T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


XX asyryň ýetmişinji-segseninji ýyllarynyň türkmen edebiýaty



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə26/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   47
XX asyr turkmen (3)

XX asyryň ýetmişinji-segseninji ýyllarynyň türkmen edebiýaty
Ýetmişinji-segseninji ýyllaryň edebiýatynyň häsiýetli taraplarynyň biri biziň ýazyjylarymyzyň jemgyýetiň ösüş kanunalaýyklyklaryna, ruhy hem ahlak gymmatlyklaryna uly gyzyklanma döretmegidir.
Bu döwürde türkmen prozasy döwrüň wajyp meselelerine barha içgin ýüzlenýär. Prozanyň kiçi žanry hasaplanylan hekaýadyr oçerkde-de aýdyň görnüp duran ösüş gazanyldy. Muňa ýazyjylaryň arasyna ýetmişinji ýyllarda zehinli ýaşlaryň ençemesiniň gelip goşulmagy esasy sebäpleriň biri boldy.
Türkmen prozasynyň ösuşi san we hil taýyndan kämilleşme häsiýetine eýe boldy. Bu žanrda döredilen eserleriň arasynda halkyň şöhratly geçmiş taryhyna ýüzlenmeklik täzeçe öwuşgin tapdy. Ýazyjy B.Seýtäkow «Doganlar» romanynyň gönüden-göni dowamy bolan «Bedirkent» romanyny çapdan çykardy. Ýazyjy N.Jumaýew öz döredijiliginiň esasy bölegini Lebap ýakalarynda bolup geçen rewolýusion hereketi şöhlelendirmäge çalyşdy. Onuň «Jeýhun», «Welaýat» romanlarynda türkmen halkynyň ezijileriň garşysyna baş göterişi barada täsirli gürrüň berilýär.
Taryhy we taryhy-rewolýusion temada ýazyjylar A.Haýydow «Düýnki adamlar», Ý. Mämmediýew «Şapak» ýaly eserlerini döretdiler.
G.Kulyýewiň «Emiriň ilçisi» eseri daşary ýurt temasyndan ýazylanlygy bilen ünsi özüne çekýär.
Beýik Watançylyk urşy türkmen prozasynyň esasy temalarynyň birine öwrülipdi. Ýetmişinji ýyllardahem bu temada döredilen eserlere N.Jumaýewiň «Aýdogdy Tahyrow», S.Ataýewiň «Gazap», A.Orazmyradowyň «Ýerden ot çykýar» diýen romanlaryny görkezmek mümkin.
Umuman, bu temada esasan frontuň gazaply sahnalarynda taplanan ýazyjylar çykyş etdiler. Olaryň arasynda A.Nazarow, A.Durdyýew ýaly ýazyjylarymyz hem bar. Sowet Soýuzynyň Gahrymany Pena Rejebowyň memuar häsiýetinde döreden ýazgylary hem front wakalaryndan gürrüň berýärdi.
B.Kerbabaýewiň Garagum kanalyna bagyşlap ýazan «Suw damjasy – altyn dänesi» diýen uly eseri şu döwürde döredildi.
Şu döwürde H. Derýaýewiň «Harasat», «Mukaddes ojak» eserleri, G.Gurbansähedowyň «Toýly Mergen», A.Atajanowyň «Öz tanyşlaryň», B. Hudaýnazarowyň «Akar suwuň aýdymy», A.Haýydowyň «Million ädim» romanlary häzirki zaman temasynda döredilen eserlerdir.
Ýetmişinji ýyllarda Çary Aşyrow «Yzçy», «Garry serdar» ýaly proza eserlerini döretdi. Eger ol özüniň «Yzçy» romanynda ýigriminji, otuzynjy ýyllarda ýurt serhedi bilen baglanyşykly wakalara ýüzlenip, şol wakalaryň üsti bilen jemgyýetiň ösuş etaplaryny real görkezmäge çalşan bolsa, «Garry serdarda» türkmen halkynyň geçmiş taryhyny teswirlemäge ýykgyn etdi.
Öwrenilýän döwrüň başlarynda proza gelen Ý.Mämmediýewiň «Ene toprak» atly ilkinji romany rewolýusiýa ýyllarynyň wakalary hakyndady. «Şapak» romany bolsa Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmeziniň öň ýanlarynda bolup geçen taryhy wakalara bagyşlanypdy.
Prozanyň powest we hekaýa zanrynyň çeper we täsirli bolmagynda bu döwürde ýazyjy doganlar Täşli we Arap Gurbanowlaryň aýratyn hyzmatynyň bolandygyny bellemek gerek.
Romanlaryň içki häsiýeti hem öňkülerinden köp derejede ösdi we özgerdi. Häzirki zaman türkmen romanda biri-birine meňzeş wakalaryň ýerine-psihologik sahnalar bezeýär. Muňa B.Hudaýnazarowyň «Akar suwuň aýdymy» romanyny, şonuň ýaly-da N.Hojageldiýewiň «Gülle degen sünbüller» romanyny görkezmek bolar. «Gülle degen sünbüller» romanynda gahrymanyň içki dünýäsi, ruhy ýagdaýy açylyp görkezilýär we şonuň üsti bilen onuň töwereginde bolup geçýän wakalara bolan gatnaşygy örän jaýdar we ynandyryjy beýanyny tapýar.
Şu döwürde şahyr A. Kekilow prozada «Syrylan bulut» romanyny tamamlady.
Prozaçy ýaşlaryň döredijiligine häsiýetli mysal hökmünde Agageldi Allanazarowyň tebigat gorap saklamak baradaky «Alabaý» hekaýasy agzalmaga mynasypdyr.
Prozamyza täze goşulan ýaşlar ähmiýetli temalary saýlap almakda we suratdandyrmakda tejribeli ýazyjylaryň göreldesine eýerýärdiler. Edil şu temadan A.Haýydow özüniň «Hany tokaý?» atly hekaýasynda adamyň saglygy, ýaşuly adamlar baradaky alada bilen baglanyşykly meseläni gozgaýar.
Şäherde işläp, pensiýa çykanyndan soň Abdy aga wraçyň maslahaty boýunça obasyna gidýär. Oňa arassa, açyk howa gerek. Ýöne ol obada öňki sergin howaly tokaýy görüp bilmeýär. Adamlaryň geleňsizligi zerarly arça tokaýlygy ýok bolup gidipdir. Şu ýagdaýdan hem awtoryň öňe sürýän ideýasy gelip çykýar.
A.Gurbanowyň «Otja» (1976) powesti ylmy-tehniki progresiň oba hojalygyna ornaşdyrylyşy babatda ýazylan eserleriň arasynda mynasyp orny eýeleýär.
Arap Gurbanow (1927-1990) Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Onuň çagalygy kynçylykly ýyllara gabat gelýär. Ýazyjy Beýik Watançylyk urşunyň görkezen jebir-sütemlerini gerdeninde çekmeli bolýar. Arap mekdebi gutaransoň, Aşgabadyň mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. Ýöne ony doly tamamlaman, Türkmen radiosyna işe girýär. Gazaply uruş döwrüniň ilkinji ýyllarynda radiodiňleýjiler Arap Gurbanowyň çykyşlaryny, okan habarlaryny yzygiderli diňleýärler. Ol Türkmenistan radiosynda Beýik Ýeňşi türkmen halkyna buşlaýar.
Ýazyjy ýaşlyk ýyllaryndan döredijililik bilen mesgullanyp ugraýar. 1956-njy ýylda «Tomus günleriniň birinde» atly kitaby neşir edilýär. Şondan soňra A.Gurbanowyň «Gülnar», «Görşer durarys», «Öýlänçi», «Nar agajy», «Çigildem güli»,«Aýdymçy gyz» ýaly okyjylaryň söýgüsini gazanan kitaplary dünýä inýär.
Doganlary Baýram, Annaberdi, Hasymguly, Täşli ýaly Arap Gurbanow hem türkmen edebiýatynda öz yzyny goýmagy başardy. Döwrüň prozasynda oba hojalyk maşynlary, aýratyn hem senagat desgalary bilen baglanyşykly suratlandyrylýan wakalarda, okyja näbellidir öýdülen tehniki progresi düşündirmek ýüze çykdy.
G.Seýitmädowyň «Ýalňyzym» (1977) powestinde şeýle mesele esas edilip alnypdyr.
B.Hudaýnazarowyň «Yzçynyň gözleri» (1976), «Haşar» (1980), A.Gurbapowyň «Otja», T.Jumageldiýewiň «Başagaý» (1972) powestleri türkmen prozasyna täze gahrymanlaryň obrazyny getirdi.
H.Durdyýew, Ş.Çaryýew, R.Sabyrow, Ý.Haýydow, K.Durdyýew türkmen prozasyny zehin dürlüligi bilen baýlaşdyrdylar. B.Hudaýnazarow, T.Jumageldiýew, A.Haýydow, O.Orazberdiýewa, N.Baýramow, A.Gurbanow, T.Gurbanow, N.Hojageldiýew, A.Tagan A.Paýtyk, G.Seýitmädow, R.Allanazarow ýaly tejribeli prozaçylara öwrülenleriň töwereginde indi şeýle ýaşlar bar.
Bu döwürde türkmen prozasynyň oçerk, hekaýa, powest ýaly görnüşleriniň ösmegine ýaşuly ýazyjylarymyz hem hemaýat berip geldiler. H. Derýaýewiň «Mukaddes ojak» (1978) powesti türkmen edebiýatyny baýlaşdyrdy. Ç.Matalowyň «Täze ýurt» (1970), A.Myradowyň «Muňa durmuş diýerler» (1971), A.Gylyjowyň «Köýten nalasy» (1975) kitaplary hem muňa mynasyp goşant goşdy.
Atajan Taganyň «Uruşdan soňky söweş» (1980) kitabynda adybir eseri bilen bile «Aýylganç baharyň jybarly güni» atly powesti ýerleşdirilipdir. Olar uruş bilen baglanyşykly wakalardan söz açýar.
«Aýylganç baharyň jybarly güni» atly powestiň gahrymany Sapar iti gowy görýär. Fronta gidip gelenden soň bolsa onuň ýigreneni it bolýar. Sebäbi ol faşistleriň iti adama duşman edişini, itiň öz gadym dosty adama berýän azaryny görýär.
A.Taganyň hekaýalarynyň ählisinde uruşdan içi ýangynly gahrymanlar öňe çykarylýar. «Uruş haçan gutarýar?» (1967) atly hekaýanyň gahrymany Mamur eje fronta giden Nurjanynyň gaýdyp geler arzuwy bilen ýaşaýar. Urşuň ýatanyna-da ynananok. Sebäbi Nurjan gaýdyp gelenok. Şol sebäpli, Mamur eje üçin uruş gutaranok. Ol henizem ogluny elinden alan, indi bolsa onuň geljekdigi hakdaky ynamyny hem ýüreginden sogurjak bolup duran ganym uruş bilen ýakalaşýar.
A.Gurbanowyň «Tanyş ýüzler» (1979) powestinde uruş ýyllarynyň tylynda bolup geçen pajygaly wakalary, gelin-gyzlaryň, ýaş-ýetginjekleriň we garrylaryň gahrymançylykly zähmeti, olaryň belent watançylyk duýgusy ýatlama görnüşinde suratlandyrylýar. «Tanyş ýüzler» powestinde döwrüň getiren kynçylyklarynyň üstüne ýaramaz adamlaryň etmişleriniň hem halkyň boýnuna musallat bolup inendigi barada aýdylýar. Erbet gylykly, ýaramaz häsiýetli adamlar ýazgarylýar.
Ýazyjy Anna Paýtyk „Ýurt eýesi― powestinde uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken türkmen gelin-gyzlarynyň mertligini, edermenligini we durmuşa, ýaşaýşa wepalylygyny çeperçilik bilen suratlandyrýar. Eserde beýan edilýän wakalar Mamur eje bilen Arzygülüň başdan geçirmeleri esasynda ýaýbaňlanýar. Bu gaýyn-gelin uruş ýyllarynyň agyr kynçylyklaryny mertlerçe çeken zenanlardyr. Ýöne welin Mamur ejäniň ogly, Arzygülüň ýanýoldaşy Ilamanyň söweş meýdanynda gahrymanlarça wepat bolmagy bu gaýyn-gelniň ýürek yzasyny, aýralyk dagyny örän agyrlaşdyrýar. Arzygülüň perzentsizligi bu maşgalanyň depesinden gamgynlyk dagy bolup inýär.
Mamur ejäniň bu gam-gussasyny gelni Arzygül hem deň çekişýär. Bu gamgyn ýagdaýdan çykmak üçin Arzygül gije-gündiz pikir derýasyna gark bolýar. Ol „Näme etsem, ýykylan ojagy dikeldip bilerkäm? Mamur ejäni gam-gussadan halas edip bilerkäm?― diýip, bagtyň gözlegindedi.
Şeýle çylşyrymly, betbagtlykly ýagdaýda durmuşyň adalatly terezisi öz wagty bilen bulary bagt guşuna duşurýar.
Emma gaýyn-gelniň alnyndan bagt güni dogýança, olar durmušyň agyr, hupbatly pursatlaryny ýeňip geçmeli boldular.
Powestiň wakalary Mamur ejäniň öýünde agtygy Wepalynyň öýleniş toýundan başlanýar. Soňky wakalar ýazyjynyň edebi yza çekilmeleri esasynda beýan edilýär. Mamur ejäniň ogly Ilaman söweş meýdanynda gahrymanlarça wepat bolansoň, ýanýoldaşy Arzygül türkmençilik edip, oňa sarpa goýup, ojagyny saklap, ýedi ýyl garasýar, Mamur ejä çaga saklan ýaly seredýär. Bu gamgyn ýaşaýyş Arzygüli halys ýadadansoň, ol durmuşa çykmak üçin Mamur ejeden rugsat soraýar. Emma ol muňa garşy bolýar. Ýurt eýesi Ilamanyň ýoklugy, perzentsizlik gaýyn-gelni barha sussupeslige alyp barýar. Mamur ejäniň sabyr käsesi pürepürlänsoň, ýaş gelniň önüp-örňemegi, maşgala gurmagy üçin oňa rugsat berýär. Ol göwün beren adamyna – Öweze durmuşa çykýar. Bularyň Wepaly diýen ogly bolýar, Arzygül Ilamanyň ojagy, ýurdy ýitmesin diýen ýagşy umyt-arzuwlar bilen Wepalyny Mamur ejä ogullyga berýär. Ol ogullygy bilen tiz öwrenişýär. Niçeme ýyllap gülmedik, şatlanmadyk Mamur ejäniň begenjiniň çägi ýok. Ol çaga bu öýe bagt getirýär.
Eserden alnan bu bölek powestiň soňundaky wakalary beýan edýär. Durmuşa çykan Arzygülüň gaýnyndan habar alyp, yzyna dolanyşy, sonda onuň ekinzarlyklara kömekleşip, uly köpriniň üstünde durup, ýedi ýyl öňki basdan geçirmelerini ýatlaýşy çeperçilik bilen beýan edilýär. Şonuň ýaly hem Murgap derýasynyň aýagujundaky Ak çäge obasynyň bagy-bossanlygy, tebigaty, haýwanat dünýäsi, özboluşly däp-dessurlary, zähmetsöýer adamlary, Arzygülüň, Mamur ejäniň bagtly günlere ýetmegi we beýleki wakalar ussatlyk bilen wasp edilýär.
A.Haýydowyň «Günüň uklaýan ýerine syýahat» (1982) atly kitabynda ýerleşdirilen eserlerde hem Türkmenistanyň çöl peýzažy, meýdan haýwanlary, tebigatdaky özgerişlikler barada gyzykly hem çeper maglumatlar berildi.
Ýetmişinji ýyllaryň prozasyna H.Diwangulyýew «Ganat1ylar mekanyna syýahat» (1978) atly ylmy-fantastik powesti bilen geldi. Şonuň bilen häzirki zaman türkmen prozasy baryp ýigriminji ýyllardan bäri käte sypanyşylyp gelinýän ylmy-fantastiki ugry özleşdirip başlady.
B.Hudaýnazarow soňky ýyllarda ýazan powestlerinde ahlaklylygyň ýüze çykyşyny durmuşyň dürli basgançaklaryna, dürli häsiýete laýyklykda suratlandyrdy we türkmen prozasyny köp taraply hem guwandyryjy ahlakly obrazlar bilen baýlaşdyrdy.
«Argyş» powestiniň baş gahrymany Arça pälwan durmuşyny arassa ýaşapdyr. Pälwançylyga bütin durmuş ýoluny bagyşlapdyr we ýurtdaşlarynyň guwanjyna öwrulip gidipdir.
Arça pälwanyň gerçek sypatyny awtor ýerlikli nygtaýar. Kebzesi ýere degrilmedik meşhur pälwan hem edil görnükli ýazyjy, şahyr, alym ýa sungat işgäri ýaly halkyň eziz ogluna öwrulýär. Arça pälwan şeýle adamlaryň biri.
B.Hudaýnazarowyň «Haşar» powestiniň gahrymanlary uruş ýyllarynda tyl zähmetine uly goşant goşan türkmen aýal-gyzlary.Tulpar, Aksülük, Hallywa dagyda Arça pälwanyňky ýaly üýtgeşik tebigat ýok. Olar beýleki köp sanly adamlaryň hatarynda deň durup zähmet çekýärler.
Haşar hiç wagt aýal maşgalanyň baş goşan işi däl. Emma uruş ýyllarynyň ýagdaýyna we zerurlygyna düşünip, agyr synaga hunabat ýamanyny çekip, hötde gelýärler. Olarda parahatçylykdy durmuş şertlerinde terbiýelenen jemgyýetçilik ahlagy täzeden taplanýar. Ýazyjy bu ýerde şol agyr şertleriň gyzlary-ha däl, erkekleri hem maýyp edip biljekdigini gypynçsyz aýdýar.
Şu döwür türkmen prozasynda gahrymanyň hereketi gury beýan esasynda däl-de, obrazyň indiwidual häsiýetine laýyklykda, içki oý-pikirleri bilen utgaşdyrylyp suratlandyrylmaga başlandy. Munuň özi suratlandyrylýan wakanyň ýa mazmunyň hemişe dartgynly bolup geçýän adam duýgusynyň fonunda berilmegine, liriki öwüşginiň çaýylmagyna getirdi. Eserleriň täsirliligi hem şol derejede artdy.
Bu ýerde gahrymany položitel ýa otrisatel görkezmekden el çekilip, durmuşda bolşy ýaly: ähli artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini çeper nygtamak arkaly görkezmeklige ýykgyn etmegiň hem uly hyzmaty bar. Gowy adamlarda hem duşýan kemçiligi, ýaramaz diýilýänlerde hem gowy, goldarlyk häsiýetleriň bardygy ýaly çylşyrymly hem obýektiw durmuş hakykatyny bermeklik, gahrymanyň obrazynyň ösüşde görkezilişiniň duýarlyk öwuşgin almagy we gaýry täze alamatlar ýetmişinji ýyllaryň proza eserlerine mahsus hadysa öwrüldi.
B.Hudaýnazarowyň «Yzçynyň gözleri» powestiniň gahrymany Garataý aga ökde yzçy. Onda şol ukybyň bolup biljekdigini, bardygyny durmuş ýoly gowy ynandyrýar. Garataý aga ýaşlykda Garagumda aw awlap köp gezipdir. Soň çopançyllga başlapdyr. Şu maglumatyň özi okyja onuň bu ýolda uly tejribesiniň bolup biljekdigini aýdyp berýär. Şol esasda okyja okan zadyna ynanmaga, powestden alan maglumatynyň durmuş esasyny yzarlamaga, degşirmäge, göz ýetirmäge şert döredýär. Bu bolsa diňe eseriň süňňünde, aslynda ýazyjynyň beýan ediş stilinde analizleýjiligiň güýçli wagtynda mümkin bolýar.
Ýazyjy T.Jumageldiýew 1970-80-nji ýyllarda özboluşly obrazlaryň ençemesini döretdi. Onuň galamy ýazyjy hökmünde hut şu döwürde taplandy, kämil eserleri şu pursatda ýüze çykdy.
T.Jumageldiýewin «Ömür dawasy», «Başagaý» (1972) eserleri beýleki powestler bilen bilelikde ýetmişinji ýyllaryň türkmen prozasyny baýlaşdyrdy we şol eserleri üçin T. Jumageldnew Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy (1976). 1979-njy ýylda bolsa oňa «Bagrymyzyň badaşany» romany üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berildi.
Onuň eserlerine aktual hem möhüm temalary saýlap tutmaklyk, öwredijilikli psihologiýa mahsus. Eserlerdäki garşylygyň güýçlüligi, dartgynly dramatizm hem şu esasda döreýär. T.Jumageldiýewiň obrazyny dörelýän gahrymanlary sada adamlardandygy, şonuň bilen bir wagtda bolsa çuň ahlakly janköýer adamlardygy bilen tapawutlanýar. Ýazyjynyň döredijiligi basgançakdan basgançaga kämilleşdi. Obraza häsiýet bermekligiň üstünde ymykly işledi we göze görnüp duran ösüşi gazandy.
Bitewi hem gyzykly sýužet esasynda real obrazy janlandyrmakda T.Jumageldiýewiň «Başagaý» powesti aýratyn tapawutlandy. Powestiň baş gahrymany Gummat obada ýangyna garşy göreş işini alyp barýar. Ol sadadan ynanjaň, şonuň bilen bir hatarda öz işine jany-teni bilen berlen adam. Kolhozyň emlägini gözüniň göreji ýaly edip saklaýar. Ody dagadýanlaryň garşysyna lükgeligi bilen göreşýär, bu ýolda hiç hili howpdan elheder etmeýär. Obadaşlary ony gowy görýär, sadalygynyň üstünden güljek bolýanlar hem iş gyzzy-gyzza gelende ony ýeke goýmaýarlar, yzyna eýerýärler.
«Bagrymyzyň badaşany» romany T.Jumageldiýewiň döwürdeşlerimiziň obrazyny döretmekde gazanan şol üstünligini berkitdi. Romanyň kompozisiýasyndaky käbir dagynyklygy çeper tankyt belledi. Şonuň bilen bir wagtda hem çeper tankyt bu romanyň türkmen prozasyna uly goşant bolandygyny, ýazyjynyň häzirki zaman kolhoz obasyny suratlandyrmakda dogry hem batyrgaý pozisiýany eýeleýändigini, sada kolhozçy Gurduň we beýlekileriň ynandyryjy obrazlaryny döredendigini belledi. «Bagrymyzyň badaşany» romany arkaly türkmen prozasyna awtoryň belent ahlakdan, ata-baba parasadyndan gelýän çuň mähirliligi ornaşdy.
G.Kulyýewiň «Gara kerwen» romanynyň täzelikçiligi onuň döwrüň iň möhüm meselesini orta atýanlygyndadyr.
Belli prozaçy B.Seýtäkow bu döwürde «Doganlaryň» dördünji kitaby «Bedirkendi» (1972) ýazyp gutaryp, türkmen prozasynda taryhy-rewolýusion temanyň işlenişine önjeýli goşant goşan belli epopeýasyny jemledi.
N.Jumaýew «Jeýhunyň» yzysure belli bir derejede onuň dowamy bolan «Welaýat» romanyny ýazdy. Ýazyjynyň bu täze romýanynda kerkili daýhanlaryň azatlyk ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenlikleri suratlandyrylýar.
Bu döwrüň ahyrky ýyllarynda üç ýazyjynyň, üç romany peýda bolup, olaryň hemmesi hem XIX asyryň ortalarynyň we ondan soňky dööwrüň wakalaryna bagyşlanypdyr. Ýazyjy A.Taganyň «Saragt galasy» (1980) romany Hywa goşunlarynyň Saragtyň üstünden inip, parahat ilaty parçalaýyşlaryny hem ar-namys üçin galkynan halkyň olaryň garşysyna aýaga galşyny suratlandyrsa, N.Atdaýew «Geňeş» (1980) romanynda Mary türkmenleriniň rus raýatlygyna geçiş pursatyny janlandyrýar.
Ý.Mämmediýewiň «Şapak» romanynyň birinji kitaby hem ýaňky eserleriň döwri bilen ugurdaş gopýar. Romanda Garaoglan han Oraz ýagly, Gowşut han, Täç Gök serdar ýaly taryhy şahslar-da, Serdar, Ataşir epe, Abdyrahman, Goçmyrat, Döwlet ýaly çeper obrazlar-da bar. Elbetde, gahrymanlaryň köplügi entek edebiýatymyza aralaşan obrazlar ulgamyny doly aňlatmaýar. Entek olaryň köpüsi epizodik häsiýetde suratlandyrylypdyr.
Beýik Watançylyk urşy temasy türkmen edebiýatynyň iň bir ürç edip ýüzlenýän meseleleriniň biri boldy.
Watançylyk urşunyň weteranlary, ýazyjylar S.Ataýewdir N. Jumaýewiň «Gazapdyr» (1980) «Aýdogdy Tahyrow» (1979) romanlary bu jähtden ýörite gürrüň edilmäge mynasyp. Bu romanlar bilen bir hatarda uruş döwruniň ýaşlary Gylyçlydyr Saçlynyň söýgi dogrusyndaky oýlanmalaryny döwur hem ynsan ykbaly barasyndaky çynlakaý pikir ýöretmeler bilen utgaşdyran N. Hojageldiýewiň «Gülle degen sünbüller» (1974) romanydyr B.Öwözowyň Watançylyk urşy döwründäki kolhoz obasynyň keşbini çekýän «Sessiz agy» (1974) romany okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
Ýazyjylar bu romanlarynda frontdan uzakdaky türkmen obasynyň ýeňiş ugrundaky hereketlerini ählihalk aladasy bilen utgaşdyrmagy başarsa, R.Alyýewiň «Gahryman şäheriň ogly» (1978), A.Orazmyradowyň «Ýerden ot çykýar» (1977) romanlarynda faşistik leşgerler bilen aldym-berdimli söweşe giren esgerleriň gahry-mançylykly söweşleri hakynda gürrüň berilýär.
Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerine gatnaşan N.Jumaýew harby temadan ençeme eser ýazyp, «Aýdogdy Tahyrow» romanyna taýýarlykly geldi. Bu gahrymançylykly-biografik romanda Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň durmuş ýoly yzarlanýar. «Aýdogdy Tahyrow» romany prozamyzyň harby-watançylyk temasyna uly goşant boldy.
S.Ataýewiň «Gazap» romany harby-watançylyk häsiýetli edebiýatyň gaýragoýulmasyz meselelerini işlemekde örän erjel ýazyjynyň uly tagallasyna şaýatlyk edýär.
Ýetmişinji ýyllarda ýazyjy G.Şamyýew «Köýen ýyllar» (1972) hem «Ynsabyň jezasy» (1980) romanlary bilen türkmen edebiýatynyň seýrek ýüzlenilen meselesine aralaşyp, çarkandakly ýollara sezewar bolan ýetginjekleriň hakykatyň gözlegindäki başdan geçirmelerini yzarlaýar, milisiýanyň durmuşyna ýüzlenip, olaryň irginsiz aladalaryny teswirleýär. Ýaşlaryň durmuşda öz ornuny tapmak meselesiniň kynçylykly pursatlaryny uruşdan soňky döwrüň wakalary bilen baglanyşdyrýan ýazyjy döwletiň kanunçylygynyň mizemez esaslaryny dabaralandyrýar, saý-sebäp bilen ýalňyş ýola gadam uran Pendi hem Ýeniş ýaly ýetginjekleriň gözleglerini gyzykly wakalaryň üsti bilen janlandyrýar.
B.Kerbabaýewdir H.Derýaýew ýaly ýaşuly ýazyjylarymyzyň ýetmişinji ýyllardaky hyzmatlary hem uludyr. B.Kerbabaýewiň «Suw damjasy – altyn dänesi» (1973) romany döwrüň ýüzüni görkezýän belli eserleriň biridir.
«Aýgytly ädim» romanyndaky Artykdyr Aýnanyň watan hatyrasyny ar-namys bilen utgaşdyryp goraýan pursatlarynda dünýä inen ýaşajyk Babaly ýazyjynyň «Suw damjasy – altyn dänesi» romanynda Garagum kanalynyň gurluşygyndaky inžener Babaly Artykowiç bolup hereket edýär. Ol dürli halklaryň wekilleri bilen bir hatarda türkmen halkynyň asyrlyk arzuwyny, şonuň ýaly-da öz kakasynyň suw bolçulygy dogrusyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirmäge gatnaşýar.
Ýetmişinji ýyllaryň prozasy döwürdeşlerimiziň obrazyna barha içgin aralaşýar.
N.Hojageldiýewiň «Bagyşla, ýarym» (198o) romanynda Daýanjyň durmuş ýoly yzarlanyp, maşgala gatnaşygyna, talyplaryň iş-aladalaryna, şonuň ýaly-da žurnalistleriň hysyrdyly kärine giňişleýin orun berilýär. Gös-göni atlandyrylmasa-da edebi hereketleri boýunça intelligensiýanyň tanyş wekilleriniň ençemesiniň keşbini janlandyrýan bu roman wakalary gyzykly beýan edýänligi bilen hem ünsi özüne çekýär. Döwürdeşlerimiziň iş-aladalary dogrusynda söhbet açyp, jemgyýetiň ahlak keşbini açyp görkezýän hem asylly ahlak prinsiplerini dabaralandyrýan ýazyjy A. Atajanowyň «Öz tanyşlaryň» romany okyjylar arasynda uly seslenme tapdy. Intelligensiýanyň durmuşyna bagyşlanan bu romanda edebiýatçy alym Salamgulynyň öz sektor müdiri Serdar bilen çaknyşyklaryna uly orun berlip, galplyk bilen ylym ýoluna düşen näkesiň hakyky keşbi açylyp görkezilýär.
Ýazyjynyň «Öz tanyşlaryň» romany çeper hakykatyň belentliklerinden ugur alyp, 70-nji ýyllaryň türkmen jemgyýetiniň hakyky keşbini açyp berýär.
Ç.Aşyrow ýetmişinji ýyllarda proza žanryna geçip, bada-bat «Yzçy» (1970), «Ekizler» (1977) hem «Garry serdar» (1980) romanlaryny ýazdy.
Ç.Aşyrowyň okyjylaryň göwnünden turan «Yzçy» romany-da, onuň «Ekizlerdir» «Garry serdar» eserleri-de türkmen edebiýatynyň ady belli şahyrynyň prozada-da özüne ymykly orun alanlygyna şaýatlyk edýär.
Ýazyjy B.Hudawnazarowyň «Akar suwuň aýdymy» (1978) romany ýetmişinji ýyllaryň edebiýatynda uly seslenme tapdy. Gahrymanlarynyň başyndan geçen wakalary yzygiderli yzarlaýan adaty romanlarymyzyň kompozision gurluşyndan tapawutlanyp, bu ýerde wakalaryn ösüşi baş gahryman Ýalkanyň göz öňüne getirmeleriniň, pikir ýöretmeleriniň, sýužet ýordumynyň romanyň süňňüni düzýänliginden ybarat.
Tutuş türkmen edebiýatynda bolşy ýaly, ýetmişinji ýyllaryň prozasy-da uly ösüşleri başdan geçirdi. Türkmen prozaçylary bu döwürde durmuşyň dürli taraplaryna ýüzlenmek bilen oňa täzeçe çemeleşmegi hem başardylar, ussatlyklaryny artdyrdylar.
80-nji ýyllarda türkmen prozasynda täze bir ugur – detektiw häsiýetli dürli göwrümli eserler döredilip başlandy. Bu ugur ilkibaşda onçakly aýaklanyp gitmese-de soňky ýyllarda gowy taplanan detektiw ýazyjylaryň birnäçesi çeper prozanyň bu ugrunyň öňe gitmegine ýardam etdiler.
Geçen asyryň dowamynda türkmen detektiw edebiýaty özboluşly ugur hökmünde kemala geldi. Türkmen detektiw edebiýatynyň şu döwrüň içinde beren miwelerini göz öňüne getirmek üçin ýazyjy Gowşut Şamyýewiň ―Ynsabyň jezasy‖ atly romanyny, Ökdem Eminowyň ―Üçinji açar― , ―Aýratyn howply― romanlaryny, Petdi Magsymowyň ―Nili kesilen tüpeň― ,―Ak gapjyk― powestler ýygyndysyny, Annageldi Nurgeldiýewiň ―Sary seýfiň syry‖, ―Jülgede bolan waka‖ powestlerini ýatlamak ýeterlikdir. Bu eserleriň her biri okyjyny güýmemegi, ýöne bir yzyna „düşurmegi― maksat edinmän, eýsem ynsanperwerlik, adalatlylyk, dogryçyllyk, rehimlilik, watançylyk ýaly ideýalara ýugrulandyr.
Türkmen detektiw eserlerinde diňe bir jenaýatyň syrly, geň galdyryjy çözgüt ýordumy yzarlanmak bilen çäklenilmän, eýsem ýazyjy başga bir maksady – okyjylar auditoriýasyna terbiýeçilik maksady bilen täsir etmegi hem goýýar. Her bir türkmen detektiw eseri hem aýratyn özboluşlylyga eýe bolmak bilen öz içine gyzykly, tolgundyryjy syrly wakalaryň sýužetini alýar we her bir edilen hereketi jemgyýetiň ruhy-ahlak terezisine salyp, oňyn we täsin taraplarynyň halka edýän täsirini açýar.
Ökdem Eminowyň ―Aýratyn howply― romanynda waka çakyr zawodynda edilýän pussy-pujyrlyklary öz içine alýar. Zawodyň direktory, ekspeditor, ammar müdiri özara dil birikdirip, jenaýatçylykly herekete baş goşýarlar.
Adalatyň goragynda sak duran Möwlamberdiýewdir Begnazar dagynyň ýadawsyz zähmeti müdir Şärikliýewi mugyra getirýär. ―Hiçden giç ýagşy― diýlişi ýaly, müdiriň öz ýolynyň nädürsdigine ökünýändigi onuň görkezmesinden bellidir.
Ýazyjy Petdi Magsymowyň ―Nili kesilen tüpeň‖1 powestinde tersin gahrymanyň obrazy esasy obýekt hökmünde saýlanyp alnypdyr. Powestde hereket edýän gahrymanyň ters hereketleri onuň kadaly durmuş ýagdaýyndan tä jenaýatkär bolmagyna çenli düýpli yzarlanylýar we sebäpler derňelýär. Gahrymanyň ýaşaýyş durmuş keşbiniň doly derňelmegi bilen ýazyjy ýüzugra bir topar netijeleri çykaryp gidýär. Ýaşlaryň durmuşda goýberýän säwlikleriniň, ýol berýän hatalarynyň nämelere getirip biljekdigi baradaky hakykat aýdyňlaşýar. Baş gahrymanyň kakasydyr ejesi bilen gatnaşyklary-da okyjyny biperwaý goýmaýar, onuň emosional ýagdaýyna güýçli täsir ýetirýär.
1 Magsymow P. Nili kesilen tüpeň. Aşgabat, 1988.
2 Japarow Baba. Aladaly adamlar. Aşgabat, 1990.
3 Eminow Ö. Üçünji açar. Aşgabat, 1991.
4 Nurgeldiýew Annageldi. Sary seýfiň syry. Aşgabat, 1983.
Baba Japarowyň ―Aladaly adamlar‖2 eserinde hereket edýän tersin gahrymanlar Osipow bilen Magamedowyň obrazlary arkaly jenaýatyň tebigaty, jenaýatkärleriň ahlak keşpleri aýdyňlaşdyrylypdyr. Iki jenaýatkär ynsan ahlagyna düýbünden ters gelýän hereketleri bilen okyjynyň näletine duş bolýar. Jenaýatyň detallaýyn derňelmegi okyjyny gyzyklandyryp, şeýle hapa, haram işe bolan güýçli ýigrenji döredýär, jenaýatyň gutulgysyz netijelerini ýüze çykarýar.
Ökdem Eminowyň ―Üçinji açar‖3 romanynda hem adalaytyň dikelmegine ýardam etjek bolýan gahryman hereket edýär. Romanda oňyn we tersin gahrymanlaryň çeper keşpleri ussatlyk bilen suratlandyrylypdyr. Eserdäki wakalaryň köki jemgyýetçilik formasiýasynyň çalşan – sosialtik gurluşyň başlan döwrüne baryp direýär.
Üstüniň açylmagynda iki ýyl öň bolup geçen jenaýatyň sebäplerini tapyp bermegi talap edýän türkmen gojasy bilen agtygynyň arzy netijesinde gözleg başlanýar. Hut şu döwürde Çärjewde (Türkmenabatda) bolup geçen jenaýat kelebiň ujy bolup hyzmat edýär.
Annageldi Nurgeldiýewiň ―Sary seýfiň syry‖4 powestinde geň hem syrly ýagdaýda ýiten seýfiň gözlegine okyjynyň ünsi çekilýär. Kolhoz prawleniýesiniň seýfiniň ogurlananlygy barada ―Görelde‖ kolhozynyň baş buhgalteri Atda Begçerowyň görkezmesi netijesinde gözleg başlanýar.
Ýazyjy powestde durmuşyn birnäçe meselelerini gozgamagy başarypdyr. Powestde söýgi meselesine-de üns berlipdir. Kuwwat özüniň söýýän gyzy Humaýyň kakasynyň jenaýatçylyga dahylly bolup çykmazlygyny isleýär. Bularyň gizlin alşan hatlary jenaýatyň üstüniň açylmagynda möhüm bolup durýar.
A.Nurgeldiýewiň ―Jülgede bolan waka‖ powesti milli paýhasyň elementlerini özünde jemläp bilendigi bilen tapawutlanýar. Bu powestde-de ýazyjynyň söýgüli gahrymanlary Kuwwatdyr Ymamguly dagylar adalatyň gözleginde hereket edýärler.
Ýazyjy powestde terbiýeleýjilik häsiýetli meselelere-de uly üns beripdir. Goja Sertibiň çeper keşbini döretmek bilen durmuş hadysalaryny janly ýagdaýda açyp görkezýär. Onuň gaharjaňlygy, ýerliksiz namysjaňlygy, soňuny saýgarman nädürs hereketleri edişi hem-de şol hereketleriň netijeleri gowy aýyl-saýyl edilýär. Okyja bu obraz köp taraplaýyn täsir edip bilýär.
Ö.Eminowyň „Aýratyn howply― eseriniň ideal gahrymany Haýtguly öz işine paýhasly ýapyşýan, jogapkärçiligi duýýan keşp. Munuň şeýledigini onuň aşakdaky iç gepletmesinden görmek bolar.
―Galandarow hak aýdýar: biz haýallyga ýol berip, pursady elden gidirýäs. Ekispeditory, sklad müdirini bir wagt tutup bilerdik. Ýok, Huddykowyň beren görkezmeleri olary tutmak üçin ýeterli hukuk bermeýär. Men näme öz-özimi ýoldan sowjak bolýan? Haýytguly, ýoluňy ýitirme. Gyssanma, sen adam ykbaly bilen iş salyşýaň. Adam ykbaly bolsa oýunjak däldir. Ony oýnap bolmaz. Adamyň iň esasy baýlygy, biler bolsaň, azatlygydyr...‖ Soňky jümledäki pikirler her bir raýaty azatlygyň gadyryny bilmäge çagyrýar.
Romanda Begnazaryň keşbi hem nusga alarlykdyr. Ol döwlet bähbidi üçin, adalatyň dabaralanmagy üçin zawodda işçi bolmaga gynanmaýar. Öz işine erjel ýapyşmak bilen uly jenaýatyň üstüniň açylmagyna goltgy berýär. Duş gelen her dürli kynçylyklara döz gelýär. Işiň bähbidi üçin söýgilisinden wagtlaýynça bolsa-da jyda düşýär.
Ç.Aşyrow, A.Atajanow, B.Hudaýnazarow, A.Haýydow ýaly şahyrlar hem proza we dramaturgiýa žanryna ymykly aýak basdylar. T. Esenowa çeper publisistikada ençeme gowy eserler döretdi. Çagalar poeziýasy bilen iş salyşýan K. Taňrygulyýew, N.Baýramow, Ý.Pirgulyýew edebiýatyň proza žanryna ýüzlendi. Şu faktlara garanyňda türkmen edebiýatynyň poeziýa žanry beýleki žanrlar bilen deňeşdireninde has haýal ösjek ýaly. Emma hakykat beýle däl. Çünki poeziýanyň uly ussatlary bolan K.Gurbannepesowyň, M.Seýidowyň, H.Durdyýewiň uly tagallasy bilen türkmen poeziýasy ösüşiň täze basgançagyna gadam basdy. Onuň ösmeginde B.Hudaýnazarowdyr T.Esenowanyň, G.Ezizowdyr I.Nuryýewiň, N.Baýramowdyr Ý.Pirgulyýewiň mynasyp goşandy boldy.
Bu ýyllarda has-da K.Gurbannepesowyň, B.Hudaýnazarowyň, A.Haýydowyň, A.Atajanowyň, A.Kowusowyň, G.Seýitliýewiň, A.Kekilowyň we beýleki kabir şahyrlaryň döreden eserleri meşhurlyga eýe boldy.
Altmyşynjy ýyllaryň başynda poeziýamyza gelip goşulan zehinli täze nesiliň wekilleri G.Ezizow, A.Agabaýew, H.Kulyýew, K.Ylýasow, A.Gurbannepesow, B.Jütdiýew... ýaly şahyrlarymyz bu döwürde lirlkamyzyň ösüşine özboluşly goşantlaryny goşdular.
A.Kekilowyň «Söýgi», G.Seýitliýewiň «Adam we ykbal», A.Atajanowyň «Pozulan toý», K.Gurbannepesowyň «Taýmaz baba», «Ata we ogul», «Gumdan tapylan ýürek», «Kyrk», «Aýal bagşy», B.Hudaýnazarowyň «Gyzgyn sähra», «Döwrüň depesindäki adam», M.Seýidowyň «Durun mukamy», «Oba ertekisi», «Halyçy gyz Aýbölek», A.Kowusowyň «Ilkinji söýgi», A.Agabaýewiň, «Oswensimiň owazy» ýaly poemalar türkmen epiki poezýamyzda mynasyp orun tutdy.
Altmyşynjy ýyllardan başlap biziň poeziýamyzda poemalar ürç edilip döredilipdi. Ç.Aşyrowyň, K.Gurbannepesowyň, B.Hudaýnazarowyň, M. Seýidowyň agzalan uly göwrümli poemalary şol ýyllarda (1960—1966) döredildi.
K.Gurbannepesow tä soňky döwre çenli epiki poeama bilen meşgullanmagyny dowam etdirdi. Onuň «Aýal bagşy» atly iri göwrümli poemasy 60-njy ýyllaryň ikinji ýarymyndaky, ýetmişinji ýyllaryň başyndaky epiki poeziýamyzda ýeke-täk uly epiki poema boldy. Şahyr soňra «Ýürek poemasy» (1981) atly iri eseri bilen hem orta çykdy.
Ýetmişinji ýyllaryň başynda tanymal şahyr G.Seýitliýew bütin döredijilitini täzeden gözden geçirip, saýlanan eserler ýygyndysyny taýýarlamak bilen meşgullandy. Şahyryň «Bir tomlugy» türkmen poeziýasyna uly goşant bolup, lirikaniň ösüş badyny güýçlendiripdi.
A.Atajanowyň 1972-nji ýylda «Aýly agşam» atly goşgular ýygyndysy peýda boldy. 1978-nji ýylda «Men size barýan» atly saýlanan goşgular tomlugy okyjylara gelip ýetdi.
K. Gurbannepesow zehininiň doly güýjünde işlän bu ýyllarynda «Kyrk» (1967), «Aýal bagşy» (1972), «Bahar poemasy» (1973), «Ömür» (1975), «Toprak» (1978), «Menzil» (1979) atly goşgular we poemalar kitabyny okyjylara hödürledi. Ol ýggyndylardan «Ömür» hem «Menzil» şahyryň saýlanan goşgularydyr poemalar kitaby bolup durýardy. Öndümli işleýän şahyr M. Seýidow gürrüňi edilýän döwür içinde «Çöl rowaýaty» (1967), «Durun mukamy» (1970), «Bahar gündeligi» (1973), «Bahar bilen duşuşyk» (1976), «Bäşinji okean» (1979), «Liriki fantaziýa» (1981) atly goşgular hem liriki poemalar kitaplaryny okyja hödürledi.
A. Haýydowyň şu ýyllarda «Ýyllar hem tolkunlar» (1974), «Baky dirilik» (1979) kitaplary çap bolup çykdy. G.Ezizowyň, A.Agabaýewiň, H.Kulyýewiň, K.Ylýasowyň, B.Jütdiýewiň kitaplary hem gürrüňini edýän ýyllarymyzda köpçülige ýaýrady. Elbetde, bu ýygyndylaryň üstüne beýleki şahyrlarymyzyň hem ýygyndylaryny goşmak mümkin.
T.Esenowanyň «Saýlanan eserler» (1979), A. Omarowanyň «Ömrümiň güli» (1981) atly saýlanan eserler ýygyndylary poeziýanyň ösüş ýoluny has doly görkezýar.
Şahyrlar M.Seýidow, K.Gurbannepesow, H.Kulyýew, G.Ezizow, A.Agabaýew ähli zehinlerini orta goýup, poeziýadan başga žanra baş galdyrman diýen ýaly şahyrana gözlegler bilen iş salyşdylar. Netijede, altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda poeziýamyza bir topar duýgulara baý goşgulardyr liriki poemalar geldi.
A.Atajanowyň «Men size barýan» atly saýlanan goşgular kitaby onuň otuz ýyla ýakyn şahyrana döredijiliginiň iň oňat nusgalaryny özünde jemleýär. Bu bir tomluk A.Atajanowyň poeziýa žanry bilen yzygiderli iş salyşýandygyny, proza eserlerini döretmäge ýykgyn etse-de, lirikadan el üzmeýändigini oňat görkezýär.
A.Haýydow ahyrky ýyllarda «Söhbet» (1967), «Durmuş welin hezil zat» (1981) atly goşgular ýygyndylaryny okyjylara hödürledi. Ol ýygyndylar bilen içgin tanşanyňda, şahyryň ussatlygynyň ep-esli artandygyny duýsa bolýar. Bu ýygyndylarda şahyryň öňki ýygyndylaryndaky ýaly şirin owaza, ajaýyp duýgulardyr baý şahyrana pikirlere duş gelip bolýar. Esasanam şahyryň «Durmuş welin hezil zat» kitabynda agras pikirli, döwrümiz hakynda filosofik oýlanmalar bar. Awtoryň «Ömür», «Ýyllar ýatyr aramyzda», «Ömür dawasy», «Ebedilik hakda aýdym» we başga-da köp sanly goşgularynda döwürdeşlerimiziň oý-hyýallary öz beýanyny tapyp bilipdir.
Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty şahyr Nury Baýramow hem ençeme goşgular ýygyndylary bilen çykyş etdi. Olaryň arasynda «Maňa garaşyň» (1974), «Watan serhedi» (1976), «Belentlik» (1978) atly kitaplar bar. Bu kitaplaryň her biri N.Baýramowyň poeziýasynyň ösuş basgançagy bolupdy. «Menin hazynam» atly -saýlanan goşgular we poemalar kitaby onuň otuz ýyllyk şahyrana zähmetiniň ajaýyp netijesidi.
H. Kulyýew ýurekdeşlige baý, liriki duýga ýugrulan şygyrlary bilen poeziýa jedelsiz, uly halypa şahyrlaryň unamaklary bilen ýuwaş-ýuwaşdan girip gidipdi.
H.Kulyýewiň «Daň agarýar» (1967), A.Agabaýewiň «Epgek» (1969), K.Ylýasowyň, «Daýhan häsiýeti» (1966) atly ilkinji goşgular ýygyndylary ýaş türkmen poeziýaeyna üç sany özboluşly şahyryň gelendigini mälim edipdi. Bulardan bir az soňrak döredijilik işine başlan Gurbannazar Ezizowyň poeziýasynyň başky ädimleri çarkandagrak, jedelliräk bolupdy.
Ýaş şahyryň ilkinji «Ynam» (1971) atly goşgular ýigyndysynyň peýda bolmagy şol jedelleri, çekişmeleri birneme köşeşdirdi. Ol özboluşly şahyr hökmünde ykrar edilip başlandy.
Altmyşynjy ýyllaryň ikinji ýarymynda türkmen poeziýasyna gelen H.Kulyýew, A.Agabaýew, K.Ylýasow, G.Ezizow ýaly özboluşly ýaş şahyrlaryň hataryna biraz soňrak B.Jutdiýew, A.Atabaýew, A.Gurbannepesow ýaly zehinli ýaşlar hem goşuldylar. Netijede uly halypa şahyrlaryň özboluşly poeziýasynyň ösüşiniň dowamy görnüp ugrady, türkmen poeziýasynyň ösüş depginine itergi beriji ýaş, joşgunly güýçler ýüze çykdy.
A.Agabaýew başdan başlap, poeziýasy üçin raýatlyk ugry saýlap alypdy. Ol B.Hudaýnazarowyň, A.Kekilowyn, G.Seýitliýewiň, K.Gurbannepesowyň poeziýasynyň gowy taraplaryndan täsirlenip, ýiti filosofik äheňli, syýasy hyjuwlylyga ýugrulan şygyrlar döretmek uçin çalyşdy. Şahyr öz şygyrlaryny täsirli etmegiň ýoluny gözleýär.
Altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda lirikamyzyň joşgunly ösüşiniň täsiri bilen epiki poeziýamyz liro-epiki ýa-da liriki poemalara ýykgyn edip ugrapdy. Epiki poeziýa öwrenişen K.Gurbannepesow hem bu ýyllarda birnäçe liriki poemalar döretdi. Şahyryň «Kyrk», «Ynsan bilen ynsap», «Bahar poemasy», «Alada» eserleri şol ýyllaryň önümidir, Owunjak şygyrlaryň ussadyna öwrülen M.Seýidow «Durun mukamy», «Halyçy gyz Aýbölek», B.Hudaýnazarow «Perzent poemasy», «Syýahat», A.Kowusow «Ene hem ogul», A.Haýydow «Göwher», «Partizan poemasy», N.Baýramow «Hanhowuz», «Magtymtuly», «Çöldäki gudrat», A.Omarowa «Daşdan dokalan haly» poemalary bilen çykyş etdi. Şeýlelikde, altmyşynjy ýyllaryň ikinji ýarymynda uly göwrümli türkmen poemasy az peýda boldy. K.Gurbannepesowyň «Aýal bagşy» (1967) we birlän-ikilän uly göwrumli epiki poemalar çap edildi. Elbetde, sanlyja epiki poema poeziýamyzda azlyk edýärdi, şeýdip altmyşynjy ýyllaryň ahyrlary liriki poemalaryň döwri boldy.
K.Gurbannepesowyň «Ýaşlyk dramasy» atly eseri şowsuz söýgä bagyşlanan şahyrana gimndir. Söz ussady ýetginjeklik ýyllary kynçylykly uruş döwründe gabat gelen hakyky söýgüsini şahyrana ýangynlylyk, ýagty ýatlamalar arkaly suratlandyrýar. Suýji, şol bir wagtyň özünde-de hesretli ýatlamalaryň içinden örboýuna galýan söýgi okyjylaryň ýüregine söýgi şerbetini guýýr.
G. Ezizow «Söýgi» atly sonetler çemenini ýazyp, goşgy bilen ýazylan liriki poemanyň bu formasyny türkmen poeziýasyna ilki sapar girizdi. Şahyryň «Güýz», «250.000.000» atly liriki poemalary hem poeziýamya uly goşant bolupdy. Şahyr bu poemalaryň birinjisinde altyn güýz çagynda oýuna gelen şatlykly-gaýgyly duýgularyny okyjylary bilen paýlaşsa, adamyn ýer ýüzündäki ömrüniň manysy dogrusynda käte gamgyn, käte düýnewi pikir ýöretse, ikinji poemasynda halkyna, ýurduna bolan söýgüsini joşgun bilen daşyna çykarýardy.
«Meniň neslim» poemasyndan başy ýaşlanan ýiti publisistik pafosy giň gerime eýe bolupdy. Bu ýyllarda A.Agabaýew hem üç sany liriki poema bilen çykyş etdi. «Hatyn daşlary», «Gyr atly», «Maý deklarasiýasy» atly poemalarynda şahyr döwrüň iň möhum meselelerine öz sesini goşmaga çalşypdy.
K.Gurbannepesowyň bütin döredijiliginiň dowamynda döreden iň onat goşgularyny, käbir poemasyny öz içine alýan «Menzil» atly kitaby türkmen poeziýasyny has-da baýlaşdyrdy. Ol ýygyndyny okanymyzda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi K.Gurbannepesowyň bütin döredijiligini türkmen poeziýasynyň öňe tarap batly gadamlar urmagyna bagyş edip, Watanyna, halkyna çyn ýürekden hyzmat edendigini, ýazyjylyk borjuny artygy bilen ödändigini, kamilligiň ýokary belentliklerine galandygyny duýýarys. Şu sözleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi B.Hudaýnazarowyň «Ene süýdi» (1978) atly kitaby, umumy poeziýasy hakynda-da aýtmak mümkin. Bu ussat hem pikire, duýga baý goşgulary, poemalary bilen türkmen poeziýasynyň güýjüne güýç goşdy.
Şahyr A.Atajanowyň «Men size barýan» (1978), Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi A. Haýydowyň «Durmuş welin hezil zat», N.Baýramowyň «Meniň hazynam», şahyr A.Omarowanyň «Ömrümiň güli» atly saýlanan goşgular we poemalar kitaplary hem türkmen poeziýasynyň dürli öwüşginlere baý bolmagy üçin uly goşant boldy.
Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty G.Ezizowyň «Serpaý» (1978) atly saýlama goşgular we liriki poemalar ýygyndysy hem türkmen poeziýasyna özboluşly akym bolup goşulyp gidipdi.
Şahyryň gysga ömründe bir topar ajaýyp, türkmen poeziýasynyň taryhynda ömürlik galjak eserler döretmäge ýetişendigini; sol ýygyndygan we «Güýz» (1978) atly goşgular kitabyndan görse bolýar.
Göz giderlik derejede öndümli hem ýokary hilli işleýän ussat şahyrymyz M.Seýidowyň «Bahar bilen duşuşyk» (1976), «Bäşinji okean» (1979), «Liriki fantaziýa» (1981) atly goşgular, poemalar kitaplary ýetmişinji ýyllaryň türkmen poeziýasynyň bir sütüni, bolup durýardy.
Zehinli şahyrlarymyz Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri H.Kulyýewiň «Säher salamy» (1977), A.Agabaýewiň «Günleriň bir güni» (1977), «Çalsana, bagşy» (1980), K.Ylýasowyň «Gözbaş» (1978), B.Jutdiýewiň «Bagyşlanýar» (1979), A.Gurbannepesowyň «Baýdak» (1977), A.Atabaýewiň «Çuňluk» (1979) atly kitabyndan hem türkmen poeziýasynyň hazynasyna birnäçe ajaýyp goşgular, liriki poemalar goşuldy. Bu ady atzalan şahyrlaryň, eserleriň üstüni poeziýa bilen çynlakaý iş salyşýan, zehinli aýry-aýry şahyrlaryň ady bilen ýetirip bolardy. Bularyň hemmesi birigip, türkmen poeziýasynyň ajaýyp sepgitleri başdan geçirendigini, täze goşgular ýygyndylarynyň kämilligiň ýokary basgançagyna galandygyny, baýry şahyrlarymyzyň saýlanan eserler ýygyndylarynda köp ýyllap gazanan üstündikleriniň jemini jemländigini aýdyňlaşdyrýar.
Türkmen dramaturgiýasy hem bu döwrüň dowamynda esli derejede özüni tijedi.
Belli dramaturg G.Muhtarow bu ýyllarda hem öndürijilikli işledi. Dramaturg «Kim jenaýatkär», «Şeýtan zurýatlary», «Brigadir», «Agtyklam bolsa öýlenjek», «Soňky ok», «Wýetnam gelni», «Owadan» ýaly ençeme pýesasyny döretdi. Şol eserler biziň häzirki zaman durmuşymyza degişli bolup, olarda kemally obrazlaryň ençemesi döredildi.
Bu döwrüň dramaturgiýasy türkmen gelin-gyzlarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň itline höwesli gatnaşyşyny, öz ykballaryny çözmek ugrundaky göreşlerini suratlandyrmak arkaly olaryň obrazyny döretmek bilen uly üstünlik gazandy.
R.Allanazarowyň «Perzendindäki» Togtagül, Atamyrat Täjowyň «Temeni haltada ýatmazyndaky» Aýsoltan, G.Gurbansähedowyň «Duzuň tagamyndaky» Maral, «Tawusdaky» Tawus, T.Gurbanowyň «Ýürek odundaky» Maman, G.Muhtarowyň «Brigadirindäki» Seýdüllaýewa, «Agtyklam bolsa öýlenjekdäki» Jahan, M.Gurbangylyjowyň «Çalaran başlaryndaky» Sadap, Zyba, Suraý, «Güýjündäki» Näzik, T.Taganowyň «Sülçüsindäki» Kiçigyz, B.Hudaýnazarowyň «Baharyň demindäki» Dürnabat, T.Jumageldiýewiň «Jenaýatyň bosagasyndaky» Jennet, Çary Gullaýewiň «Öz obamyň lälesindäki» Gülkamar, T.Esenowanyň «Gelin gelýäsindäki» Ülker we ýene şuňa meňzeş obrazlar durmuşdaky kynçylyklaryň öňünde mertlik bilen durup, her bir çylşyrymly meselede akylly-başly hereket edýän keşpler hökmünde tomaşaçylary begendirdi.
Türkmen dramaturgiýasynda bu döwürde taryhy temada we soňky döwrüň syýasy-jemgyýetçilik wakalaryny suraglandyryp görkezýän pýesalar döredildi. G.Kulyýewiň «Emiriň ilçisi» (1971), A.Atajanowyň «Men size ynanýan» (1971), G.Gurbansähedowyň «Dökülmedik gan» (1972) pýesalary gowgaly günleriň taryhy wakalaryna bagyşlandy.
G.Gurbansähedowyň «Dökülmedik gan» pýesasyndaky waka Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda ýigriminji ýyllaryň ikinji ýarymynda bolup geçýär. Eseriň merkezinde Gaýgysyz Atabaýewiň, Melkumowyň, Çowduryň, Selim bagşynyň, Juma Durdyýewiň, Hojaýewiň, Esen şyhyň, Jüneýit hanyň obrazlary esasy orun tutýar. G. Gurbansähedowyň «Duzuň tagamy», «Tawus» eserleri temasynyň wajyplygy bilen her bir okyjynyň ünsüni özüne çekýär, olarda döwrüň islendik meseleleri orta atylýar, emma şolaryň çözgüdinde hem-de konfliktiň süňňünde ýasamalyk duýulýar.
Türkmen edebiýatynyň taryhynyň dürli döwürlerini yzygiderli öwrenilmäge hut şu döwürden girişildi. Türkmen edebiýatynyň ýigriminji ýyllarynyň (R.Rejebow, B.Şamyradow, K.Baýrammyradow), otuzynjy ýyllarynyň (K.Baýrammyradow we başgalar), soňky döwür türkmen prozasynyň (E.Atdaýew) ýagdaýlary ylmy taýdan birin-birin degşirildi.
Ö.Abdyllaýewiň monografik häsiýetde ýazylan «Türkmen prozasynda däp we täzeçillik» diýen işi we onuň yzysüre ýüze çykan makalalar tapgyry edebi jemgyýetçilik tarapyndan gowy garşylandy. Awtor Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldy. J.Allakowyň edebiýatyň häzirki döwrüne degişli ýazan makalalar ýygyndysy hem giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Edebi tankydyň ösmegine D.Nuralyýewiň, S.Myradowyň we başgalaryň goşantlary uludyr.
Düýpli edilen işleriň biri hökmünde S.Garryýewiň ýolbaşçylygynda awtorlaryň uly toparyniň güýji bilen ýazylan we Ylym we tehnika baradaky döwlet baýragyna mynasyp bolan «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň»1-3 tomlary edebiýaty öwreniş ylmynyň uly üstünligidir.
Şunuň özi Türkmenistanda edebiýat ylmynyň we edebi tankydyň barha ösýändigine güwä geçýär.
Bu döwürde görnükli ýazyjylarymyz T.Esenowa, B.Hudaýnazarow, T.Jumageldiýew, K.Taňrygulyýew, N.Baýramow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna, ýaş doredijiler A.Agabaýew, H.Kulyýew, I.Nuryýew Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular.
80-nji ýyllarda edebiýatyň wepaly esgerleri bilen birlikde täze goşulan zehinli ýaşlaryň tagallasy bilen döwrüň edebi gadamlary has-da ilerlendi. Edebiýat meýdanyna täze gadam basan Atamyrat Atabaýewiň, Nobatguly Rejepowyň, Sapar Öräýewiň, Ahmet Mämedowyň, Orazguly Annaýewiň, Oraz Ýagmyrowyň, Rahym Esenowyň, Hojanepes Meläýewiň, Juma Hudaýgulyýewiň, Rejepmyrat Durdyýewiň, Hemra Şirowyň, Gurbanýaz Daşgynowyň, Atajan Annaberdiýewiň, Gözel Şagulyýewanyň, Näzik Annatyýewanyň, Sona Ýazowanyň, Azat Rahmanowyň, Kasym Nurbadowyň... döredýän eserleri ozalky geçilen edebi döredijilik ýolunyň nysgalygyny özleşdirip, täze belentliklere tarap şaýola düşdi.
Öwrenilýän döwri türkmen edebiýatynyň doly derejede kämillik menzilleri hasaplamak bolar. Bu döwrüň içinde edebiýatymyzyň zehinli doredijilik wekilleriniň giden tapgyry bilen baýlaşmagy, dünýä derejesine çykarmaga hem doly mynasyp bolan eserleriň döredilmegi munuň subutnamasydyr. Ýöne entek munuň özi edebiýat wekilleriniň arkaýynlaşmagyna ýol bermeýärdi. Sebäbi dürli zyýanly täsirlerden azat bolan, sözüň doly manysyndaky edebiýaty döretmeklik meselesi öňde keserip durdy.

Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin