidaty (1943), filologiýa ylymlarynyň doktory (1959) diyen alymlyk dörejesine eýe bolýar.
1948-njl ýyldan soň şahyr Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň edebiýat kafedrasynyň müdiri bolup işleýär. 50-nji ýyllaryň ahyrlaryndan soň Türkmenistan YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat mstitutynyň sektor müdiri, direktory wezipelermde işleýär.
Alym, şahyr, dramaturg, edebiýat tankytçysy Aman Kekilow 1974-nji ýylda aradan çykdy.
Döredijilik häsiýetnamasy.A.Kekilowyň tutuş döredijilik işi durgunlyk ýyllaryna, kommunistik taglymatyň höküm sürýän döwrüne gabat geldi. A.Kekilowyň döredijiligme-de döwür öz täsirini ýetirdi. Şahyryň eserleriniň ençemesi döwrüň nädogry ýörelgeleriniň pidasy boldy. Emma şeýle-de bolsa, A.Kekilowyň döredijiliginde-de umumadamzat ahlak hem ruhy gymmatlyklaryna daýanýan, şu günki günuň ruhy talaplaryna ses goşup edýän eserler-de, ylmy işler-de az däl.
Ýaş şahyr özünden öň döredijilik işine başlan B. Kerbabaýew, Mollamurt, G. Burunow, dogany Ş. Kekilow dagylardan öwrenýär. Onuň irki döredijiliginde şol şahyrlardan täsirlenme duýulýar.
Döredijilik işine ilkmji gadam basan döwürlermde A.Kekilow çagalar üçin «Oglanlar hem kitap», «Guşlar», «Haýwanlary çagyrmak» ýaly şygyrlaryny döredýär.
Şahyryň «Ataly-gyz» goşgusynda okuwa gitmegi ýüregine düwen gyzyň atasyna ýüzlenmesi türkmen gyzyna mahsus ejaplylyk, edep-ekram, milli häsiýet, pederine çuňňur hormat, ula sarpa goýmak bilen utgaşýar. Şeýle ýagdaýda atasy-da öz mähriban gyzynyň raýyny ýykyp durmaýar. Şahyr «Tiz geliň», «Daglar-daşlar titresin», «Gyzyl Goşun», «Pulemýotly patlatjak», «13 ýyllyk baýrama» ýaly ençeme goşgularynda daýhan ýigitleri goşunda gulluk etmäge çagyrýar, goşunyň diňe Watan goragçysy däl-de, uly terbiýeçilik mekdebidiginrde nygtap görkezýär.
Beýik Watançmyk urşy ýyllarynda şahyr watançylyk pafosyna ýugrulan ýokary çeperçilikli «Watan» (1942), «Egri azar, dogry ozar» (1941), «Kawkaz» (1942) «Günbatara» (1943) ýaly goşgularyny döretdi.
Şahyr özünin «Egri azar, dogry ozar» diýen goşgusyny uruş başlanan pursatlarynda döredipdi, ol eserde faşizmden zähmetkeş halkymyzyň üstün çykjakdygyna bolan çuňnur we berk ynam çeper şöhlelenme tapypdy.
A.Kekilow 1946-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet Senasynyň sözlerini ýazdy.
Şahyryň ilkmji sýužetli eseri bolan «Geçen günlerim» (1932) poemasynda bir ýetim oglanyň durmuş ýoly yzarlanýar. Ýetim oglan janypkeşlik bilen okap, hatly-sowatly, aňly-düşünjeli adam bolup ýetişýär.
A.Kekilow 1940-njy ýylda halk ertekderiniň esasynda «Çopan we patyşa», «Küýze we tilki» poemalaryny ýazdy. Şahyr bu ertekileri täzeden işläp, has hem çeperleşdirdi. Olaryň wakalaryny timarlady, mazmunyny çuňlaşdyrdy. Olara täze öwüşgin berdi.
A.Kekilow 1942-nji ýylda «Ölüm penjesinden», «Gahryman gyzlar» atly poemalaryny ýazdy. «Ölüm penjesinden» poemasynda Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdynyň we onuň ýoldaşlarynyň Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerinde görkezen gahrymançylyklary barada gürrüň berilýär.
A.Kekilow uruş ýyllarynda «Men garry däl» diýen sahna eserini hem ýazdy. Bu eserde uruş ýyllarynda tylda galan adamlaryň janypkeşlikli zähmeti, watançylyk duýgulary öz beýanyny tapdy.
«Syrylan bulut» romany A.Kekilowyň kyssa žanrynda şowly synanyşygydyr. Ýigriminji ýyllaryň wakalaryna bagyşlanan bu eseriň baş gahrymany oba mugallymy Magtym. Ol her bir meseläniň uly iliň peýdasyna adalatly çözülmegi ugrunda hereket edýär. Halky hatly-sowatly etmek üçin ähli gujur-gaýratyny tijäp işleýär.
Şahyrana zehininiň kämilleşen döwründe A.Kekilow goşgy bilen ýazylan «Söýgi» romadyny döretdi. Eseriň birinji kitaby 1945, ikinji kitaby 1957, üçünji kitaby 1960-njy ýylda ýazylyp gutarylyp, eser tutuşlytyna 1961-nji ýylda çap edildi.
Romany ýazmakda şahyra Magtymguly, Mollanepes ýaly klassyk şahyrlarymyzyň, rus edabiýatynyň A.S.Puşkin, M. Ý.Lermontow ýaly ussatlarynyň täsiri güýçli bolupdyr.
Romanda, esasan, üç sany ýaş ynsan baş gahryman hökmünde hereket edýär. Ol gahrymanlar Ogulnabat, Begenç hem-de Akmyratdyr.
Ogulnabat obada önüp-ösen, ene-atasynyň, mekdebiň asylly terbiýesini alan, görmegeý, edep-ekramly, sada türkmen gyzy. Ol romanyň ilkinji sahypalaryndan başlap, mylakatlylygy, arassa kalby, asylly sypatlary bilen ünsüňi özüne çekýär. Ogulnabat öz obadaşy, bir mekdepde bile okan Begenji päk duýgy bilen söýýär. Ogulnabadyň her bir hereketinden Begenje bolan yssy mähriň, çäksiz wepadarlygyň alamatlary duýulýar.
Nälet siňen zalym uruş ýaşlary bir-birinden jyda düşürýär. Begenç Watan goragyna ugraýar. Ogulnabat özüniň entek ýaşlygyna seretmän, Watanyň, ýeňşiň hatyrasyna kolhozde janaýaman zähmet çekýär. Mekdepde okan döwürlermde zehinliligi, ukyplylygy bilen özüni tanadan Ogulnabada mugallymçylyk kärini hödürleýärler. Şeýlelikde, Ogulnabat mugallymçylyk kärine höwes edip ugraýar. Söýgülisi Begenjiň-de ony makullamagy Ogulnabadyň özüne bolan ynamyny has-da berkidýär.
Ogulnabat işiň daşyndan Aşgabatdaky mugallymçylyk kursunda hem okaýar. Ol kem-kemden mugallymçylyk kärine türgenleşip, sapakda özüni erkin duýup başlaýar. Ýaş mugallym sapakda özüni ynamly alyp barýar.
Ogulnabadyň özüne maýyl etdiriji taraplarynyň biri-de onuň edep-ekramlylygy, türkmeniň uly gyzlaryna mahsus ejaplylygydyr. Romanyň başlarynda ýol ugrunda sataşan geýnüwli, syratly ýigit Akmyrada Ogulnabat ünsem bermän, öz ugruna gidiberýär. Ol Akmyrat bilen mekdepde duşuşanda-da, okuw, kitap diýen sözlerden başga zady agzyna almaýar.
Maksada okgunly, päk ýüerkli Ogulnabadyň ýoluna hiç zat-da böwet bolup bilmeýär. Ol her hili päsgelçilikleri ýeňip geçmek bilen, öňe hereket edýär. Ogulnabat soňky ýyllarda mugallymçylyk institutynda tapawutlanyp okamakdan başga-da, ýokary mekdebiň, şäheriň jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşýar.
Begenç fronta gidensoň, Ogulnabat onuň ady bilen ýaşaýar. Ondan gelen her bir habar, her bir hat Ogulnabat üçin uly şatlyk, uly baýram bolýar. Bu döwürde Ogulnabada Akmyrat hem söýgi bildirýär. Ogulnabat Akmyrady edep-ekramy, uly adamkärçiligi, çensiz-çaksyz mylakatlylygy üçin tüýs ýürekden hormatlaýar. Seýle sylagly adamdan söýgüden söz açýan hatyň gelmegi ýaş gyzyň kalbynda güýçli harasat turuzýar. Ogulnabat Akmyradyň göwnüne çiglik gitmezligi üçin Begençden gelen haty Akmyrada iberýär. Bu bolsa Ogulnabadyň kalbynyň juda päkdigini ýene bir gezek tassyklaýar.
Ogulnabadyň päk söýgä, lebzine wepalydygy Begenjiň frontda ýaralanyp, bir aýagyny frontda goýup gelmegi bilen baglanyşykly ýagdaýda hasam aýdyň ýüze çykýar. Ogulnabadyň ejesi Begenç maýyp bolandan soň, bu meselede pikirini üýtgedýär. Mundan buýana Ogulnabadyň Begenji söýmegine-de garşy bolýar. Ogulnabat ejesiniň bu meselede juda bärden gaýdýandygyny ynandyryjy deliller bilen subut etmäge çyny bilen synanyşýar:
-Dyzyna berýäňmi gyzy oglanyň?
Maňa gerek zady ýüregi onuň.
Neneň diliň barýar diýmäge «maýyp»,
Eje jan, eje jan, dälmidir aýyp?!
Gyz hiç bir ikirjiňlenmezden, frontda maýyp bolup gelen Begenje uly söýgi bilen durmuşa çykýar. Emma bularyň şatlygy uzaga çekmeýär. Begenjiň ýüreginiň ýanynda galan ok gozganyp, ony ýagty jahan bilen hemişelik hoşlaşmaga mejbur edýär. Sahyr Ogulnabadyň durmuşyndaky, ruhy dünýäsindäki dürli ahwalatlary giňden görkezýär. Begenç Ogulnabadyň durmuşa bolan çäksiz höwesini, zähmete, kärine bolan guwançlaryny özi bilen alyp gidýär.
Ogulnabat Begenjiň özünë ýadygär galdyryp giden söwer ogly Öwezjigi gözüniň göreji ýaly eziz saklaýar. Begenje goýýan uly sarpasy Ogulnabadyň Aşgabada okuwa gitjek mahalynda ýarynyň gubury bilen hoşlaşýan pursatlarynda has hem ýürek gopduryjy, has hem iniňi dygladyjy görnüşde ýüze çykýar.
Begenjiň guburynyň başynda Ogunabadyň oňa ýüzlenip, kasam etmegi onuň belent adamkärçilik sypatlaryny äşgär ýüze çykarýar:
-Hoş gal, mähribanym, hoş gal, Begenjim,
Sendiň ýürekdäki hazyna-genjim.
Bir galdym, bolmady eden hyýalym,
Görerin ne bolsa indi ykbalym.
Ýadygär galdyrdyň eziz çagany,
Gözüm göreji dek läleläp ony,
Her hili ýagdaýda hor-homsy etmän,
Adam etmeklige seni küýsetmän,
Guburyň üstünde kasam edýärin,
Hoş gal, jana-janym, indi gidýärin...
Bu sözleri aýtmak bilen Ogulnabat türkmen aýal-gyzlarynyň ähli gowy sypatlaryny özünde jemlän asylly maşgala hökmünde göz öňüne gelýär.
Ogulnabat bilen Akmyradyň arasynda başlanan täze gatnaşyk arkaly şahyr gahrymanlarynyň häsiyetleriniň täze taraplaryny görkezipdir. Begenç aradan çykyp, dul galan gelin Ogulnabada ýene-de Akmyrat söýgi bddirýär. Emma Begenjiň ogly Öwezjigiň ady bilen ýaşaýan Ogulnabadyň beýle zatlar ýadyna-da düşenok. Onuň üstesine-de, Ogulnabat dul gelin, Akmyrat bolsa boý ýigit. Şeýle bolansoň, Ogulnabat Akmyradyň söýgi bildirip ýazan hatyna juda geň galýar.
Akmyradyň tutanýerli hereketleri, päk söýgüsi, güýçli yhlasy Ogulnabadyň kalbynda täze pikirler oýarýar.
Uzak oýlanmalardan, ukusyz geçirden sansyz gijelerden soň Ogulnabadyň kalbynda dörän söýgi uçgunlary entek aňyna berk ornaşyp bilenok. Öwezjige, hossarlaryna Akmyradyň mähirli duýgy bilen garajagyna gözüni ýetirensoň, Ogulnabat Akmyradyň söýgüsine söýgi bilen jogap berýär. Bu işiň iň soňky maslahaty-da, iliň sylagly ýaşulusy Oraz aganyň paýyna düşýär.
Begenç özüniň ýürekdeşligi, dury asman ýaly arassa kalby bilen dessine okyjyny özüne çekýär. Öz obadaşy Ogulnabady päk duýgy bilen söýýär. Ogulnabat bilen gatnaşyklarynda Begenjiň häsiýetleri aýdyň bolýar.
Söweşlerde Ogulnabadyň ady, päk söýgüsi Begenje güýç-gaýrat berýär. Begenjiň Ogulnabada ýazan hatlarynda onuň Ogulnabada bolan söýgüsi Watana bolan söýgüsi bilen utgaşyp gidýär. Şonuň üçin-de Begenç bu mukaddes sözleri agzyndan düşürmeýär. Bu sözler oňa güýç-kuwwat, gaýrat, hyjuw berýär.
Romanda Begenjiň ýaraly bolandan soňky içki garşylyklary-da ynançly berlipdir. Ol garşylyklar Begenjiň obrazyny ep-esli janlandyrypdyr. Begenç fiziki taýdan uzak ýaşamasa-da, onuň ruhy eseriň bütin dowamynda hereket edýär.
Akmyrat ýaşlykda ýetim galyp, il-günüň aladasy bilen orta hem ýokary mekdepleri tamamlaýar. Zehinli Akmyrat ýenede ylmyny dowam etdirmek maksady bilen aspirantura okuwa girip, ylmy işiň üstünde işleýär. Akmyrat giň düşünjeli adam bolup ýetişýär. Akmyrat ýaraly bolup, uruşdan dolanyp gelenden soň, magaryf ugrunda işläp başlaýar.
Eseriň dowamynda awtor Akmyradyň Ogulnabada bolan söýgüsiniň päkdigini açyp görkezmek üçin gahrymanyň dürli ahwalatlardaky, dürli pursatlardaky boluşlaryny durmuşa laýyk suratlandyrýar. Akmyradyň Ogulnabada ýürek duýgusyny aýdyp bilmän, köp wagtlap, hupbat baryny çekişi, yzygider ýaýdanyşy diňe çyn söýginiň alamatlarydyr.
Ogulnabada hat bilen söýgüsini duýduransoň gyzyň oňa Begençden gelen haty ibermegi Akmyrada iňňän uly täsir edýär. Ol öz-özüne gaharlanýar, öz eden işine puşman edýär. Akmyrada wyždanynyň öňünde horlanýar.
Akmyrat Ogulnabat dul galansoňam ony tüýs ýüreginden söýýär. Ýöne bu söýgi öňki ýaly garşylyksyz däl. Bu söýgi zerarly Akmyradyň içki dünýäsmde, aňynda ýiti göreş gidýär. Bir tarapdan ajaýyp maşgala Ogulnabada oýanan päk söýgi duýgusy Akmyrady öz erkine goýmasa, ikinji tarapdan Ogulnabadyň dul gelinligi, Akmyrady pikir derýasyna batyrýar. Şu iki duýgynyň ýiti göreşi bolsa Akmyradyň kalbyny heýjana getirýär.
Esere şahyryň özüniň-de gatnaşmagy, romanyň çeperçdigini gowşatman, gaýtam, onuň many-mazmzmyny çuňlaşdyrýar. Ol adamzadyň iň inçe, iň näzik duýgusy bolan söýgi barada, durmuş barada, bagt barada, adamzadyň ýaşaýşynyň, ömrüniň dürli döwürleri barada, edep-ekram, gylyk-häsiýet we şuňa meňzeşler barada çuň manyly pelsepewi pikirleri gozgaýar, olar barada öz garaýyşlaryny aýdýar.
A.Kekilow «Söýgi» romanynyň esasynda «Söýgi» dramasyny hem döretdi.
A. Kekilýuwyň bu romany sünnälenilen çeperçiligi, ideýa-estetik derejesiniň örän ýokarylygy we baýlygy bilen türkmen edebiýatynyn mundan buýanky ösüşine uly goşant boldy. Türkmen edebiýatynyň her bir tarapdan kemala gelmäge ymtylýan edebiýatdygyny aýan etmekde çynlakaý hadysa boldy.
Ýazyjy we alym A.Kekilow ömrüniň soňky ýyllarynda has öndümli işledi. Bu ýyllarda onuň ençeme edebi we ylmy eserleri, ençeme makalalary döredildi.
A.Kekilow türkmen edebiýat öwreniş ylmynyň ösmegi üçin hem uly tagalla etdi. Geçen asyryň 30-70-njy ýyllarynda ylmyň möhüm meselelerine bagyşlanan has göwrumli ylmy-teoretiki işleri taýynlap, alym baý tejribe gazandy. Ol Türkmenistanda tankydy pikiriň döremegine we ösmegine, edebiýat teoriýasyna degişli kitaplaryny çap etdirdi. Klassyk şahyr Mollanelesiň ömür we döredijilik ýoluny yzarlaýan doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Onuň ähmietli işlerinden «Söz sungaty» (1973), «Söz syrlary» (1975), «Edebi žanrlar we edebi metod» (1979) ýaly ylmy eserleri türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda möhüm orny eýeleýär.