Gylyç Kulyýewiň ömri we döredijiligi (1913-1990) Terjimehal maglumatlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, taryhçy alym Gylyç Kulyýew 1913-nji ýylda Mary şäheriniň golaýyndaky Amaşa obasynda dogulýar. Ýaşlygyndan ýetim galan oglanjyk 1927-1928-nji ýyllarda Mary şäherindäki internatda terbiýelenýär.
G.Kulyýew 1928-1934-nji ýyllarda Baku şäherinde hukuk ugrundan institutda okaýar. Ol 1949-1952-nji ýyllarda Moskwadaky Jemgyetçilik ylymlýary akademiýasynyň aspiranturasynda okaýar.
Dissertasiýa gorap, taryh ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alandan soň (1954) Gylyç Kulyýewi Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzalygyna saýlaýarlar.
Ýazyjy 1935-1943nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýuridik bölüminin müdiri wezipesinde işleýär. Ol 1943-1947-nji ýyllarda Eýranda SSSR-iň wise-konsuly bolup işledi. Gylyç Kulyýewi 1947-nji ýylda Türkmenistan daşary işler ministrligine ýolbaşçy işe belleýärler. 1948-nji ýylda ony Türkmenistanyň ýokary döwlet edaralaryna işe geçirýärler. 1953-nji ýylda G.Kulyýew Türkmenistanyň Medeniýet ministri wezipesine bellenýär. Ol döwletiň ýokary derejeli ordenleri we birnäçe medallar bilen sylaglanýar.
G. Kulyýew 1957-1960-njy ýyllarda SSSR-iň Owganystandaky wekilçiliginiň geňeşçisi, 1960-1963-nji ýyllarda SSSR-iň Tunis respublikýasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly wekili bolup işledi. Gylyç Kulyýew 1963-1964-nji ýyllarda SSSR daşary işler ministrliginiň Afrika bölüminiň müdiriniň orunbasary wezipesinde işledi.
Türkmen prozasynyň uly ussatlarynyň biri Gylyç Kulyýew 1990-njy ýylda aradan çykdy.
Döredijilik häsiýetnamasy.Ýazyjy 1964-nji ýylda ylmy-döredijilik işine geçýär. Rus, pars, iňlis dillerini oňat özleşdiren G.Kulyýew daşary ýurtlarda bolan wagtlarynda ýerli halkyň medeniýeti, zähmetkeş gatlagyň ykbaly bilen ýakyndan gyzyklandy. Onuň okyjylar köpçüligine hödürlenen ilkinji eseri 1951-1952-nji ýyllarda ýazylan «Köpetdagyň aňyrsynda» atly powesti bolupdy. Gylyç Kulyýew şu powest bilen döredijilik dünýäsine gadam urupdy.
G.Kulyýew altmyşynjy ýyllarda «Ýowuz günler», «Ýanbermez alžirli» atly romanlaryny ýazdy. Bäsleşikde II baýraga mynasyp bolan «Gara kerwen» (1971) atly romanyny döretdi. «Ýowuz günler» (1964), «Ýanbermez alžirli» (1968) romanlarynyň mazmuny esasynda pýesalar döretdi. Owganystan bilen gatnaşyklaryň ösmegine bagyşlanan «Emiriň ilçisi» atly pýesasyny ýazyp gutardy.
Ýazyjy ilkinji eseri bolan «Köpetdagyň aňyrsynda» atly powestinde eýran türkmenleriniň zähmetkeş gatlagynyň başyndan geçirýän agyr durmuşy, şol ýeriň zähmetsöýer ogullary bilen raýdaşlygy, olaryň arasynda birek-birege düşünişmegiň we dostlukly aragatnaşygyň ösüşi barada gürrüň berýär. Kitapda ýörite ylalaşyk esasynda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Eýranyň territoriýasyna wagtlaýyn giren sowet goşunlarynyň zähmetkeş halka beren kömegi, eýran türkmenleriniň oňa bildiren minnetdarlygy we gyzgyn söýgüsi barada hem gyzykly gürrüň berilýär.
G.Kulyýewiň «Ýowuz günler» romanynyň merkezinde klassyky poeziýamyzyň düýbüni tutujy, XVIII asyryň ýowuz günlerinde ýaşap öten türkmen şahyry Magtymgulynyň obrazy durýar. Gazaply günlerde garyplara arka çykan akyldaryň obrazyny döretmegiň özi türkmen halkynyň azatlygy ugrundaky göreşiniň pajygaly sahypalaryny janlandyrmak we çeper suratlandyrmak bilen baglydyr.
1964-nji ýylda özbaşdak kitap görnüşinde neşir edilen bu roman beýik şahyryň çeper obrazyny döretmek boýunça edebiýatymyzda edilen ilkinji düýpli synanyşykdyr.
«Ýowuz günler» romany Magtymgulynyň has kämilleşen, gartaşan döwrüne bagyşlanýar. Ýazyjy beýik şahyryň tutuş ömür ýoluny janlandyrmak maksady bilen, onuň ýaşlyk ýyllary hakynda-da roman ýazýar. Soňra iki roman bilelikde «Magtymguly» ady bilen neşir edilýär.
G.Kulyýewyň 1968-nji ýylda neşir edilen «Ýanbermez alžirli» romanynda alžir halkynyň özbaşdaklygy, erkinligi, azatlygy ugrundaky göreşi giňden teswirlenýär.
Ýazyjy özüniň «Ýanbermez alžirli» romanynda soňky asyrlaryň dowamynda imperialistik Fransiýanyň koloniýasyna öwrülen Alžirde Afrikanyň bakna edilen halklarynyň azatlyk ugrunda göreşe galmagy bilen emele gelen progressiw hereketi, alžir zähmetkeşleriniň döş gerip gazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Bu ýerde zorluk, sütem, duşmançylyk, dostluk, agzybirlik we ezilýän synpyň arasyndaky azatlyga bolan hyjuw, gaýduwsyzlyk, ýanbermez milli güýç barada gürrüň edilýär.
„Gara kerwen― romanynda iňlisleriň Orta Aziýada özleriniň syýasatyny ýöretmek ugrunda eden hereketleri, kontrrewolýusion meýilleri çeper suratlandyrylýar. Romanda wakalar iňlis aňtaýjysy polkownik Forsteriň adyndan beýan edilýär.
Tejribeli aňtaýjy Forster Hindistanda we beýleki ýurtlarda uly işler bitiripdir, agalarynyň ynamyny gazanypdyr. Forsteriň kerweni hileli niýetler bilen Maşatdan Orta Aziýanyň jümmüşine ugraýar. Iňlis aňtaýjysynyň wezipesi içki kontrrewolýusion güýçleri herekete getirmeli, halkyň başagaýlygyndan peýdalanyp, Türküstany iňlis koloniýasyna öwürmek üçin az güýç bilen basyp alar ýaly şertler taýýarlamaly.
Mekir aňtaýjy Hyratda bolşewikleriň adyndan listowkalar ýaýratdyryp, dürli pirimler arkaly ýaş sowet hökümetine atybilen myjabatlaryny atýar.
Owganystanda iň täsirli adamlaryň biri, şanyň sag goly hasaplanýan Asadulla han bilen duşuşanda Forsteriň paltasy daşa degýär. Asadulla han Forsterden has akylly, giň düşünjeli, medeniýetli adam bolup çykýar. Asadulla han öz synpynyň wekili, emma hakykatyň gözüne dogry seretmegi başarýar, her hili öjükdirmelere özüni aldyrmaýar. Ol Owganystanyň özbaşdaklygy, milli garaşsyzlygy üçin sowet hökümetiniň ähmiýetine bil baglaýar. Sowet hökümetiniň syýasatyny özüne ýakyn görýär. Netijede Forster owganlardan goldaw tapmajakdygyna göz ýetirýär.
Eseriň esasy gahrymanlarynyň biri Kirsanowyň obrazy awtoryň döredijilik ussatlygynyň önümidir. Bu obraza romanda köp orun berilmese-de, ol eseriň ideýasyny, Forsteriň keşbini aýdyňlaşdyrmakda uly çeperçilik ähmiýete eýedir. Kirsanow howply otrisatel tipiň garşysyna durýan güýçli položitel gahrymanyň sypatlaryny özünde jemleýär. Kirsanow iňlis içalysy Forsteriň bet pygyllarynyň puja çykarylmagynda aýgytly uly iş bitirýär. Ol ilki bolşewizme garşy göreşýän adam bolup Forsteriň ynamyna girýär. Özüni dost ýaly görkezip, iňlis imperalizminiň bil baglaýan adamlaryny Forsteriň ýanynda ynamdan gaçyrmagyň tärini tapýar.
Bu obraz fiziki taýdan-da, ruhy taýdanda Forster ýalylardan özüniň has belentdigini subut edýär. Ol ele düşende özüni mertlerçe alyp barýar. Duşmanlary oňa ejir baryny berseler-de, ony dyza çökerip bilmeýärler. Ol öz idealyna hyýanat etdirip biljek güýjüň dünýäde ýokdugyny görkezýär. Şeýlelikde hem Kirsanow fiziki taýdan heläk edilse-de, ruhy ýeňiş onuň tarapynda galýar. Hatda Forster onuň mertligini boýun almaly bolýar.
«Gara kerwen» G.Kulyýewiň çeperçilik ussatlygyna şaýatlyk eden iň şowly eseri boldy. Onda näzik Katerina, gedemsi knýaz, ýeser Asadulla han, alçak Arslanbek, dikdüşdi Işmet baý, gowuşgynsyz emir, mekir guşbegi, agras komissar, gagal Kirsanow, geplemezek Ýalkap baý, pirimli hem tilsime ökde Forster ýaly ençeme obraz döredildi. Romanyň berýän mümkinçilikleriniň çözgüdinde olaryň hersiniň öz ýüzi, öz häsiýeti bar. Hersi özbaşyna bir dünýä bolup duran adamlaryň häsiýetini, içki dünýäsini, jemgyýetde tutýan ornuny, isleg-arzuwyny we maksadyny nygtamak awtora başartdy. Şol obrazlaryň ählisi iki dünýäni, ezijileri we ezilýänleri, azatlyk ugrunda göreşýänleri, ony gazananlary we bularyň garşysynda durýanlary, olaryň ideýalaryny görkezmeklige tabyn edilipdir.
Eseriň kompozision gurluşynyň çeýedigini, türkmen edebiýaty üçiň belli bir derejede täzelikdigini, awtoryň bu kitaby ýazmakdan göz öňünde tutan jogapkärli maksadyna gowy hem ýerlikli hötde gelendigini bellemek gerek. Romanyň mazmuny gara kerweniň başdan geçiren wakalary esasynda ýüze çykýar.
Azatlyk ugrundaky göreş hem halkara syýasaty temasy şu temadan işlemäge höwesek G. Kulyýewiň çeper sözden çemen bogýan döredijilik meýdanyna öwrüldi. Roman Aşgabatda türkmen dilinde, Moskwada rus dilinde iki gezek neşir edildi. Eser çeh, nemes, litwa, özbek we beýleki dillere terjime edilýär. Şu at bilen romanyň esasynda çeper film döredilýär.
G.Kulyýewyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolan «Emiriň ilçisi» trilogiýasy owgan halkynyň milli özbaşdaklyk ugrundaky göreşine bagyşlanýar. Trilogiýada Hindistan Respublikasynyň ilkinji Premýer-Ministri Jawaharlal Neru ýaly dünýä belli taryhy şahslaryň birnäçesi hereket edýär.
«Emiriň ilçisi» romany Oktýabr rewolýusiýasynyň ýeňip üstün çykmagy bilen öz azatlygyny gazanmaga mümkinçilik tapan owgan watançylarynyň ençemesiniň obrazyny janlandyrdy. Olaryň içinde dürli ýagdaýy eýeleýän her hili garaýyşly adamlar, dürli güýçleriň wekilleri bar. Şolaryň içinde emiriň ýaşlyk ýoldaşy Ahmediň obrazy has-da şowly çykypdyr. Ahmet Owganystanyň azatlygy ugrunda progressiw garaýyşly Amanulla hanyň ýolbaşçylygynda hereket edýän ýaş güýçleriň wekili.
G.Kulyýewyň «Güljemal han» romanynda Türkmenistanda, aýratyn-da, Mary etraplarynda halkyň XIX asyryň ahyrlaryndaky taryhy-syýasy, sosial-ykdysady ýagdaýlary suratlandyrylýar.
G.Kulyýew häzirki zaman temasyndan «Gijigen ökünç» romanyny ýazdy. Bu romanda öňki totalitar sistemanyň nogsanlyklary hakynda dogruçyllyk bilen söz açylýar, aýratyn hem oba hojalygy pudagynda ýol berilýän kemçilikler, ýerleriň zaýalanmagy, gözboýagçylyk edilmegi, ýalan maglumatlaryň berilmegi, ýokary kürsüde oturan adamlaryň galp şöhrata kowalaşmagy ýaly gödek ýalňyşlyklary paş edilýär.
Ýazyjynyň ömrüniň soňky ýyllarynda «Harasatly Kabul» romany neşir edilýär. Owgan halkynyň öz garaşsyzlygy ugrunda alyp barýan göreşi hakda gürrüň berilýän bu eserde parahatçylygy goramak, watany söýmek pikirleri ündelýär.
G.Kulyýewiň romanlarynyň ählisi rus diline geçirildi. G.Kulyýew «Ene gazaby», «Nirdesiň, bagtym?» atly powestleriň, «Afrikalynyň kasamy» atly dramanyň, «Wah, siz erkekler!», «Ýedi erkek we bir zenan» atly komediýalaryň hem-de «Sökülen ýollar» atly ýatlaıma eserleriniň awtorydyr.
Ýazyjynyň döredijiliginiň özboluşly taraplaryny kesgitleýan zatlaryň biri onuň edebiýatymyzy baýlaşdyran daşary ýurt temasyndan ençeme ilhalar eserleri döretmegidir. Ýazyjy gahrymanlarynyň häsiýetlerini açmakda we olaryň içki dünýäsine aralaşmakda-da uly döredijilik mekdebini kemala getirdi. Durmuş tejribesi uly, ýokary intellektual derejä eýe bolan halypa ýazyjy türkmen edebiýatynyň möhüm meselelerini çözmekde nusgalyk şaýoly döretdi.