T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Kerim Gurbannepesowyň ömri we şygyrýeti



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə30/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Kerim Gurbannepesowyň ömri we şygyrýeti
(1929-1988)
Terjimehal maglumatlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda dogulýar. Onuň kakasy Gurbannepes aga hat-sowatdan başy çykýan, çeper sözüň gadyryny bilýän, kitaphon adam bolupdyr. Gurbannepes aga klassyk şahyrlaryň elde göçürilen şygyrlaryny, dessanlary we edebi häsietli dürli nusgalary ürç edip okar eken. Ol gürrüň bermegi, daşyna märeke üýşürip gülüşdirinegi hem başarypdyr. Çeper esere bolan söýgüsi ony döredijilik äleminiň birýan çetinden alyp barýar.
Geljekki şahyr şol ýyllar dürli dessanlar, klassyky poeziýanyň nusgalary we türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplary hem-de türkmençä terjime edilen daşary ýurt awtorlarynyň eserleri bilen tanyşýar.
Gurbannepes aga Beýik Watançylyk urşunyň kynçylykly ýyllarynda aradan çykýar.
Kakasy aradan çykandan soň, Kerimleriň maşgalasy gün-güzeranyň ugrunda Tejene geçýär. Kerimdir ejesi 1943-1944-nji ýyllarda Tejeniň kolhozlarynda we gaýry hojalyklarynda işleýärler.
Biraz wagtdan Kerim Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini gutaryp, ýokary bilim alýar.
K.Gurbannepesowyň «Gyzyl Goşun» atly ilkinji goşgusy 1939-njy ýylda Gökdepäniň «Kolhozçy sesi» gazetinde çap edilýär. Soňra onuň goşgulary «Mydam taýýar», «Ýaş kommunist» gazetlerinde, «Tokmak» žurnalynda çykyp başlaýar.
1944-nji ýylda Kerim Tejeniň etrap gazetine işe çagyrylýar. Ol uruş gutarýança bu gazetde işleýär. Soňra Tejen suw howdanynyň gurluşykçylarynyň «Tejen gurluşygy» gazetine işe geçýär.
1951-nji ýylda – heniz esger mahaly «Güýjümiň gözbaşy» ady bilen şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy neşir edilýär.
Kerim goşun gullugyndan gelip, Türkmenistan döwlet neşirýatynda işläp başlaýar. Ol bu ýerde Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Ýakup Nasyrly, Beki Seýtäkow ýaly meşhur ýazyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar, olardan köp zat öwrenýär.
K. Gurbannepesow dürli ýyllarda Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary, «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum» ), «Tokmak» žurnallarynyň baş redaktory, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyny bermek baradaky komitetiň başlygy wezipelerinde işleýär. Ol 38 ýaşynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Oňa Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berilýär.
K. Gurbannepesow 1988-nji ýylda aradan çykdy.

Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin