T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Güseýin Muhtarowyñ ömri we döredijiligi



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə25/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Güseýin Muhtarowyñ ömri we döredijiligi
(1914-1980)
Terjimehal maglumatlar. Dramaturg G. Muhtarow 1914-nji ýylda Eýranyň Maşat şäherinde saraýmanyň maşgalasynda dünýä inýär. Çagalykda ýetim galan oglanjyk durmuşyň agyr synaglaryna çydaman, 1926-njy ýylda Maryda ýaşaýan uly agasynyň kömegi bilen Türkmenistana gelýär. Bu ýerde ol mekdep-internata ýerleşýär. Geljekki dramaturg zahmet ýoluny mugallymçylykdan başlaýar.
Ol 1932-1944-nji ýyllarda mugallymçylyk edýär. 1942-1944-nji ýyllarda ol Mary welaýaty boýunça Ýazyjylar birleşiginiň maslahatçysy bolup işleýär. 1944-4945-nji ýyllarda edebiýat we sungat işgärleriniň topary bilen fronta gidýär. Soňra Medeniýet ministrliginiň Sungat işleri boýunça edarasynyň baş redaktory (1945-1948) wezipesinde zähmet çekýär.
Dramaturg Ýazyjylar birleşiginiň jogapkär kätibi (1953-1955), şol birleşigiň Ahal welaýaty boýunça maslahatçysy (1956-1958) wezipelerini ýerine ýetirýär. 1960-1962-nji ýyllarda Kinematografiýaçylar birleşiginiň, soňra Kinematografiýa komitetiniň başlygy (1964-1965) bolup işleýär. Dramaturg «Turkmenfilm» kinostudiýasynyň «Naýza» satiriki žurnalynyň baş redaktory, Ýazyjylar birleşiginiň maslahatçysy (1972-1973) wezipelerinde işleýär. 1973-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli döredijilik işi bilen meşgullanýar.
G.Muhtarow M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynda (1948-1953), Butinsoýuz kinematografiýa institutynyň ýanyndaky iki ýyllyk kinossenariçilik okuwynda (1968-1970) okaýar.
Okuwyny tamamlap gelenden soň dramaturg dürli wezipelerde zähmet çekýär.
G. Muhtarow «Zähmet Gyzyl Baýdak», «Hormat Nyşany» ordenleri, medallar, üç gezek Türkmenistan SSR Ýokary Sowetniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglanýar we SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar.
Türkmen dramaturgiýasyny belentlige tarap alyp giden zehinli dramaturg 1980-nji ýylda aradan çykdy.
Döredijilik häsiýetnamasy. G. Muhtarow döredijilik işine 1941-nji ýylda başlaýar. Ol beýleki türkmen ýazyjylarynyň köpüsi ýaly, döredijilik işine şygyr ýazmakdan başlaýar. Ýöne ol goşgularda hakyky poeziýa mahsus bolan inçe duýgy, çuňnur oýlanmalar kemterlik edýärdi.
G.Muhtarow ýaşlygyndan drama gurnagyna gatnaşyp, ençeme keşpleri ýerine ýetirýär. Hut drama gurnagynda ol teatryň manysyna düşünýär we käte bir aktly pýesalar ýazmaga-da synanyşýar.
Dramaturg 1939-njy ýylda «Çopan» diýen ilkinji pýesasyny döredýär. Ol pýesa tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylanýar. Bu ýagdaý Güseýinde öz zehinine bolan ynam döredýär we ony döredijilik işine ruhlandyrýar.
G. Muhtarowyň Bekge Pürliýew bilen bilelikde ýazan köp aktly «Men başlyk» (1946), «Söýgi we töhmet» (1947), «Arzuw» (1948) atly pýesalarynda döwrüň möhüm meseleleri barada gürrüň gozgalýardy. Bu eserler şol wagt gowy pýesalara mätäç dramaturgiýamyzyň öňe gitmegine goltgy beripdi. Dramaturgyň G. Seýitliýew bilen bilelikde döreden «Kümüş gapyrjak» (1948), «Bagbanyň gyzy» (1949), «Çopan ogly» (1949) pýesalary öz döwründe uly ähmiýete eýe bolupdy.
G.Muhtarow dramaturg hökmünde döredijiliginiň başky etapyny ululy-kiçili pýesalar döretmekden başlady we esli tejribe toplady. Awtoryň özbaşdak ýazan pýesalarynyň köpüsi halkyň söýgüsine mynasyp boldy. Dramaturgyň «Jemal» atly bir perdeli pýesasy 1947-nji ýylda geçirilen Bütinsoýuz bäsleşikde üçünji baýrak bilen bellenen bolsa, «Allan aganyň maşgalasy» dramasy üçin G.Muhtarow SSSR-iň Döwlet baýragyna mypasyp bolupdy. G. Muhtarowyň «Murgabyň kenarynda» (1961) atly komediýasy-da rus diline geçirilip, beýleki halklaryň teatrlarynda sahnalaşdyryldy.
Dramaturg «Dostlar», «Süýjiniň ajy çagy», «Hiç kim bilmeli däl», «Kim jeza çekmeli» ýaly bir perdeli pýesalaryň hem awtorydyr. Bu pýesalar birnäçe dile terjime edildi we ençeme halklaryň teatrlarynyň sahnasynda goýuldy.
G.Muhtarow Magtymguly adyndaky Opera we balet teatry üçin ýazylan «Ajaýyp tebip», «Sähra» artly baletleriň, «Gunça» we Gara Seýitliýew bilen bilelikde däredilen «Aýna» diýen operalarynyň librettolarynyň hem awtorydyr. Şonuň ýaly-da dramaturgyň pýesalarynyň birnäçesiniň esasynda kinofilmler döredildi.
G.Muhtarowyň eserleri tematika taýdan dürlüdir we gozgaýan meselesi wajypdyr. Dramaturgyň eserleri häzirki zaman temasyna bagyşlanandyr. Awtoryň «Otuzynjy ýyllar» hem-de «Ajaýyp tebip» atly dramalaryndan başga haýsy eserini alsaň-da, olarda döwrümiziň düýpli meseleleri gozgalýar.
Dramaturg öňe sürülýän ideýany tomaşaçylara doly ýetirmäge çalşyp, dürli usullara, formalara ýüzlenýär. Mysal üçin «Murgabyň kenarynda», «Daň atanda» pýesalary goşgy, «Kim jenaýatkär?» dramasy dialog formasynda döredilipdir.
G.Muhtarowyň döredijiligini üç döwre bölüp öwrenmek maksada laýykdyr. Onuň «Otuzynjy ýyllar» dramasyna çenli döreden pýesalary döredijiliginiň başlangyç döwrüne degişli. Şol eserden «Şeýtan zürýatlaryna» çenli ýazylan dramalary döredijiliginiň ikinji döwrüni öz içine alýar. Soňky ýyllar dramaturgyň döredijiligi ösüşiň üçünji basgançagydyr.
G. Muhtarowyň döredijiliginiň başky döwründe döreden «Allan aganyň maşgalasy» (1947) pýesasy tutuş türkmen dramaturgiýasynda hem gazanylan uly üstünlikdir. Şu pýesa esasynda 1957-nji ýylda «Maşgalanyň namysy» atly film döredildi.
Dramada janly adam häsiýetleri ussatlyk bilen açylyp görkezilip, pýesanyň dramatizmi güýçlendirilipdir, gahrymanlaryň durmuşynyň iňňän dartgynly pursatlarynyň seçilip alnyp, dramaturgyň öňde goýan möhüm ideýasy ussatlyk bilen orta atylypdyr.
Sýužeti jebis ýagdaýda gurlan bu dramada wakalar biri-birleri bilen berk baglanyşýarlar. Eserde adam häsiýetleri wakalaryň ösmegi netijesinde ösüşe hem özgerişe eýe bolupdyr
Dramadaky wakalar köp ýyllap sap zähmeti bilen ýaşap gelýän, lebzi halal demirýol maşinisti Allan aganyň maşgalasynda ýaýbaňlanýar. Eserde esasy garşylyk Allan aganyň uly ogly Baýram bilen maşgalanyň beýleki agzalarynyň arasynda döreýär. Bu garşylygyň aňyrsynda bir maşgalanyň däl-de, tutuş jemgyýet gatnaşyklarynyň çuňňur many-mazmuny ýatyr.
Allan aganyň maşgalasynda birek-birek bilen ysnyşykly gatnaşyk, birek-birege hormat goýmak, janypkeşlikli zähmet çekmek ýaly sypatlar berk ornaşypdyr.
Kolhoz başlygy Baýram kolhozyň emlägine el gatyp, jenaýata ýüz urýar. Şonuň netijesinde, maşgalanyň beýleki agzalary bilen Baýramyň arasynda garşylyk döreýär. Ol özüniň wezipesine baýrynyp, kolhozyň sürüsinden 6 sany goýny öz hajatlary üçin ýoklaýar we «olar öldi» diýip, delilnama ýazmagy kolhozyň hasapçysy Alty Soltanowa tabşyrýar. Baýram bu hereketi bilen jenaýat edýändigine, düzgüni bozýandygyna düýpli düşünenok. Baýram kolhozyň gazanan üstünliklerini-de diňe öz hyzmaty hasaplaýar. Baýramyň özdiýenli, keçje bolmagy onuň öz ýalňyşlaryna düşünmegine päsgel berýär.
Eseriň ahyrynda Allan aganyň, Atanyň we beýlekileriň aýgytly barlyşyksyz hereketleri Baýramy çuňňur pikirlenmäge mejbur edýär. Baýram agzybir maşgala agzalarynyň edýän adalatly talaplaryny ýerine ýetirmäge, öz günäsini kolhozçylaryň öňünde açyk aýtmaga razy bolýar.
G.Muhtarow Allan aganyň keşbinde türkmen dramaturgiýasynda ilkinji gezek özboluşly türkmen işçisiniň keşbini döretdi...
Bütin ömürboýy halal ýaşan Allan aga ogly Baýramyň kolhoz emlägine hyýanat edendigini eşidende, bu ýagdaýy öz maşgalasynyň namysyna, onuň päkligine şikes ýetirildigi hasaplaýar. Baýramy berk ýazgarýar. Allan aga oglunyň bu gabahat işini ýüregine sygdyryp bilmän, özünden gidip ýykylýar.
Agasynyň hädogry hereketlerini ýazgarmakda, onuň günäsini boýnuna goýmakda Allan aganyň ortanjy ogly Ata hem iseňňir hereket edýär. Ata salykatly, parasatly, sypaýy ýigit. Emma ony dogany Baýramyň jenaýatçylykly hereketi çäksiz gaharlandyrýar. Ol öň uly hormat goýup ýören doganynyň garşysyna aýgytly çykyş edýär. Ata medeniýetli, düşünjeli ýigit. Ol Baýramyň tersine, Alty billen Ýazgülüň süýgüsine duýgudaşlyk bildirýär. Olaryň bilelikde teatra gitmeklerine garşy bolmaýar.
Pýesanyň obrazy şowly çykan gahrymanlarynyň biri Ýazgül Moskwa konserwatoriýa gitmäge taýýarlanýar. Ýazgül çaga ýaly göwni açyk gyz. Pýesada ol hem maşgalanyň namysyny goramak meselesinde çetde durmaýar.
Ganym uruş döwri Orsyýetden göçürilip getirilen we Allan aganyň maşgalasynyň bir agzasyna öwrülen Zinanyň keşbi mähirliligi, ýürekdeşligi, my-lakatlylygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Agzybir türkmen maşgalasy Zina ata-ene küýsetmändir. Zina Allan aganyň maşgalasyna çäksiz minnetdar. Onuň ähli agzalaryny tüýs ýürekden söýýär. Ýöne örän medeniýetli we sypaýy gyz bolsa-da Zina hem Baýramyň jenaýatyny ýazgarýar. Türkmen dramaturgiýasynyň döremeginde we ösmeginde belli dramaturg G. Muhtarowyň bitiren hyzmatlary uludyr. Ol dramaturgiýa žanryna wepaly bolup, kyrka ýakyn pýesany bize miras galdyryp gitdi. Türkmen dramaturgiýasynyň doly derejede kemala gelmegi hem G.Muhtarowyň edebi mirasy bilen berk baglanyşyklydyr.

Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin